• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • MUSULMAN ÝURTLAR WE AIW BARLAGLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MUSULMAN ÝURTLAR WE AIW BARLAGLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

aiw barlaglaryIlatynyň agramly bölegi musulman ýurtlarda AIW epidemiýasy ýokary töwekgelçilikli toparlarda, esasan hem neşe serişdelerini sançýan adamlarda, tenini satýan aýallarda we erkeklerde, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklerde duş gelýär. Bularyň yslamda gadagan edilen tejribelerdigi sebäpli AIW/AIDS biabraýçylyk saýylýar we bu mesele bilen ýüzleşmäge ýaýdanylýar. Töwekgelçilik toparyndaky adamlara iňňeli şprisleri we prezerwatiwleri üpjün etmek ýaly subutnama esaslanýan öňüni alyş programmalaryna hem köplenç garşylyk görkezilýär.

Şeýle-de bolsa, käbir musulman ilatly ýurtlarda birnäçe ösüşler gazanyldy. Bu ugurda ýüzbe-ýüz bolunýan esasy kynçylyk gomoseksuallygy, neşe serişdelerini we binika jynsy gatnaşygy ýazgarýan dini bilim bilen hakyky durmuş tejribeleriniň arasyndaky çaprazlykdyr. Musulmanlar köp halatlarda yslamda rugsat berilmeýän edim-gylymlaryň durmuşda ýörgünlidigine düşünmeli. Bu çaprazlygy düzeltmäge synanyşan yslam döwletleri-de bar.

1992-nji ýylda Ugandanyň Yslam lukmançylyk assosiasiýasy AIDS-iň öňüni alyş taslamasyny döretdi we 3 müňden gowrak dini ýolbaşçylara hem-de olaryň kömekçilerine bilim berdi. 2 ýyl soňra, AIW-iň ýokuşyşy we öňüni alyş ýollary barada dogry maglumatlaryň möçberi ep-esli artdy. Ugandanyň musulman ilatynyň arasynda AIW/AIDS hadysalary mazaly azalyp, 18 göterimden (1990) 5.7 göterime düşdi (2018).

Senegal döwleti hem, AIW gözegçiligini we AIDS bilimini güýçlendirmekde üstünlik görkezdi. Edil Ugandadaky ýaly, Senegalyň hem dini edaralary we jemgyýetçilik mediýasy AIW/AIDS barada maglumat ýaýratmak wezipesini ele aldylar. Afrikanyň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda, Senegalyň metjitlerinde juma namazyna üýşülende häli-şindi AIW/AIDS-iň öňüni alyş barada gürrüň edilýär. 90-njy ýyllaryň başlarynda umumy ilatyň AIW/AIDS-den goranmak baradaky bilim derejesi 90 göterimden geçdi. Soňky 20 ýyl bäri Senegalda AIW-iň ýaýraýyş derejesi 1%-den hem azlygyna galýar.

Eýran we Marokko ýaly ýurtlar AIW barlaglaryny geçirmekde saldamly ösüşlere ýetdiler. 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Eýranda AIW şahsy barlag serişdeleri elýeter. Bu serişdeleriň üsti bilen adamlar AIW barlagyny öýde özbaşdak geçirip bilýärler. Bu bolsa ýörite merkezlerde barlagdan geçmekden çekinýänleriň agyr ýüküni ýeňledýär. 2015-nji ýylda Müsür, Eýran we Sudan jemgyýetçilik barlag kampaniýalaryny geçirdiler. Ol ýyl tenini satýanlaryň we erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň arasynda barlagdan geçenler 2013-nji ýyldakydan 3-den hem köp esse artdy. Marokko adam hukuklaryna esaslanýan AIW-iň öňüni alyş programmalaryny durmuşa geçirip gelýär. Munuň netijesinde, 2010-2018 ýyllar aralygynda täze infeksiýalar 42% azaldy.

Makala AFEW International guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýazyldy. AFEW-iň jemgyýetçilik saglygy boýunça geçirýän işleri jemgyýetde adamlaryň sagdyn bolmagyna, esasan hem AIW, inçekesel, wirusly gepatit ýaly ýokançlyklaryň we Gündogar Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky beýleki jemgyýetçilik saglygynyň meseleleriniň howp salýan adamlarynyň sagdyn ömür sürmegine goşant goşýar.

  • 1660 gezek okalan