Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝYLAN ÇAKMALARDA BERILÝÄN KÖMEK (Täzelenen)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Ýeriň üstünde gezýän zäherli jandarlaryň arasynda ýylan adam üçin has howplydyr. Esasan hem kepjebaşyň (rus dil. – kobra), alahöwreniň (rus dil. – gadýuka), göklorsyň (rus dil. – gýurza), gömülgeniň (rus dil. – pesçannaýa efa) zäherleri uly howplylygy bilen tapawutlanýarlar.

Dürli ýylan maşgalalarynyň zäheriniň düzümi (belok, fermentler, organiki däl maddalar) meňzeş bolsa-da, aýry-aýry görnüşlerine aýratynlyklar mahsusdyr. Meselem, kepjebaşyň we deňiz ýylanlarynyň zäheriniň düzüminde neýrotoksinler bardyr. Olar myşsalara barýan nerw geçirijiligi bozup, beden we dem alyş myşsalarynyň ysmazyna getirip biler. Zäherlenen adam we haýwan dem almanyň kesilmeginden ölýärler.

Alahöwreniň zäheri gan damarlarynyň diwarlarynyň gowşamagyna hem-de ganyň suwuklanmagyna getirýän fermentler toplumyny saklaýar. Ondan başga-da, zäher beden dokumalaryndan biologiki işjeň maddalaryň çykmagyna itergi berýär. Bu üýtgeşmeleriň toplumy, beden agzalarynda gan aýlanşygynyň bozulmagyna getirýär.

Zäherli ýylanlaryň daşky görnüşinde hem özüne mahsus alamatlar bardyr. Hemme zäherli ýylanlaryň kiçijik yş görnüşli gözleri bolup, kellesi üçburç şekillidir. Adaty alahöwren her dürli öwüşgünli reňkde duş gelse-de, esasan, goňrumtyl reňkde bolýandyr. Onuň arkasynda özboluşly çyzyklaryň suratyny görüp bolýar. Kepjebaşyň çalymtyl-gum we goňur reňkli uludan galyň bedeni bardyr. Onuň arkasynda keseligine süýndirlen tegmiller görnüşde suratlar çekilendir.

Gömülgen öwüşgin atyjy gum reňkli bolup, bütün bedeniň uzynlygyna uly ak tegmilleri görüp bolýar. Onuň kellesinde hajyň şekili bardyr.

Zäherli ýylanlaryň özboluşly häsiýetleri hem bardyr. Meselem, kepjebaş hüjüm edende, özüniň uzynlygynyň 1/3 bölegine barabar aralyga süýşüp bilýändir. Onuň özüne mahsus hüjüm ediji häsiýeti hem bolýar: bedeniň öňki bölegini ýokary galdyryp, kellesiniň gapdalyndaky ýygyrtlary ýayyp we tarapdan tarapa yranyp, hyşşyldaýandyr. Göklors topuljak bolanda, dim-dik ýokary galyp, yza gaýyşýandyr. Gömülgen hajy ýa-da uçup barýan guşy ýadyňa salýan suratly kellesiniň daşyna towlanyp ýatýandyr.

Zähersiz ýylanlar çakanda, bedende iki sany inçeden ownuk dyrçanak galýandyr. Zäherli ýylanlaryň çakmagy hem iki dyrçanan yz galdyrýandyr, ýöne olaryň hersiniň soňunda gyýak dişleriň deşen ýerleri görünýändir.

Ýylan çakma netijesinde adamda aşakdaky alamatlar ýüze çykýar:

↣ aýdyň bildirýän bir ýa-da iki sany nokatjyklar görnüşli ýara ýa-da dyrçanak;

↣ çakylan ýeriň çişmegi we agyrmagy;

↣ adamda ysytma tutmanyň başlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, ukuçyllyk, gaýtarma, derleme ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy;

↣ görşiň kynlaşmagy, gözüň öňünde şekilleriň ikilenmegi;

↣ dem alşyň kynlaşmagy.

Ýylan çakmalarda berilmeli ilkinji kömege degişli çäreler aşakdakylardan ybaratdyr:

↪ Aljyramaň! Tizden-tiz lukmançylyk kömeginiň yzyndan ýoldaşyňyzy iberiň. Ýeke özüňiz bolsaňyz, mümkin boldugyndan "Tiz kömegi" özüňiz çagyryň;

↪ Ýylan zäheriniň bedene ýaýramazlyy üçin hereket etmegiňizi çäklendiriň. Zäheriň gan damarlary bilen däl-de, limfa damarlaryň üsti bilen ýaýraýanlygyny belläp geçmelidir. Hereketsiz agzada limfanyň hereketi çäklidir. Şonuň üçin hem dişlenen adamyny ýatyrmak zerur bolup durýar. Zyýan çeken aýagy gymyldamaz ýaly sag aýagyna daňyp goýuň. Eger adamyň elinden ýylan çakan bolsa, ony epip saklaň;

↪ Dişlenen ýarany 5%-li iodyň spirtli ergini ýa-da 1%-li göwherli ýaşylyň ergini bilen arassalaň. Ýara ýere arassa, basyjy sargyny daňyň. Dişlenen ýeriň çişme derejesine baglylykda, sargyny gowşadyp durmagy ýatdan çykarmaň;

↪ Heläk bolan adama köp suwuklyk (çaý, suw) içirmäge çalşyň. Köp mukdarda içilen suwuklyk bedenden zäheriň çykmagyna kömek edýär;

↪ Zerurlyk ýüze çykanda emeli dem beriş we ýüregi owkalama çärelerini geçirmäge taýyn boluň;

↪ Heläk bolany haýal etmän, ýakynda ýerleşýän lukmançylyk edarasyna ýetirmäge çalşyň. Keselhanada oňa ýylan zäherine garşy syworotka goýberip, bedeni zähersizlendirme çäresini geçirerler.

