• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • SEBITIMIZDE AIW STIGMASYNA DÜŞÜNMEK WE GARŞY GÖREŞMEK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEBITIMIZDE AIW STIGMASYNA DÜŞÜNMEK WE GARŞY GÖREŞMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aiw stigmasyAIW stigmasy (AIW bilen ýaşaýan adamlar hakynda negatiw düşünjeler we ynançlar) sebäpli bu ýokançdan ejir çekýän adamlar saglyk hyzmatlaryny alman ýa-da almagy gijikdirip, bejergileri düzüwli berjaý etmän we netijede AIW-iň öňüni almagy we bejermegi kynlaşdyryp bilýärler.

Saglygy goraýyş gurşawlarynda AIW bilen ýaşaýan adamlara garşy stigmany we diskriminasiýany içgin öwrenmek hem-de şahslaryň we edaralaryň beýle hereketleriniň sebäplerine düşünmek bu meseläni çözmekde möhüm ädim bolup durýar.

2023-nji ýylyň soňunda Ýewropanyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (ECDE) Ýewropanyň AIDS kliniki jemgyýeti (EACS) bilen bilelikde Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde dürli saglygy goraýyş pudaklarynda işleýän adamlar bilen sorag-jogap işini geçirip, olaryň içinde AIW bilen bagly stigma we diskriminasiýa barasynda maglumat ýygnady. Soragnamanyň üsti bilen Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky 54 ýurtda saglygy goraýyş işgärlerinden jemi 18430 jogap toplandy. Merkezi Aziýada soragnama iň işjeň gatnaşan ýurt Gazagystan bolup, ýurda degişli 798 jogap hasaba alyndy. Gyrgyzystandan jemi 69 adam, Özbegistanyň we Täjigistanyň bolsa hersinden bäşden hem az adam soragnamany doldurdy. BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň içinde Türkmenistan soragnama gatnaşmadyk ýeketäk ýurt boldy.

Soragnamany jogaplanlaryň aglabasy lukmanlar we şepagat uýalary/agalary bolup, 74%-ni aýal-gyzlar we ýaryndan gowragyny 25-44 ýaşlylar düzdi. Jogaplaýjylaryň 45%-mi hiç haçan AIW bilen ýaşaýan adamy bejerip görmändir we olaryň aglabasy (69%) AIW keseliniň ýokuşyşyna we bejerilişine degişli esasy düşünjelerden (meselem, dermanlaryň kömegi bilen AIW-den goranyp bolýar) habarsyz ekeni. Soragnamany dolduran saglyk işgärleriniň ýaryndan köpüsi AIW bilen ýaşaýan adamlara hyzmat bermeli bolsalar (şol sanda gan almak we sargy täzelemek) biynjalyk boljakdyklaryny aýdypdyrlar. Jogaplaýjylaryň 12%-mi özüne neşe serişdelerini sançýan adamlara hyzmat bermek islemeýändiklerini bildirip, munuň sebäbini hem AIW-li adamlar bilen iş salyşmakda ýeterlik okuw we türgenleşik geçmändikleri bilen düşündiripdirler.

Saglygy goraýyş edaralarynda şaýat bolnan stigma we diskriminasiýa

Sorag-jogaba gatnaşanlardan soňky 12 aýyň içinde işlerinde AIW bilen ýaşaýanlara garşy stigma we diskriminasiýa gabat gelendikleri hakynda soralanda, olaryň 78%-mi hiç haçan AIW-li adamlara hyzmat bermekden ýüz öwrülenini görmändiklerini aýdypdyrlar. Emma welin, jogaplaýjylaryň 22%-mi işleýän edaralarynda AIW-li näsaglara hyzmat bermegi islemezlige, ýene şonçarak göterimi bolsa şeýle näsaglaryň özüniň razylygy bolmazdan statusynyň başgalara aýan edilmegine we olara pes hilli hyzmat edilmegine şaýat bolupdyrlar. Şeýle-de, işgärleriň 30%-imi iş ýerlerinde AIW bilen ýaşaýan adamlar hakynda ýakymsyz gürrüňleriň we teswirleriň edilendigini aýdypdyrlar. Soragnamanyň netijeleri AIW bilen ýaşaýan adamlara edilýän stigmanyň we diskriminasiýanyň ilki bilen Merkezi Aziýada, soňra bolsa Gündogar Ýewropada iň köp duş gelýändigini aýan edýär.

Saglygy goraýyş edaralarynyň ençemesinde AIW ýokanjyndan goranmak we diskriminasiýanyň öňüni almak boýunça protokollar we görkezmeler bolsa-da, işgärleriň bir toparynyň olardan habarsyzdygy ýüze çykaryldy.

Maslahatlar

Bu sorag-jogap işiniň netijeleri Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde saglygy goraýyş ýerlerinde AIW bilen bagly stigma we diskriminasiýa çäre görmegiň gaýragoýulmasyzdygyny ýatladýar. Munuň üçin hasabatda ýurtlara berilýän esasy maslahatlar:

↪ Saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan okuw maksatnamalaryna we hünäri kämilleşdirme meýilnamalaryna diskriminasiýa garşy göreşmek we deň hukuklylygy öňe sürmek boýunça türgenleşikleri girizmeli.

↪ Degişli kanunlary we kararlary kabul edip, saglygy goraýyş işgärleriniň olardan habarly bolmagyny gazanmaly.

↪ Edaralarda we guramalarda AIW stigmasynyň ýüze çykmagyna eltýän sebäpleri anyklamaly we guramalara munuň soňuna çykmaga kömek etmeli.

  • 205 gezek okalan