• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (23.10.2020)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (23.10.2020)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (137 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

17-23 OKTÝABR 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine: kesellänler 41992358, ýogalanlar: 1140593, sagalanlar: 28423275.

BSGG/WHO: Türkmenistan: kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, Gazagystan: 146288 (2178), Gyrgyzystan: 54588 (1126), Özbegistan: 64633 (541), Täjigistan: 10653 (81), Russiýa: 1480646 (25525), Owganystan: 40626 (1505), Türkiýe: 355528 (9584), Eýran: 550757 (31650).

↪ Saglyk ministrliginiň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ýokanç keselleri anyklamak üçin 19 laboratoriýa hereket edýär. Ilaty tiz ýaýraýan ýokançlykdan goramak maksady bilen, 10 million ABŞ dollaryna barabar derman we lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Şeýle-de, möwsümleýin dümewe garşy ulanmak üçin, 240 müň waksina alyndy we dümew howpy abanýan ýaşaýjylara sanjym edildi.

↪ Saglyk Ministri Nurmuhammet Amannepesowyň bellemegine görä, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde hem-de Garabogaz obasynda jemi 3 sany meýdan hassahanasy hereket edýär. Bu hassahanalar daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen. Garabogaz, Sarahs we Farap etraplaryndaky serhetlerde 80 ýerlik düşelge gurnaldy. Ministrler kabineti we BMG bilelikde pandemiýa garşy göreşmek üçin 1 milliard dollar harçlamagy maksat edinýärler. Onuň hem 941,7 müň dollarynyň daşky maliýe çeşmelerinden gelmegine garaşylýar.

↪ Oktýabryň 19-na Türkmenistanyň raýatlaryna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan gorag örtügini geýmek maslahaty bilen SMS hatlary geldi. BSGG martyň 11-ne täze koronawirusy (COVID-19) global pandemiýa diýip ykrar edipdi. Şaglyk Ministrligi şeýle SMS-leri pandemiýa başlandan bäri 5 gezek iberdi: iýulyň 22-sine, 24-ne, 28-ne, awgustyň 6-na we oktýabryň 19-na.

↪ Çarşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň telewideniýesi ýaşaýjylara goňşy Hytaýdan gelýän sary tozan ýelleriň öwüsýän wagty daşary çykmakdan saklanmagy maslahat berdi. Häkimiýetler tozanda koronawirusyň bolup biljekdigini duýdurdylar. Howadaky tozan bilen koronawirusyň arasyndaky baglanyşygykda hiç hili ylmy subutnama ýok.

↪ Hytaýyň ilki başda COVID-19 pandemiýasyna çemeleşişi baradaky tankytlardan soňra, Ýewropa Bileleşigi BSGG-nyň ýurtlarda ýüze çykýan saglyk krizisleri barada has aç-açan habar bermegini isleýär.

↪ Häzirki wagtda BSGG diňe deksametazony COVID-19 üçin peýdasy tassyklanan derman hasaplaýar. Emma welin, Russiýada koronawirusa garşy ençeme täze dermanlar hasaba alyndy. Deksametazon Russiýada satylýar, emma bu derman diňe kesel agyr degende kömek edýär. Russiýanyň Saglyk ministrligi fawipirawiri, gidroksihlorohini, azitromisin antibiotigini, immuniteti sazlaýjy interferon-alfany, hem-de "Arbidol" diýlip tanalýan umifenowiri koronawirusy bejermekde ulanmagy maslahat berýär. Häzirki wagtda bu dermanlar barada bar bolan maglumatlar esasynda olaryň netijeliligi barada gutarnykly karara gelip bolmaýar diýip, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi belleýär.

↪ Adam koronawirus bilen keselläp gutulanyndan soň, onuň bedeninde antibedenleriň birnäçe aýlap durmagy örän ähtimaldyr. Bu netijä Arizonanyň amerikan uniwersitetiniň alymlary geldiler. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe antibedenleriň koronawirusa garşy immuniteti güýçlendirýändigi barada saldamly subutnama ýok. Emma, bu habar antibedenleriň bedende uzak durmaýandygy baradaky ynançlary puja çykarýar.

Böwreginde kemçilik bolan COVID-19 näsaglarynyň beýleki näsaglara garanda, ýogalmak ähtimallygy has uludyr. Munuň mümkin bolan sebäbi: wirus böwrek gan damarlaryny çişirýär.

↪ Nature žurnalynyň 19 ýurtda geçiren soragnamasynyň netijelerine görä, dünýäniň ilatynyň 28% ýa COVID-19 waksinasyny almakdan ýüz öwrer, ýa-da ýaýdanar.

↪ 7-nji awgustda BSSG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri Hans Kluge Twitter-de şeýle habar paýlaşdy: "BSGG toparyny Türkmenistanyň içinde özbaşdak СOVID-19 barlaglarynyň nusgasyny almaga we BSGG-nyň ýurduň daşyndaky laboratoriýalaryna barlaga ibermegä çagyrdyk. Prezident razy boldy". 31-nji awgustda Saglyk BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň müdiri Paulina Karwowska şeýle sorag bilen ýüzlendi: "Garaşsyz geçirilýän barlaglaryň netijelerini paýlaşyp bilersiňizmi?" BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň jogaby: "Laboratoriýa barlaglaryny geçirjek BSGG missiýasy heniz Türkmenistana gelmedi”. 14-nji oktýabrda Saglyk BSGG-nyň ýurtdaky edarasyna missiýanyň ýagdaýy barada sorap hat iberdi. Hat jogapsyz galýar.

BAŞGA HABARLAR:

↪ Geçen ýyl, pes we orta girdejili döwletlerde howa hapalanmasy sebäpli 500000 ýaş bäbek ýogaldy. Hapa howa ir ölümleriň 4-nji öňdebaryjy sebäbi boldy. Onuň öňünde diňe ýokary gan basyş, temmäki ulanmak, we ýaramaz iýmitlenmek bardy. Hapa howa bütin dünýäde ýüregiň işemiýa keseliniň 20%-ne sebäp bolýar.

Plastik çüýşeden naharlanýan bäbekler her gün millionlarça mikro-bölejikleri kabul edýärler. Emma, ylym mikro-bölejikleriň adama edýän täsiri barada anyk hiç zat bilmeýär. Geçen ýylky BSGG ylmy-barlaglary adaty adamyň günde 300-600 aralygy mikro-bölejikleri kabul edýändigini görkezipdi.

↪ Londonyň uniwersitet kolležiniň ylmy-barlagçylary täze algoritm işläp düzdüler. Bu algoritm inçekeseliň ýokuşma ähtimallygyny anyklamagy aňsatlaşdyryp biler. Inçekesel howpy abanýan adamlary kesel ýokuşmanka anyklamak möhümdir, çünki häzirki barlaglar örän gowşak we her ýyl 10 million ýokuşma anyklanylman galýar.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?

Aerozol geçirijileri barada has köp subutnama tapyldy

Hajathanalarda Covid-19 ýokuşyp bilýärmi?

Koronawirusyň esasy alamaty – ys alşyň ýitmegi

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 30248 gezek okalan