• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • Neşekeşlik
  • NIKOTIN "TUSSAGLYGYNDAN" AZAT BOLUŇ!

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NIKOTIN "TUSSAGLYGYNDAN" AZAT BOLUŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (19 Ses)

Siz çilim çekmegi goýmak üçin näçe gezek synanşyk etdiňiz? Näçe gezek bu synanşyklar puja çykdy? Her gezek çilimi otlap, onuň ajy tüssesini özüňize soranyňyzda, çilimi taşlamany uly kanagatlanma bilen soňa goýanyňyz ýadyňyzdamy?!

Çilimiň düzüminiň saglyk üçin zyýanlylygy barada mekdep ýyllaryndan bäri gulagymyza guýlup gelinse-de, bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (gazet-žurnallar, telewideniýe, radio, hünärmenler tarapyndan beýan edilýän mowzuklar), internet hem degerli maglumatlary ýetirse-de çilim çekýänleriň sany azalyberenok.

Islendik çilimiň gapyrjagynda: "Saglygy goraýyş ministrligi duýdurýar: Çilim çekmek saglyk üçin howplydyr!" diýen ýazgysyna asla üns berýän hem ýokmyka diýýärin!

Özüňe çekilýän çilim tüssesiniň dem alyş ýollarynyň nemli bardasyny ýakyp, öz düzüminde ýaramaz himiki maddalary (benzpiren, nitrozamin, bogujy gazy, gurum bölejikleri) saklaýanlygy sebäpli, agyz we öýken düwnüginiň (ragyň), öýkeniň dowamly keselleriniň beterlemeginde ýokary töwekgelliligini döredýändigini aýtmak zerurdyr.

Ýürek-damar keselleriniň hem geçişini ýaramazlaşdyrmakda çilim çekmäniň orny uludyr. Lukmanlar käbir ýagdaýlarda çilimkeşlik bilen jynsy gowşaklygyň hem arabaglanşygynyň barlygyny subut edýärler.

Aýallaryň uzak wagt çilim çekmegi ýa-da çilim tüssesinden dem almagy (passiw çilimkeşlik) bolsa soňundan önelgesizlige getirip bilýändir.

Çilim çekilende oňa bolan ruhy we fiziki garaşlylyk döräp biler. Ruhy garaşlylykda adam, çilim çekýän adamlaryň arasyna düşende, stress, nerw dartgynlylygy ýagdaýda, öz akyl zähmetini has işjeňleşdirmek maksady bilen çilime ymtylyp biler.

Adamda belli bir endik, çilim çekmek endigi döräp, ol şonsuz göwnejaý ýaşap bilmeýär. Şonuň ýaly ýagdaýda adam çilim çekmäge bahana gözläp ugraýar. Söhbetdeşlikde, wagt geçirmek üçin hem çilim çekmäge ymtylyp biler.

Fiziki garaşlylykda bolsa bedeniň nikotine bolan isleginiň güýçlüdigi sebäpli, adam işinde hem ünsüni jemläp bilmeýär, iýmitlenme, ukynyň alynmagy, dynç alma ýaly wajyp ýaşaýyş endikleri gaýra süýşürilýär. Adam çilim çekmek barada pikir edip gezýär, onuň ünsi bozulýar, käbir ýagdaýlarda bolsa gamgynlylyk hem ýüze çykyp biler.

Gündelik aladalar bilen ylgap barşymyza, elimize çilim alyp otlanymyzda biz: "Men näme üçin çilim çekýärin? Ondan maňa nähili peýda bar?" diýip oýlanyp hem ýetişmeýäris. Ýöne aňymyzda bolsa çilim çekmegi bes etmelidigini düşünýäris, ýogsam...

Geliň, bu endikden azat bolanymyzda biziň bedenimizde nämeleriň bolup geçjekdigine syn edeliň:

8 sagatdan soň

  • ganda uglerodyň okisiniň mukdary kadalaşýar;
  • ganda kislorodyň kadaly mukdary emele gelýär.

24 sagatdan soň

  • ýüregiň infarktynyň ýüze çykma töwekgelçiligi peselýär.

48 sagatdan soň

  • nerw süýümleriň ösmegi güýçlenýär;
  • ys alyş we tagam duýuş duýgularymyz gowulaşýar;
  • ýöreme ýeňilleşýär.

Bir hepdeden

  • ýüzüň reňki kadalaşýar, ol tämizlenýär, dem almada duýulýan ys ýa-da deriniň, saçlaryň ýaramaz ysy ýitýär.

