• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • Neşekeşlik
  • ERKEKLER ÇILIM ZERARLY AÝALLARDAN IR ÖLÝÄRLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEKLER ÇILIM ZERARLY AÝALLARDAN IR ÖLÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (11 Ses)

Isapaniýa hem beýleki Ýewropa ýurtlary ýaly köpçülik ýerlerinde çilim çekmekligi gadagan etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde çilim zerarly erkekleriň aýallardan ir ölýändigi mälim boldy.

TobaccoControl žurnalynda çap edilen ylmy-barlag işi Ýewropada ýaşaýan adamlaryň ölümi babatdaky statistiki maglumatlarynyň analizine esaslanýar.

Köp ýurtlarda erkekler bilen aýallaryň ölümleriniň arasyndaky tapawut  60%-e barabardyr. Bu esasan hem çilimkeşlik zerarly ýüze çykýan dürli keseller sebäpli bolýar.

Beýik Britaniýada aýallaryň ömri erkekleriňkiden 4 ýyl uzakdyr. Ýöne soňky wagtlarda bu tapawut gitdigisaýy kemelýär. Aýallar bilen erkekleriň ölümleriniň arasyndaky tapawudyň ikinji sebäbi alkogol içgileridir: ýagdaýlaryň 20%-de onuň täsiri mese-mälimdir. Bilermenler öň şeýle tapawutlylygy aýallaryň fiziologiki aýratynlygy we olaryň lukmanlara ýygy-ýygydan ýüz tutýandygy bilen düşündirýärdiler.  

Sosial tapawutlyklar

Ýewropa ýurtlaryň 30-synda erkekler bilen aýallaryň ölümleriniň arasyndaky tapawudyň iň pes görkezijileri Islandiýa bilen Beýik Britaniýa degişlidir. Bu ýurtlarda her ýyl 200 erkek aýallara garanyňda köp ölýär (ilatyň her 100 000 adam hasabynda).

Biwagt aradan çykýan britanlylaryň 60%-i öýken ragyndan we ýürek-damar kesellerinden ölýär. Köp ýagdaýlarda bu kesellere çilimkeşlik zerarly uçralýandyr. 

Erkekler bilen aýallaryň ölümleriniň arasyndaky tapawudyň iň ýokary görkezijileri Litwa bilen Ukraina degişlidir. Bu ýurtlarda her ýyl 800 erkek aýallara garanyňda köp ölýär.

 Ylmy-barlag işlerini geçirýän topara ýolbaşçylyk edýän Jerri Makkartni şeýle diýýär: «Bu ylmy iş  aýallar bilen erkekleriň ölümleriniň arasyndaky tapawudyň diňe fiziologiki ýagdaýlara däl, eýsem sosial  ýagdaýlara hem baglydyr. Bu tapawut köplenç çilim çekmeklik bilen baglydyr».  

Alymlar çilim çekýän adamlaryň sanynyň umuman kemelýändigini belleýärler. Emma olar soňky wagtlarda çilimkeşlige we alkogol içgilerine ýykgyn bolýan ýaş aýallaryň sanynyň artýandygyny hem aýdýarlar.

 «Dükanlaryň aýna diwarlarynda çilimleri «güjeňlemegi» gadagan etmeli. – diýip, British Heart Foundation haýyr-sahawat guramasynyň wekili Nataşa Stýuart nygtaýar. – Bu hem reklamanyň bir görnüşi bolup, ýaşlary çilim çekmeklige ymtyldyrýandyr».

Ulanylan WEB Salgy

  • 8070 gezek okalan