Ýylan çakmalarda aşakdaky çäreleri geçirmek gadagandyr:

⇒ Dişlenen ýeri atanak görnüşli dilme ýa-da kesip aýyrmak düýbünden ýalňyşlykdyr. Näbelli hapa zatlar bilen (pyçak, aýna bölegi) ýarany kesme, onda ýokançlyklaryň döremegine getirýär;

⇒ Ýara otda gyzdyrylan zatlary ya-da gyzgyn küli basma peýdaly netijäni bermeýär. Sebäbi ýylanyň zäherli dişleriniň uzynlygy 1 sm-e ýetýändir we zäher çuň aralyga goýberilýändir. Zatlar bilen ýüzleý ýakma zäheri dargadyp bilmeýär. Ýakylan ýerde bolsa, kesmek döräp, iriňleme ýagdaýlary başlanyp biler;

⇒ Dişlenen ýeriň ýokarsyna žgut goýmadan (ýa-da başga zatlar bilen daňmadan) saklanyň. Zyýan çeken aýaga ýa-da ele žgut goýmak, adamyň ýagdaýyny agyrlaşdyryp, ölüm ýagdaýyna getirip biler;

⇒ Ýylanyň dişlän ýerinden zäheri sorup aýyrmakdan saklanyň. Sebäbi zäher kömek beriji adamynyň agyz boşlugyndaky kiçijik ýarajyklardan bedenine düşüp, saglygyna howp salyp biler;

⇒ Alkogolly içgileri kabul etmäň. Ol zyýansyzlandyryjy serişde bolman, tersine, zäheriň täsirini güýçlendirip, onuň bedenden çykmagyny kynlaşdyrýandyr.

Ýaz aýlary ýylanlaryň oýanýan wagtydyr. Daglyk, jeňňellik ýerlere syýahata gideniňizde, ýylanlara duşup biljekdigiňizi ýatdan çykarmaň. Gonçly aýakgaby (meselem ädik) geýme siziň aýagyňyzy dişlenmeden gorar. Jeňňele gideniňizde, uzyn taýagyň kömegi bilen ýoluňyzy açyp ýöremäge çalşyň.

Ýylanlaryň "agyr gylyklylygy" barada düşünje ýörgünli bolsa-da, olar adama özbaşdak gaty seýrek ýagdaýda topulýandyrlar. Adam tötänlikde ýylana degende ýa-da topulanda, onuň hüjüme geçmeginiň sebäpkäri bolup biler.

  • 6457 gezek okalan

Teswirler (6)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

seppik derman nama peydaly

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

seppik name

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

yylanyn zaherini alandan son . yylan nace minut toweregi sonura zaherini onduryar.yagny cakandan sonura sony eline alanda zepel yetmeyar gerek 2 nji gezek zaherini ondurmek ucun nace wagt gerek.
e-posdama habar yetiragan

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="Maksat Yangibayev"]Skorpion çakanda ilkinji ko'megi aýdyp beriň E-mail adresime ýazyň kömek etseňiz minnetdar boardym![/quote]<br /><br />Salam. Möýleriň çakmagynda berilýän ilkinji kömek barada şu kitapdan doly maglumat alyp...

[quote name="Maksat Yangibayev"]Skorpion çakanda ilkinji ko'megi aýdyp beriň E-mail adresime ýazyň kömek etseňiz minnetdar boardym![/quote]<br /><br />Salam. Möýleriň çakmagynda berilýän ilkinji kömek barada şu kitapdan doly maglumat alyp bilersiňiz: http://www.saglyk.info/component/content/article/8-masgala-saglygy.html. Ilkinji kömek, 10-nji bap.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Skorpion çakanda ilkinji ko'megi aýdyp beriň E-mail adresime ýazyň kömek etseňiz minnetdar boardym!

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

zaheri agyz bilen sormak howplydyr,eger soryan adamyn agyz boshlugynda nasazlyk bolsa yylanyn zaheri kop mukdarda komek beryanin bedenine tasirini yetirip biler. Sanjym edilyan sprisin komegi bilen zaheri sorup ayyrmagy maslahat beryan. onun ucin...

zaheri agyz bilen sormak howplydyr,eger soryan adamyn agyz boshlugynda nasazlyk bolsa yylanyn zaheri kop mukdarda komek beryanin bedenine tasirini yetirip biler. Sanjym edilyan sprisin komegi bilen zaheri sorup ayyrmagy maslahat beryan. onun ucin sanjym edilyan shprisin derman sorulyan bolegini ,ujuny kesip ayyrmaly,we ony hususy komek edilyan derman bukjasynyn icine saklamagy maslahat beryan.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location