• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • AIW EKSPRES BARLAGLARY BARADA NÄME BILMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AIW EKSPRES BARLAGLARY BARADA NÄME BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

AIW barlaglarBütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda AIW (Adamyň Immunoýetmezçiliginiň Wirusy) ýokuşanlaryň diňe 79% wirusyň ýokuşandygyny bilýär. Diýmek, AIW pozitiw ilatyň 21%, ýagny dünýäde 8.1 million adam töweregi özüne AIW ýokuşandygyndan habarsyz.

UNAIDS – Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) AIDS-e (adamyň immunoýetmezçilik sindromyna) garşy programmasy bolup, onuň maksady 2030-njy ýyla çenli AIDS epidemiýasyny ýok etmekdir. Bu maksada ýetmek üçin, programma 90-90-90 maksatnamasyny işläp düzdi. Olar şulardan ybarat:

↪ 2020 ýyla çenli, AIW bilen ýaşaýan adamlaryň 90% özünde wirusyň bardygyndan habarly bolar.

↪ 2020 ýyla çenli, AIW infeksiýasy bolan adamlaryň 90% durnukly antiretrowirus bejergisini alar.

↪ 2020 ýyla çenli, antiretrowirus bejergisini alýanlaryň 90%-nde wirusyň möçberi azalar.

AIW barlagyndan geçmek wirusy ýok etmekde ilkinji ädimdir. Çünki adamyň özünde AIW bar ýa-da ýokdugyny bilmegi oňa hem özi üçin bejergi almaga, hem ýakynlaryny goramaga mümkinçilik berýär. Wagtynda özünde AIW bardygyny bilip, antiretrowirus bejergisini alanlaryň 81% wirusy togtatmagy/ýeňip geçmegi başardy.

Merkezi Aziýada bu keselçilige tagma we tabu tema ýaly garalmagy, ol barada söz açmagy we ony anyklamagy has hem kynlaşdyrýar. Bu garaýyşyň esasy sebäbi hem ilatyň bu kesel barada ýalňyş we kemter bilimleriniň bolmagydyr. Meselem, aramyzda näçerägimiz aşakdakylary bilýäris:

◈ Eger AIW bejergisi wagtynda we dogry alynsa, kesellän adam beýlekilere wirusy ýokuşdurmaýar;

◈ AIW üçin bejergi alýan eneden çaga wirus geçmeýär;

◈ AIW üçin bejergi alýan zenan sagdyn çaga dogrup bilýär.

AIW bilen bagly we onuň bilen kesellänleriň nähili sosial kynçylyklary başdan geçirýändigi barada rus wideoblogeri Ýuriý Dudyň vDud Youtube kanalynda örän içgin we gyzykly gürrüň berilýär. Okyjylarymyza diňlemegi maslahat berýäris.

Umuman aýdylanda, özbaşdak ekpres barlaglarynyň diňe peýdalarynyň bardygyna göz ýetirip, dünýäniň 77 ýurdy özbaşdak AIW barlagy syýasatyny kabul etdi. Beýleki döwletleriň ençemesi hem bu syýasaty kabul etmek ugrunda iş alyp barýar.

Özbaşdak AIW barlagy barada näme bilmeli?

Keselhana (ýa-da AIDS merkezlerine) ýüz tutmazdan, öý şertlerinde özbaşdak, tiz we gizlin ýagdaýda özüňde AIW-iň bar-ýokdugyny barlamaga "özbaşdak AIW barlagy" diýilýär. BSGG özbaşdak barlagyň zyýansyz, takyk we netijeli usuldygyny belläp, ilkinji ädim hökmünde öz-özüňi barlamagy maslahat berýär.

Özbaşdak AIW barlagyny nädip geçirmeli?

Özbaşdak ekspres (çalt) AIW barlagyny geçirmek üçin, ýörite barlag enjamyny ulanmaly. Ol enjama tüýküligiňi çalmak ýa-da ganyňdan damdyrmak arkaly AIW pozitiw ýa-da negatiw netije alyp bolýar. Netije pozitiw çyksa, degişli edaralara habar bermek we bejergi almak üçin ýüz tutmaly.

AIW ekspres barlaglarynyň nähili görnüşleri bar?

Ýokarda bellenilişi ýaly, özbaşdak AIW barlaglary tüýkülik we gan nusgasy bilen geçirilýär. Aşakdakylar BSGG-nyň maslahat berýän/tassyklan sanawyna girýän ekspres barlaglaryň käbiridir:

◉  SURE CHECK HIV Self-Test;

◉  Mylan HIV Self Test;

◉  INSTIÒ HIV Self-Test;

◉  OraQuick HIV Self-Test.

Bu ekspres barlag enjamlaryny ulanmak we olaryň ilata elýeterli bolmagy möhümdir. Esasan hem COVID-19 pandemiýasy döwründe, keselhana barmakdan saklanmak üçin.

Bu meselede ýurdumyzdaky ýagdaý barada aýtsak, BMG Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda, Türkmenistanda, AIW epidemiýasyny gözegçilik astynda saklamak üçin entek edilmeli işleriň kändigini aýdýar, we özbaşdak AIW barlaglaryny berk ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtaýar.

Ýewropada AIW epidemiýasy boýunça Russiýanyň 1-nji ýerde durýandygyna garamazdan, Meduza internet sahypasynyň berýän habaryna görä, Russiýada OraQuick AIW ekspres-barlaglaryny dermanhanalardan aýyrmak barada karar çykaryldy. Makalada jemgyýetçilik guramalarynyň bu karara garşy çykýandygy we onuň ilata erbet täsir etjekdigi aýdylýar.

  • 2097 gezek okalan