Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÜRKMENISTANDA AIW WE MIGRASIÝA
Her ýyl ýüz müňlerçe migrant Merkezi Aziýadan Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana göçýär. Bu migrasiýa uly mümkinçilikleri hödürlese-de, onuň töwekgelçilikli tarapy hem bar. Migrantlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy töwekgelçilikleriniň biri hem AIW we inçekesel ýokuşma howpudyr. Sebitde AIW we inçekesel epidemiýa hökmünde ýaýramasyny dowam edýär we täze AIW hadysalarynyň 96%-i migrant adamlary we köp göçüş edýän adamlary öz içine alýan esasy toparlaryň we olaryň jynsy gatnaşyk edýän ýoldaşlarynyň içinden çykýar.
Esasy toparlar – bular erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler, ten söwdasy bilen meşgullanýan adamlar we sanjylýan neşe serişdelerini ulanýan adamlar.
2018-nji ýylyň 19-20-nji fewralynda Gazagystanyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky we Russiýa Federasiýasyndaky AIW we migrasiýa dogrusynda tehniki seminar geçirildi. Seminar UNFPA we UNAIDS tarapyndan gurnaldy. Seminarda sebitde AIW we migrasiýa meselelerini başdan geçirýän ýurtlaryň taýýarlylygyna, häzirki ýagdaýlar barada habardarlygy ösdürmäge, netijeli tejribeleri hem-de çäreleri alşyp çalyşmaga we AIW epidemiýasyna bilelikde jogap bermegiň ýollaryny gözlemäge üns çekildi. Seminara sebitiň ähli ýurdundan hökümete degişli we degişli däl pudaklardan ekspertler gatnaşdylar we halkara guramalar bu ýagdaýa degişli maglumatlarydyr sanlary paýlaşdylar.
Biz Türkmenistana we sebitimize degişli möhüm sanlary size ýetirýäris. Seminaryň doly görnüşi rus we iňlis dillerinde çap edildi: HIV and Migration in Central Asian countries and the Russian Federation. Technical Workshop Report
Merkezi Aziýada AIW hadysalarynyň aglabasy ýokary töwekgelçilikli toparlaryň içinden çykýar. Töwekgelçilikli toparlara degişli adamlar: Sanjylýan neşe serişdelerini ulanýan adamlar we olaryň özüne neşe sançýan we jynsy gatnaşyk edýän ýoldaşlary, tenini satýan aýallar we erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler.
2022-nji ýylyň mart aýyna görä UNAIDS-iň Türkmenistana degişli sahypasynda ýurda degişli sanlar we maglumatlar elýeter däl.
AIW ýagdaýy ähli ýurtlarda barha çylşyrymlaşýar
Sebitdäki ýurtlarda 15-49 ýaşlylaryň arasynda AIW-iň ýaýraňlygy: Russiýada 1.1% we Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda 0.2%-den az. Türkmenistan soňky 15 ýylyň içinde hiç hili AIW hadysasyny habar bermedi. Şeýle-de bolsa, Russiýada we Gazagystanda türkmenistanly migrantlaryň içinde 123 sany AIW hadysasy hasaba alyndy. Russiýada we Merkezi Aziýada 2010-2017 ýyllar aralygynda täze AIW ýokuşmalarynyň sany 10% artdy. Häzirki wagtda AIW hadysalarynyň aglabasy jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýar. Keseliň aýallara täsiri barha artýar. AIW galapyn esasy toparlaryň arasynda ýaýraýar.
Türkmenistan
AIW ýokuşmasynyň öňüni almakda döwlet migrasiýa edaralarynyň tutýan ornuna hökümet eksperti, Aşgabat halkara aeroportynyň migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary jenap D. Topow wekilçilik etdi. Döwlet migrasiýa gullugynda aşaky maglumatlar bar:
↪ Ýurtdan çykan migrantlar,
↪ Wizalarynyň möhleti dolansoň yzyna dolanmadyk migrantlar,
↪ Daşary ýurtlardan deport edilenler,
↪ Türkmenistana girenler.
Deport edilenler AIW barlagyndan geçmeli. Wekiliň aýtmagyna görä, ýurduň ähli raýatlary daşary ýurtda galýan döwürlerinde Türkmenistanyň konsullyklary tarapyndan hödürlenýän hemmetaraplaýyn goraglylyk hukugyndan netijeli peýdalanýarlar.
Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň wekili hanym T. Annamyradowa hem seminarda çykyş etdi. Ol adam söwdasynyň pidalaryna gaçybatalga, reabilitasiýa we reintegrasiýa hyzmatlaryny hödürleýän Ýeňme guramasynyň durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdi. Ol soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň arasynda içerki we halkara migrasiýanyň köpelendigini hem belläp geçdi. Ol ýurtda erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň we tenini satýan adamlaryň bardygyny hem-de olaryň AIW ýokuşma we ýaýratma howpy astynda galýandygyny boýun aldy. Türkmenistanly ýüzlerçe migrantlar türk hojalyklarynda işleýärler. Türkmen aýallary we erkekleri işlemek üçin daşary ýurda göçenlerinden soňra mejbury zähmete sezewar edilýärler. Türkmen aýallary daşary ýurtda jynsy gaçakçylyga hem duçar bolýarlar. Esasan hem Türkmenistanyň oba ýerleriniň ýaşaýjylary gaçakçylygyň pidasy bolma howpy astynda galýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, dokladçy Annamyradowa hökümetiň neşe söwdasyna garşy gören pugta çäreleriniň netijesinde, Türkmenistanda sanjylýan neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň ýok diýen ýalydygyny nygtady. Dokladçy ýurduň AIW hadysalaryny aýan etmeýändigini ýatladyp, Türkmenistanyň raýatlarynyň AIW bilen keselleme ähtimallygynyň ret edilmeli däldigini aýtdy. Ol esasy toparlara AIW barlaglarynyň we konsultasiýa hyzmatlarynyň wagtly-wagtynda berilmeýändigini tassyklady. Erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler we tenini satýan aýallar bilen pikirsoraşma soňky gezek 2011-nji ýylda geçirilipdir.
Diňleýjiler Türkmenistanyň ilatynda hiç hili AIW hadysasynyň ýokdugy bilen doly ylalaşmadylar. Çünki daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň arasynda ýüzden köp AIW hadysasy hasaba alnypdy we bu ýurtlaryň içine AIW keselli daşary ýurtlulary öz ýurduna deport edýän Russiýa hem girýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň dünýäde antiretrowirus terapiýasynyň elýeter bolmadyk örän az sanly ýurtlaryň biridigi bellenilip geçildi. Şonuň üçin, AIW bilen ýaşaýan adamlar ýa ýurtdan çykmaly (bu bolsa örän kyn) ýa-da AIDS-den ölmeli bolýarlar. Erkekler bilen meýletinlikde jynsy gatnaşyk edýän erkekleri jezalandyrmagy ýatyrmak meselesi hem gozgaldy. Çünki beýle kanunyň erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleri başga ýurtlara göçmäge we ýerli ýaşaýjylaryň basyşy astynda nätanyşlar bilen goragsyz jynsy gatnaşyga baş goşmaga mejbur edýändigi bellenildi.
Türkmenistanda içerki migrantlar
↪ Welaýatlarda iş ýetmezçiligi zerarly, içerki migrantlar iş gözlemek üçin esasan Aşgabada gidýärler. Içerki migrantlar ýurduň içinde erkin hereket edip bilýärler we ýaşaýan ýerlerinde propiska baglanyşyksyz umumy esasda saglyk hyzmatlaryny alyp bilýärler.
↪ AIW diagnostikalary Türkmenistanyň raýatlaryna mugt we anonim usulda berilýär. Diagnostikalar Aşgabatdaky alty sany AIDS merkezlerinde we welaýatlardaky administratiw merkezlerde ýerli propiska baglanyşyksyz hödürlenilýär. Autriç (müşderileriň ýanyna baryp ýardam we goldaw bermek) işleri we öz-özüňi barlamak maksady bilen geçirilýän ekspres-testler elýeter däl.
↪ Göwrelilikdäki gözegçilik we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň bejergileri tölegli esasda üpjün edilýär. Saglyk ätiýaçlandyrmasyny diňe resmi taýdan işleýän içerki migrantlar alyp bilýärler we ol bejerginiň bahasynyň 50%-ni, dermanlaryň bahasynyň 90%-ni ýapýar.
↪ Göwrelilikde aýallaryň diňe 50%-ne gözegçilik edilýär we keseliň eneden çaga geçmezligi üçin geçirilýän AIW barlaglary onuň içine girmeýär. Şeýle-de bolsa, reproduktiw saglyk hyzmatlary eger göwreli aýalda AIW anyklanylsa haýal etmän antiretrowirus terapiýasyna başlamaga taýýardyklaryny aýdýarlar.
↪ Göwrelilikde resmi AIW barlaglarynyň netijelerini anyklaman dogruma giren aýallar bäbekhanada ekspres-testden geçip bilerler. Eger dogrumyň dowamynda AIW anyklanylsa, göwrelilere hyzmat berýän islendik edara eneden çaga geçýän AIW-iň adatdan daşary öňüni alyş çäresine başlamaga taýýar. Munuň üçin enä hem çaga hem antiretrowirus dermanlary maslahat berler.
↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklara gözegçilik etmek üçin hlamidiýal we gonokokkal infeksiýalarynyň etiologik diagnostikasy geçirilýär. Munuň üçin pes diagnostik duýujylykly we aýratynlykly bakterioskopiýa ulanylýar. Sifilis barlagy üçin, BSGG-nyň maslahatyna eýerip, serologik testler ulanylýar.
↪ Inçekeseli anyklaýan ekspres-testler, gakylyk barlagy we flýuorografik barlaglar tölegli esasda üpjün edilýär. Eger inçekeseliň bardygy anyklanylsa, mugt bejergi berilýär.
AIW ýokuşma howpy astynda galýanlara berilýän hyzmatlar
↪ Proýektleriň birinde garrylara ideg we massaž hyzmatlaryny bermek üçin her iki aýdan Türkiýä gatnan taýýarlykly autriç-işgär zenan tenini satýan aýallara (Türkmenistanyň raýatlary) ene dillerinde maglumat materiallaryny we prezerwatiwleri hödürläp, Türkmenistana dolananlarynda anonim esasda AIW-iň we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň barlagyndan geçmegi maslahat berdi.
↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň tölegli ideginden daşary hem, Aşgabatda we welaýatlaryň administratiw merkezlerinde töwekgellikli häsiýetlere eýe bolan toparlara anonim esasda kömek berýän klinikalar bar; bu kömekden migrantlar hem peýdalanyp bilýärler.
Türkmenistanda AIW ýagdaýy
↪ Soňky 20 ýylyň içinde Türkmenistan AIW hadysalary barada hasabat bermedi. Şeýle-de bolsa, Russiýada 113 we Gazagystanda 10 sany Türkmenistanyň raýatlarynda AIW anyklanyldy. Russiýadaky, Gazagystandaky we Türkiýedäki türkmenistanlylaryň içinden çykan AIW hadysalary çap edildi. AIW keseline duçar bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda AIW barlagyndan näme üçin geçendikleri barada maglumat ýok. Emma welin, Russiýada we Gazagystanda her 100,000 türkmenistanly zähmet migrantyna düşýän AIW hadysalarynyň sanyny Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda her 100,000 raýata düşýän AIW hadysalarynyň sany bilen deňeşdirip bolýar. Türkmenistanyň raýatlary Russiýa we Gazagystana wiza bilen girmeli bolýarlar. Netijede bu iki ýurtdaky türkmenistanly zähmet migrantlarynyň sany bu ýurtlara wizasyz baryp bilýän beýleki Merkezi Aziýalylaryň sanyndan has az bolup galýar.
↪ 2016-njy ýylda çykan Türkmenistan MICS (Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlag) hasabatynda AIW-iň öňüni almakda aýallaryň bilim-düşünjesi we saglygy goraýyş ulgamynyň işleýşi aşaky görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär:
AIW barlaglaryndan nirede geçmelidigini bilýän aýallar (2016), % | 64.1%24 |
AIW barlagyndan geçen we netijelerini bilýän aýallar (2016), % | 10.3% |
Göwreliligiň dowamynda berilýän idegde AIW konsultasiýasy (2016), % | 74.6% |
Göwreliligiň dowamynda berilýän idegde AIW barlagy (2016), % | 55.6% |
AIW-iň ýokuşma ýollaryny bilýän 17 ýaşly ýetginjekleriň göterimi | 38 (HBSC, 2013) |
↪ Türkmenistan dünýäde köpdürli dermanlara durnukly inçekeseliň iň köp ýaýran 30 ýurdunyň sanawyna girýär.
