• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • SEN AIW EPIDEMIÝASYNY SAKLAP BILÝÄRSIŇ!

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN AIW EPIDEMIÝASYNY SAKLAP BILÝÄRSIŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

2019-njy ýylyňAIW saklap bilyarsin soňunda, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ortaça 1.7 million AIW bilen ýaşaýan adam hasaba alyndy. Bu dünýäde AIW epidemiýasynyň tiz ýaýrap barýan iki sebitiniň biridir. Bellenilen sebitlerde 2010-2018 ýyllar aralygynda AIW ýokuşmalarynyň sany 27% artdy.

Nädip AIW epidemiýasyny duruzmaly?

↪ Ilki bilen her bir adam şahsy öňüni alyş çäreleri berjaý etmeli.

↪ Jynsy gatnaşyga girişmezden öň ýoldaşyň seksual saglyk ýagdaýyny bilmeli.

↪ Islendik jynsy gatnaşykda lateks prezerwatiwini ulanmaly. Prezerwatiwiň ýyrtylmazlygy üçin ony dogry geýmek düzgünlerini berjaý etmeli.

↪ Neşe serişdelerini ulanmaly däl.

↪ Saglyk merkezlerinde, tatu salonlarynda we gözellik öýlerinde ulanylýan gurallaryň zyýansyzlandyrylandygyna göz ýetirmeli.

↪ Başga biriniň päkisini ulanmaly däl.

↪ Eger göwreli bolsaň we lukman AIW barlagyndan geçmegi tabşyrmadyk bolsa, bu barada soramaly ýa-da özbaşdak barlagdan geçmeli.

↪ Başga adamyň bilogik suwuklyklaryny (gan, döl, we ş.m.) deriňe we nemli bardalaryňa galtaşdyrmaly däl.

↪ Öz AIW statusyňy wagtly-wagtynda barlap durmaly.

↪ AIW statusyň baradaky maglumaty paýlaşmaly. Şeýtseň, ýakynlaryň hem saglygyny gorarsyň we epidemiýanyň soňuna çykmaga goşant goşarsyň.

Çeşme

  • 1055 gezek okalan