• Makalalar
  • COVID-19
  • OKSOLIN ÝAGY, ARBIDOL, RIMANTADIN … СOVID-19-YŇ ÖŇÜNI ALÝAN, BEJERÝÄN DERMAN BARMYKA?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKSOLIN ÝAGY, ARBIDOL, RIMANTADIN … СOVID-19-YŇ ÖŇÜNI ALÝAN, BEJERÝÄN DERMAN BARMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

rimantadinBSGG: häzirki wagtda COVID-19-yň öňüni almak ýa bejermek üçin ygtyýarnama alan hiç hili derman ýok. Henize çenli COVID-19 bejergisi üçin howpsuz ýa peýdaly derman serişdesi tapylmady. Şeýle-de bolsa, birnäçe dermanlaryň peýda bermek ähtimallygy bar we olar ýa häzir kliniki barlaglardan geçirilýär ýa-da ýakyn wagtda geçiriler. Ençeme ýurtlarda lukmanlar näsaglara maslahat berilýän sanawda bolmadyk dermanlary ýazyp berýärler.

Amerikanyň kesel bejeriş-öňüni alyş merkezi (CDC): Häzire çenli ABŞ-nyň Iýmit we Derman Administrasiýasy (FDA) tarapyndan COVID-19 bejergisi ýa öňüni alyş üçin hiç bir derman tassyklanylmady.

Ýewropanyň kesel bejeriş-öňüni alyş merkezi (ECDC): Häzire çenli, hiç bir derman COVID-19-y bejermekde ýa öňüni almakda ýokary netije bermedi.

Täze Angliýanyň Lukmançylyk Žurnaly (NEJM): COVID-19 pandemiýasynda we beýleki lukmançylyk meselelerinde ilat saglygyny goramaga özüne çekiji emma töwekgel tiz çözgütler däl-de, diňe kliniki barlaglardan şowly geçen bejeriş usullary kömek eder.

Ähli agzalan guramalar СOVID-19 wirusyndan goranmagyň esasy 5 düzgünini berjaý etmegi maslahat berýärler.

↪ Eliňi ýygy-ýygydan ýuw

↪ Adamlar bilen araňdan daşlyk sakla

↪ Köpçülik ýerlerinden uzak dur

↪ Maska geý

↪ Elleşip, gujaklaşyp ýa öpüşip salamlaşma

COVID-19 bilen keselleýän adamlaryň köpüsi öýde gutulyp bilýärler. Häzirki wagtda COVID-19 üçin belli bir bejergi ýok. Emma, dümew degende ulanylýan käbir bejergi usullary COVID-19-dan gutulmaga hem kömek edýär: ýeterlik dynç almak, ýeterlik suw içmek, gyzgynlygy we agyryny gowşadyjy dermanlary içmek.

Şu wagt alymlar netijeli bejergileri tapmak üçin gijelerini gündiz edip işleýärler. Synagdan geçirilýän bejergi usullaryna mysallar: malariýany we autoimmun kesellerini bejermekde ulanylýan dermanlar, beýleki wiruslar üçin döredilen antiwirus dermanlary, we COVID-19-dan gutulan adamlaryň antibedenleri.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş!

IMO Topar ady: Saglyk; Topar ID: 15022763 

  • 533 gezek okalan