Türkmenistanly migrantlary AIW ýokuşma howpy astynda goýýan esasy faktorlar
↪ Degişli öňüni alyş programmalarynyň kemçilik etmegi; migrantlaryň içinde esasy toparlara ýeterlik öňüni alyş hyzmatlarynyň berilmezligi;
↪ Erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklere we tenini satýanlara garşy sanksiýalar we negatiw garaýyşlar sebäpli, ol adamlaryň göçüp, AIW töwekgellikli gurşawlarda ýaşamagy, öňüni alyş programmalaryna gatnaşmakdan we lukmançylyk kömegini almakdan boýun gaçyrmagy;
↪ AIW ýokuşmasynyň öňüni alyş biliminiň pesligi we prezerwatiwleriň ýeterlik ulanylmazlygy (tenini satýan aýallaryň 40% we erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň 50%);
↪ Öz ýurtlarynda we migrant bolup ýaşaýan ýurtlarynda özleriniň hukuklary barada bilimleriniň pesligi;
↪ Kömek üpjün edýän jemgyýetçilik hyzmatlaryndan we guramalaryndan habarsyzlyk;
↪ Prezerwatiwleriň we lubrikantlaryň elýeterliliginiň pesligi. Az we yzygidersiz girdeji zerur saglyk hyzmatlaryny we derman serişdelerini almagy kynlaşdyrýar;
↪ AIW-iň öňüni alşa degişli saglyk hyzmatlarynyň, şol sanda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýokary hilli gözegçiliginiň, AIW barlaglarynyň, göwreliligiň dowamynda we dogrumda berilýän idegiň elýeterliliginiň pesligi;
↪ Ýerliksiz ýaşaýyş we iş şertleri; şahsy wagtyň we adalatyň elýetersizligi;
↪ Eger migrantlaryň ýaşaýan ýurdunda oturymly statusy ýok bolsa, deport edilme gorkusy iň uly päsgelçilige öwrülýär.
SEBITDÄKI ÝURTLARDA AIW WE MIGRASIÝA BARADA FAKT KAGYZY
GAZAGYSTAN | |
Ilat sany, millionda (2017) | 17,9181 |
Ilatyň ortaça ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 1.52 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 533 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 20.14 |
JIÖ (jemi içerki önüm), milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti) (2016) | 449,9486 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 25,2867 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 5.48 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 2759 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi | 2.39510 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 0.211 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | 13 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 67 (43-95)14 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 3.2 (2.1-4.6)15 |
GYRGYZYSTAN RESPUBLIKASY | |
Ilat sany, millionda (2016) | 6.0831 |
Ilat sanynyň ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 1.62 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 363 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 3.44 |
JIÖ, milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (2016) | 21.5946 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 3,5527 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 7.89 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 1.1959 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi | 37810 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 26.911 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | 12.013 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 145 (130-162)14 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 4.8 (4.2-5.4.0)15 |
RUSSIÝA FEDERASIÝASY | |
Ilat sany, millionda (2016) | 144,31 |
Ilat sanynyň ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 0.12 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 743 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 8.14 |
JIÖ, milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (2016) | 3,635.86 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 24,7897 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 5.38 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 6.6789 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 16,59010 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 0.511 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | 53.913 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 66 (42-94)14 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 13 (8-18)15 |
TÄJIGISTAN | |
Ilat sany, millionda (2016) | 8.7351 |
Ilat sanynyň ortaça ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 2.22 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 273 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 3.24 |
JIÖ, milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (2016) | 26.0246 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 2.9797 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 11.08 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 1,8679 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi | Maglumat ýok10 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 26.911 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | 12.613 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 85 (65-108)14 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 1.8 (2.8-4.0)15 |
TÜRKMENISTAN | |
Ilat sany, millionda (2016) | 5.6631 |
Ilat sanynyň ortaça ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 1.82 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 503 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 3.74 |
JIÖ, milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (2016) | 95,561,02 6 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 16.876.0 7 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 8.68 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 99 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi | Maglumat ýok10 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 0.011 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | Maglumat ýok13 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 60 (46-76)14 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 3.2 (1.5-5.5)15 |
ÖZBEGISTAN | |
Ilat sany, millionda (2016) | 31.8481 |
Ilat sanynyň ortaça ýyllyk üýtgeme derejesi, (2000-2017), % | 1.62 |
Şäherlerdäki ilat sany, jemi % (2015) | 363 |
Halkara migrantlar umumy ilat sanynyň bölegi hökmünde (2017) | 3.64 |
JIÖ, milliardda, häzirki halkara ABŞ$, SAUP (2016) | 207.4 6 |
Jan başyna düşýän JIÖ, ABŞ$, SAUP (2016) | 6,512.77 |
Işsizlik, umumy işçi güýjüniň %-i hökmünde | 8.78 |
Migrantlaryň ýurda iberen pullarynyň möçberi (2016), million, ABŞ$ | 2,4799 |
Migrantlaryň ýurtduň daşyna iberen pullarynyň möçberi | Maglumat ýok10 |
Şahsy kabul edilen pullaryň möçberi (2016), JIÖ göterimi, ABŞ$ | 3.711 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW hadysalary (2016) | 12.614 |
Her 100,000 ilata düşýän inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 76 (53-103)15 |
Her 100,000 ilata düşýän AIW we inçekesel hadysalary (BSGG hasaby, 2016) | 1.2 (0.8-1.7)16 |
- 1373 gezek okalan