PSIHIKI STRES DÖREDIJILER WE UZAK DOWAM EDÝÄN COVID

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

psihiki stres we covidAlymlar henizem uzak dowam edýän COVID simptomlaryndan ejir çekmäniň töwekgelçiligini artdyrýan ýagdaýlaryň sebäbini we olaryň galdyrýan täsirlerini bilmäge çalyşýarlar.

Häzire çenli immunosupressiýa (immun ulgamynyň bolmalysy ýaly işlemezligi) we gipertoniýa ýaly fiziki ýagdaýlar uzak dowam edýän COVID-iň töwekgelçiligini ýokarlandyrýan faktorlar diýlip çaklanylan bolsa, täze barlagyň netijeleri psihiki stres döredijileri onuň esasy faktorlary diýip çaklaýar.

Depressiýa, dartgynlylyk, stres, ýalňyzlyk we keseliňi gaýgy etmek uzak dowam edýän Covid bilen keselleme töwekgelçiliginiň 1.3-1.5 esse ýokarlanmagy bilen baglanyşykly.

Suisid howpy abanýarmy? ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň we beýleki ýerleriň alymlary uzak dowam edýän COVID-iň psihiki saglyga täsirini, şol sanda depressiýa we suisid töwekgelçiliklerini öwrenýärler.

Uzak dowam edýän COVID bilen kesellänlerde suisidiň töwekgelçiliginiň ýokarylygy barada subutnama ýok. Emma, ABŞ-nyň esasy hassahanalarynda adaty COVID-19 bilen kesellänlere seredeniňde, uzak dowam edýän COVID-li pasiýentleriň ilkinji gezek antidepressantlara dermannama almak ähtimallygynyň iki esse ýokarydygy anyklanyldy.

Mançester uniwersitetiniň psihiatriýa professory Louis Appleby şeýle diýdi: "Uzak dowam edýän keseller suisidiň howpuny artdyryp biler. Şol sebäpli uzaga çekýän COVID aladalandyryjydyr".

"Uzak dowam edýän COVID-e gözegçilik etmeýän ýurtlar COVID bilen suisidiň mümkin bolan baglanyşygyna düşünmekde uly mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar" diýip, bu meseläni öwrenýän halkara toparyň agzasy we Aga Khan uniwersitetiniň psihiatriýa professory Murad Khan belledi.

  • 53 gezek okalan