• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • Neşekeşlik

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇILIMKEŞLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (27 Ses)

«Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş»

Magtymguly


Çilimkeşlik — bu adaty neşekeşlikdir. Onuň giňden ýaýaran görnüşi bolan nikotinizm bolsa adaty temmäki çekmeklikdir. Temmäki çekmeklik erbet endikleriň biri bolup, çilim çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Dowamy

  • 11674 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (25 Ses)

 

Taryhy yazgylara salgylansaň, spirtli içgiler b.e. 8000 ýyl öň baldan, miweleriň şiresinden, yabany üzümden alnyp başlanypdyr. Üzüm çakyryndan ilkinji spirti VI-VII-nji asyrlarda araplar alyp, ony “alkogol“, ýagny “melul ediji“ diýip atlandyrypdyrlar. Aragyň birinji çüýşesini 860-njy ýylda Ragez atly arap ýasapdyr. 12 asyr bäri spirt içgileri adamzat bilen uly taryhy yoly geçdi. Şahyrlar, aýdymçylar, suratkeşler ony wasp etdiler, öwgüli sözler bilen gazal, aýdym ýazdylar.

Yslam dininiň düýbüni tutan Muhammet (570 - 632 ý.) spirtli içgileri içmegi gadagan etdi we bu kanuny esasda Gurhandada ýazylandyr. Köp asyrlar bäri musulman ýurtlarynda alkogol içgileri kabul edilenok, bu kanundan çykan adamlara (arakhorlara) bolsa berk temmi berilyär.

Yöne biziň gürrüňimiz spirtli içgileriň taryhy barada dälde, olara ýykgyn edilmegiň sebäpleri baradadyr.

Russiýada geçirilen statistiki barlaglaryň netijesi spirtli içgileriň ýyldan-ýyla köp içilýänliginden güwä  geçýär: eger 1913-nji ýylda adambaşyna 3,4 litr, 1927-nji ýylda 3,7 litr arak satylan bolsa, 1940-njy ýylyň aýagyna bu 2,3 litre  çenli, 1950-nji ýylda 1,9 litre çenli azalypdyr. Ondan soňky ýyllar aragyň kabul edilişi 3-4 esse artypdyr...

 

Dowamy

  • 11176 gezek okalan
  • 1
  • 2