2 hepdeden – 3 aýdan

  • umumy gan aýlanyş kadalaşýar;
  • öýkeniň dem alyjylyk ukyby 20-30% artýar;
  • jynsy işjeňlik ýokarlanýar (geň galaýmaly!).

6 aýdan

  • ýürek urma kadalaşyp, siziň sport bilen meşgullanma görkezijileriňiz gowulaşýar;
  • fiziki işjeňligiňiz artyp, çalt ylgamaga, ýüzmäge, ýöremäge islegiňiz dörär.

7 – 9 aýdan

  • dowamly üsgülewük, demiň gysmagy, çalt ýadamaklyk ýitip gider;
  • öýkeniň nemli bardasy täzeden dikeldilip, onuň nemi aýyrmaga, dem alyş ýollary arassalamaga we ýokançlyklara garşy durmaga ukyby artar.

Saglygyňyza haýpyňyz gelip hem-de uzak we sagdyn ýaşamagyň aladasyny edip çilimi goýmakçy bolsaňyz – Biz Size sabyrlylyk arzuw edýäris!

Eger Siz öz erjelligiňize daýanyp, çilimi özbaşdak taşlap bilseňiz ol has hem gowy bolar. Ýöne çilimkeşligiň hem neşe garaşlylygyna degişli keseldigi sebäpli, hemmelere çilimi özbaşdak goýmak başartmaýar.

Çilimi goýmaklygy diňe Siziň ÖZÜŇIZ ýüregiňize düwmeli! Eger Siz ony halaýan gyzyňyzyň, aýalyňyzyň, ejeňiziň, dostuňyzyň haýyşy bilen taşlaýan bolsaňyz, onda, gowusy, başlamaň. Barybir, birnäçe wagtdan Siz ýene çilimi eliňize alarsyňyz.

Çilimkeşlikden özbaşdak dynyp bilmeýän adamlar üçin häzirki zaman lukmançylygynda köp dürli usullar işlenip düzüldi. Iň köp ulanylýan usullaryň üstünde gysgaça durup geçmek peýdaly bolarmyka diýip pikir edýärin.

Derman serişdeleri – olaryň içinde bedene nikotiniň täsirine meňzeş täsir edýän dermanlar gerdejik, suwuklyk görnüşde, çeýnelýän sakgyç görnüşde (meselem, Şwesiýanyň önümi bolan "Nikorette" sakgyjy) degişlidir.

Ondan başga-da, çilime ýigrenç döredýän derman serişdeleri hem ulanylýar. Düzüminde narpyzyň ýapraklarynyň tozuny we batgalyk air köküni saklaýan "Korrida-plýus" serişdesi şuňa mysal bolup biler. Agzyňy tanin, lýapis saklaýan suwuklyklar, ýylanlyja otuň köküniň gaýnatmasy bilen hem çaýkamak şonuň ýaly netijäni berip biler.

Çilime bolan islegi (abstinent alamaty) ženşen otunyň spirtli ergini, limonnik, rodiola, apilak, pantokrin ýaly serişdeler peseldip bilerler.

Iňňe bilen bejergi – beden reflekslerine täsir etmek arkaly geçirilýän bejergi bolup, häzirki wagtda giňden ulanylýandyr. Bu usulda çilimkeşligiň beýnide emele gelen endikdigi göz öňüne tutulyp, şol çilim çekmek endiginiň "ýazylan" bölegini "dargatmak" göz öňüne tutulýandyr.

Psihoterapiýa (ruhy ýagdaýa täsir etme) usullary – çilimkeşlige hemişelik ýigrenji döretmäge gönükdirilen usullardyr. Ol usullara toparlaýyn psihoterapiýa, autotrening, gipnozyň täsiri degişli edilýär. Häzirki wagtda, şol usullara ýakyn kodirleme (bekleme) usuly hem giňden ulanylýar. Bu usul arkaly beýniniň neşe merkeziniň işi togtadylýandyr.

Psihoterapiýa bejergisiniň usullary köp dürli bolup, olaryň hersi adamyň ruhy ulgamyna dürli tarapdan täsir edýändir.

Häzirki wagtda, çilimkeşlige garşy göreşde Allen Karranyň (dünýäde meşhur "Çilimi goýmaklygyň ýeňil usuly" kitabyň awtory), G. Siçkonyň, B. Ždanowyň, M. Konobeýewskiniň, Pol Makkeniň, T. Mamedowyň, I. Baçiniň usullary netijeli ulanylýandyr.

Çilimi taşlamakda ulanylýan bejeriş usullary dogrudan hem kändir.Ýöne oňa garamazdan, bejergiden soň, 100 adamdan diňe 40 adam (!) çilimini goýýandyr.

