Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AIDS/AIW SÖZLÜGI
Berjaýlyk
AIW bejergileriniň edil lukmanyň maslahat berişi ýaly alynmagyna berjaýlyk diýilýär. Meselem, dermany haçan, nähili ýygylykda we nädip içmek. Lukmanyň görkezmeleri doly we dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, dermana durnuklylyk döräp, bejergi netijesiz bolup bilýär. Esasan hem dermanlaryň arasyny üzmezlik wajypdyr. Çünki dermanlary kabul etmede arakesme bermek örän howpludyr.
AIDS
AIDS (Adamynyň Immunoýetmezçilik Sindromy) birnäçe alamatlaryň we keselleriň toplumy bolup, AIW (Adamyň Immunoýetmezçilik Wirusy) ýokançlygyny göterijiliginiň gaýraüzülmeleriniň iň soňky tapgyrynda ýüze çykýan keseldir. AIDS adamyň immun ulgamyna erbet zyýan ýetirilip, ýokançlyklara garşy göreşip bilmän başlanda anyklanylýar.
AIDS we AIW tapawudy: AIDS – wiirusyň immun ulgamyny zeperlemegi netijesinde döredýän keseli; AIW – keseli dörediji wirusyň ady.
Antiretrowirus Derman Serişdeleri (ADS)
Antiretrowirus derman serişdeleri AIW-i bejermek we ony bedende bölünip köpelmekden saklamak üçin ulanylýan dermanlardyr. ADS bedendäki wirusy pes derejede saklaýar, immun ulgamyny güýçlendirýär we AIW-iň başgalara ýokuşma ähtimallygyny peseldýär. Bejergi netijeli bolanda, bedendäki wirusyň derejesi "kesgitläp bolmajak derejede" pese düşýär.
Antiretrowirus bejergisi
Antiretrowirus bejergisi AIW üçin ulanylýan bejergi bolup, 3 ýa-da ondan köp antiretrowirus derman serişdelerinden düzülýär we AIW-iň ýaşaýyş aýlawynyň dürli tapgyrlarynda ulanylýar.
CD4 sany
CD4 sanym- adamyň ganyndaky immun ulgamyna degişli CD4 öýjükleriniň sanydyr. Ol sany ýönekeý gan barlagy arkaly bilip bolýar. CD4 sany adamyň immun ulgamynyň sagdynlyk derejesini görkezip, kadada ol 500-1500 görkezijä deňdir. AIW bejergisini alýan adamyň CD4 sany ýokarlanmaly. Köplenç, CD4 sany barada wirusyň mukdary bilen bir wagtda gürrüň edilýär. Adatça, CD4 sanyň ýokary bolanda, bedeniňdäki wirusyň möçberi pes bolýar. Emma wirusyň möçberi artsa, CD4 sany peselýär.
Koinfeksiýa
Haçanda adam bir wagtda birden köp ýokanç keseller bilen kesellände, muňa "koinfeksiýa" diýilýär. Meselem, eger AIW wirusly adamda inçekesel (tuberklýoz: TB) wirusy hem bar bolsa, oňa AIW/TB koinfeksiýasy diýilýär. Bu ýagdaý iki keseliň hem bejergisini kynlaşdyryp bilýär, şol bir wagtyň özünde-de, bejerginiň örän möhümdiginden habar berýär.
Äşgärlik
Adamyň özünde AIW wirusynyň bardygyny başgalara äşgär etmegine "äşgärlik" diýilýär. ‘Äşgärlik’ sözi köp wagtdan bäri ulanylyp gelinýän hem bolsa, indi ‘paýlaşmak’ ýa-da ‘aýtmak’ sözleriniň ulanylmagy öňe sürülýär. Munuň sebäbi hem, ‘äşgär etmek’ sözüni adamlar gizlin we aýyp zatlar bilen baglanyşdyrýarlar we netijede AIW-pozitiw adam hakynda hem nädogry düşünjeler döräp bilýär.
Derman serişdelerine durnuklylyk
Eger AIW wirusly adam antiretrowirus bejergisini dogry almasa, dermanlar wirusa garşy durmak ukybyny ýitirip bilýärler – bu bolsa bejerginiň netijeliligini togtadyp bilýär. Şeýle ýagdaýa hem "derman serişdelerine bolan durnuklylyk" diýilýär. Bedeninde AIW wirusynyň dermanlara durnukly görnüşi dörän adam ol wirusy başgalara hem ýokuşdyryp bilýär.
Nädogry negatiw netije
Haçanda AIW wirusly adamyň barlaglary AIW-negatiw çyksa, muňa "nädogry negatiw netije" diýilýär. Adatça, nädogry negatiw netije ýokuşmanyň "penjire döwründe" döreýär. Penjire döwri – bu ýokuşmanyň ilkinji günleridir. Bu döwürde barlaglar wirusy anyklap bilmeýärler. Eger-de seniň barlagyň negatiw çyksa, emma heniz hem özüňde AIW-iň bardygyny güman edýän bolsaň, penjire döwri geçeninden soňra ýene bir gezek barlagdan geçip bilersiň.