Çilimi taşlamakda hemme derman serişdelerini, usullaryny ulanmazdan  öň, Siziň öz-özüňize bolan erkiňiziň güýçlüdigine düşünmek wajypdyr.

Bu babatda çilimi taşlamaga ymtylýan adamlara psihologlar birnäçe peýdaly maslahatlary berýärler:

  1. Diňe özüňiziň saýlap alan günüňiz çilim çekmegi bes ediň. Şol günden öň hem, soň hem bu işi başlaýjy bolmaň.
  2. Eger Siz günde 20 gezek çilim çekýän bolsaňyz, günde 20 gezek çilim çekmäge güýçli islegiň dörejekdigine taýyn boluň. Eger isleg ýüze çykmaýan bolsa, oi siziň ony ýüze çykarman ýaşyrýandygyňyzdan şaýatlyk edýär. Beýle etmäň! Islegiňiziň bardygyny boýun alyň. Eger şeýle etmeseňiz, ejizleme pursatynda ol islegleri kanagatlandyrmaga synanşyklaryň döremegi mümkin.
  3. Siziň saýlamaga mümkinçiligiňiziň bardygyny unutmaň. Her gezek çilime isleg dörände, öz-özüňize: "meniň çilim çekesim gelýär" diýip dogryňyzy aýtmagyňyz gerekdir. Eger isleg dörese, boş ýere gidip bu barada gaty gygyryp hem aýdyp bilersiňiz. Soňundan hem: "Men çilim çekmezligi saýlaýaryn" diýip aýtmak üçin güýjüňizi toplaň. Siz hemişe çilimi çekmekligi ýa-da çekmezligi saýlap bilersiňiz, ýöne hemişe çekmezligi saýlaň. Iň esasy – 20 gezek hem dogry netije çykarmakdyr. Wagtyň geçmegi bilen çilim çekme islegi azalyp, ýitip gider.
  4. Hemişeki bolşy ýaly, ýanyňyza çilimi we otluçöp gabyny alyň. Siziň hemişe saýlamaga mümkinçiligiňiziň bardygyna göz ýetirersiňiz. Çilimi siziň eliňizden hiç kimiň almaýanlygyny ýatda saklaň. Adam isleýän zadyndan mahrum bolanda, onda gaharjaňlyk we gamgynlylyk duýgusy döräp biler. Siz hem şonuň ýaly duýguny başdan geçirip bilersiňiz. Şonuň ýaly bolanda: "Çilim çekme mümkinçiligi mende bar. Ondan meni hiç kim mahrum edenok. Meniň çilim çekesim gelýär. Ýöne men çekmezligi saýlaýaryn" diýip özüňize aýtmagyňyz möhümdir.Diňe şol pursat bilen ýaşaň, 5 minutdan nämäniň boljakdygyny aýtmakdan saklanyň.
  5. Çilim çekmezligi niýet edinen her pursatyňyz, ýaramaz endikden saklanmagyň peýdaly taraplary barada pikir ediň. Öz saglygyňyza nähili zyýan ýetirip biljekdigiňiz barada pikir ediň.
  6. Çilim çekmekligiň hiç zat bilen öwezini dolmaň.Bu hem öz islegiňizi basyp ýatyrdygyňyz  bolýar. Çilimi goýmak üçin ýygy ýa-da kän iýmegiň, sakgyç çeýnemegiň, uzak ýatmagyň, alkogol içgileri köp içmegiň, dyrnagyňyzy iýmegiň, çigit çigitlemegiň asla geregi ýokdur. Onuň üçin öz adaty ýaşaýyş endikleriňizi üýtgetmek hem gerek däldir.
  7. Çilimi çekmeklige getirjek durmuş ýagdaýlaryndan we çilim çekýän tanyşlaryňyzdan hem gaça durmagyň geregi ýokdur. Eger bir çaşka ýiti taýynlanan kofe size çilimi ýada salýan bolsa, gowy zat. Çilim çekme isleginiň döränligine garamazdan, kofe içiň. Özüňiziň hemişe dogry çözgüdi saýlap bilýänligiňize buýsanyň.
  8. Çilimkeşligiň endikdigini ýatda saklaň. 5 ýyldan soň hem agza salnan ýekeje çilimiň hemme çeken zähmetiňizi puja çykarjakdygyny bilmek zerurdyr.

Galyberse-de, çilimi diňe Siz taşlaňzok. Çilimi hiç haçan ele almazlyk maksady bilen, her ýyl Ýer togalagynda millionlarça adamlar taşlaýarlar. Olar ony başarýarlar. Siz hem başararsyňyz!

  • 8832 gezek okalan