Nädogry pozitiw netije
Haçanda AIW wirusy ýok adamyň barlaglary AIW-pozitiw çyksa, muňa "nädogry pozitiw netije" diýilýär. Barlagy pozitiw çykan adamyň keselini tassyklamak üçin ýene bir gezek barlagdan geçirilýär.
Ilkinji nobatdaky bejergi
Ilkinji nobatdaky bejergi antiretrowirus bejergisi bolup, AIW bejergisini ilkinji gezek alyp başlaýan adamlara maslahat berilýär. Ilkinji nobatdaky bejergi üçin birnäçe derman toparyndan düzülen 3 ýa-da ondan köp antiretrowirus serişdeleri ulanylýar.
AIW
AIW (iňlisçe: HIV) – bu Adamyň Immunoýetmezçilik Wirusydyr. Bu wirus adamyň immun ulgamynyň öýjüklerine hüjüm edýär. Eger-de wagtynda bejerilmese, AIW immun ulgamyna we onuň ýokançlyklara garşy göreşme ukybyna erbet zyýan ýetirýär.
AIW dermany
AIW üçin hiç hili derman ýokdur. Emma antiretrowirus bejergisi wirusyň köpelmegini gözegçilikde saklaýar we AIW-li adamlar uzak we sagdyn ýaşap bilýärler.
AIW waksinasy (sanjymy)
AIW üçin hiç hili waksina ýokdur. Häzirki wagta çenli döredilmäge synanşylan waksinalaryň hiçisi hem ýeterlik netijeli bolup, keseliň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almaga ukyply däldir.
Ýanaşmadan soňky öňüni alyş
AIW-iň bedene ýaýramagynyň öňüni alýan gysga wagtlyk bejergä "ýanaşmadan (jynsy gatnaşykdan) soňky öňüni alyş" diýilýär. Bu bejerginiň netijeli bolmagy üçin, ony AIW-e ýanaşanyňdan soňra 72 sagadyň içinde almaly. Meselem, goragsyz jynsy gatnaşyk arkaly AIW-e ýolugyp bolýar.
Ýanaşmadan öňki öňüni alyş
AIW ýokuşmasynyň öňüni almak üçin birnäçe antiretrowirus dermanlarynyň kabul edilmegine "ýanaşmadan (jynsy gatnaşykdan) öňki öňüni alyş" diýilýär. Bu çäre AIW ýokanjynyň howpy astynda ýaşaýan aýallar we erkekler üçindir. Meselem, AIW-pozitiw ýoldaşly adamlar, islendik sebäbe görä ýoldaşy prezerwatiw ulanmaýan adamlar ýa-da prezerwatiwsiz yzygiderli jynsy gatnaşyk edýän adamlar öňüni alyş çärelerinden peýdalanyp bilerler. Haçanda öňüni alyş çäresi maslahat berlişi ýaly berjaý edilende, AIW ýokuşma töwekgelçiligi aradan aýrylýar, ýöne dermanlary ýerliksiz ýa-da nädogry kabul etseň, ýokuşma töwekgelçiligi artýar.
Anyklap bolmaýan / wirus basyp ýatyrylan
Haçanda antiretrowirus bejergisi bedendäki wirusyň möçberini azaldanda, gan barlaglary wirusy anyklap bilmeýär – bu ýagdaýda wirus "kesgitläp bolmaýan" derejä ýa-da "basyp ýatyrylan" derejä düşýär. Kesgitläp bolmaýan derejede wirusyň bolsa, sen ony başgalara geçirip bilmeýärsiň we wirus seniň saglygyňa täsir edip bilmeýär. Bedeniňdäki wirusy kesgitläp bolmaýan derejede saklamak üçin bejergileri aýdylyşy ýaly berjaý etmek we wirusyň mukdaryny wagtly-wagtynda ölçedip durmak möhümdir.
Wirusyň mukdary
Adamyň ganyndaky AIW wirusynyň sanyna "wirusyň mukdary" diýilýär. Wirusyň mukdary ýönekeý gan barlagy arkaly anyklanylýar. Wirusyň mukdary antiretrowirus bejergisiniň nähili täsir edýändiginden habar berip bilýär.
Penjire döwri
Wirus ýokuşan bedende wirusyň anyklanmasy üçin ýeterlik AIW antitelalarynyň (immun ulgamynyň öýjükleriniň) öndürilýän wagtyna "penjire döwri" diýilýär. Penjire döwri 2 hepdeden 12 hepdä çenli dowam edip, wagt aralygyna görä her barlaglar dürli düýüjylygy bilen tapawutlanýandyrlar.
- 2501 gezek okalan