Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DOGRUMDAN SOŇKY DÖWÜRDE ENÄNIŇ GÜN TERTIBINIŇ DÜZGÜNLERI
Dokuz aý dowam eden göwrelilik döwrüniň aladalary we dogrum bilen bagly howsalalar, agyrylar, tolgunmalar yzda galdy. Siz öz enaýyja bäbejigiňiz bilen dogrum öýünden öýe geldiňiz. Ene üçin häzir gün tertibini düzgünleşdirmegiň we şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kadalaryny ýadyna salma wajyp bolup durýandyr.
Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek talaby
Dogrum öýünden çykmazdan öň öýde tertipleýiş we tämizleýiş işlerini geçirme wajyp bolup durýandyr. Çaganyň ýaşajak otagyndan artyk, gerek bolmajak mebel, halylar, öý haýwanlary, eldekileşdirilen öý guşlary çykarylmalydyr. Otag ýygy-ýygydan ýelejiredilmelidir, onuň içinde çilim çekmek, arlyklary guratmak we hapa geýim-eşikleri saklamak bolýan däldir.
Asudalyk we ýokançlyklaryň öňüni almak üçin enäniň aýratyn ýorgan-düşeginiň bolmagy hökmanydyr. Ýorgan-düşegiň daşlary we enäniň eşikleri hepdede 2-3 gezek çalşylmalydyr, düşekde prostynyň üstünden arassa kleýonka we ütüklenen arlyk ýazylmalydyr.
Ýatgynyň nemli gatlagynyň dikeldilmegi dogrumdan soňky 25-30-njy günler tamamlanýar, şol sebäpli ol wagtlar wanna kabul etmek maslahat berilmeýär. Sebäbi suw bilen bilelikde jynshana zyýanly ýokançlyklar düşüp bilýändir. Iň oňaýly ýagdaýy, duş kabul etmekdir. Hammama dogrumdan soň 6-8 hepdeden barmak maslahat berilýär. Dogrumdan soňky döwürde deňizde, derýada ýa-da kölde suwa düşmeklik bolmaýar.
Çagasy bolan ene esasan hem daşky jyns agzalarynyň arassalygyna üns bermelidir. Günde 2 gezek (irden we agşam) daşky jyns agzalary mylaýym, gaýnan suw we sabyn bilen ýuwup, gowy ütüklenen içki eşikleri geýmelidir. Dogrumdan soňky döwürde jyns agzalardan bölünip çykmalary siňdirýan arassa we ütüklenen matany goýmalydyr. Häzirki wagtda bu maksat üçin ýörite taýynlanan arassa, bir gezek ulanylýan serişdeler satylýar.
Dogrumdan soňky döwürde dogrum şikeslenmeleri sebäpli daşky jyns agzalaryna goýlan tikinler aýratyn idegi talap edýändir. Bu barada doly maglumaty siz saýtymyzda ýerleşdirilen "Dogrum ýollarynyň şikeslenmeleri: bejergisi we tikinlere seretmek düzgünleri" atly makaladan okap bilersiňiz.
Süýt mäzlerine seretmek
Enäniň saglygy we çaganyň kadaly ösmegi üçin süýt mäzlerine dogry ideg etmek kadalaryny berjaý etmek wajypdyr. Olar her gün iki gezek mylaýym suw we sabyn bilen ýuwulmalydyr, çaga emdirlenden soň ene süýdüni emzikleriň töweregi bilen çalyp, olary açyp goýmalydyr. Bu çäreler emziklerde döräp biljek jaýryklaryň emele gelmeginiň öňüni alyp biler.
Göwüsden emdirmegiň tehnikasyny berjaý etmek hökmandyr. Eger çaga doýup, göwüs emziklerini agzyndan çykarmaga howlukmaýan bolsa, ony güýç bilen çykarmaly däldir. Onuň üçin biraz çagajygyň burunlaryny gysma ýeterlikdir. Şonda ol agyzjygyny açyp, emzigi göýberýär.
Eger emdirilip bolnandan soň göwüsde süýt galan bolsa, arassa elleriň kömegi bilen ony sagyp aýyrmalydyr. Süýt gaýnadylan, arassa käsä sagylmalydyr. Ene süýdüni sagma sag eliň uly, başam we orta barmaklarynyň kömegi bilen geçirilýär. Uly barmaklar ýokardan, başam barmaklar aşakdan bolar ýaly emzikleri pigmentirlenen daşy bilen tutup, ýeňil hereketler bilen basylmalydyr we şol bada emzikleri aşak we öňe çekmelidir. Süýt sagylanda güýç ulanylmaly däldir. Emzikleriň esasynda ýerleşen myşsa aýlawyny tapyp barmaklar bilen gysylanda, süýt pürkülip çykýandyr. Göwsüň emzikleriň töwereginden ýokarky bölegini gysmaly däldir, çünki bu süýt mäzleriniň şikeslenmesine getirip biler. Süýdi 15 minutdan dowamly sagmaly däldir we göwüsleriň boşaýşyna laýyklykda her emdirmeden soň gaýtalamalydyr.
Käbir aýallarda süýt özbaşdak akyp bilýär. Bu göwüslerde süýdüň köplügini aňlatman, emzikleriň esasynda ýerleşýän nerw süýümleriniň ýetmezçiligini alamatlandyrýandyr. Şonuň üçin hem çagany asuda ýagdaýda emdirmelidir, Howsalalar, stress ýagdaýy süýdüň bölünip çykmagyny kadalaşdyrýan nerw ulgamynyň ýagdaýyna täsir edýändir. Emzikleri gowşak aýallara arassa hasadan ýasalan gury bölekleri emziklere goýup, olary ýygy-ýygy çalyşma maslahat berilýär.
Çaga emdirme döwri enäniň iýmitlenmegi
Çaga emdirýän aýal ýokumly we kadaly iýmitlenmä mätäçdir, çünki onuň kabul edýän önümleriniň mukdary we hili süýdüniň mukdaryna we düzümine täsir edýändir.
Çaga emdirýän aýal her ene süýdüniň 1l. bilen 700 kkal. ýitirýär, şonuň üçin onuň bir günki iýmiti ýokumlylygy boýunça 3500-4000 kkal. deň bolup, şeýle düzümli bolmalydyr: beloklar – 130-140 gr, ýaglar – 100-110gr, uglewodlar – 450-500gr. Onuň üçin çaga emdirýän aýala her gün 120gr. ýagsyz et, 100 gr. ýagly bolmadyk balyk, 170 gr. dorog, 250 ml. süýt, 200 ml. gatyk (rýaženka, asidofil süýdi), 30 gr. mesge we 35 gr. ösümlik ýagyny, 50 gr. gaýmagy, 50 gr. şekeri, 1 ýumurtgany, hersinden 100 gr. gara we ak çöregi, 150 gr. çenli hamyrly önümleri iýmek maslahat berilýär.
Enäniň iýmitinde ter, täze ir-iýmişleriň bolmagy peýdaly bolup, olaryň düzümindäki witaminler we süýümler içegeleriň kadaly işlemegini üpjün edip biler. Olaryň bir günki mukdary – 200 gr. çenli bolup, ter iýmişleriň bir bölegi olardan taýynlanan şireler bilen çalşylyp bilner.
Emdirýän aýala alkogol içgileri içmek, çilim çekmek düýbünden bolmaýar. Şeýle-de, ajy kofe içmek, duzly, ajy, aşhana sirkesi goşulan önümleri, sarymsagy, sogany (diňe gowurlan görnüşde bolýar) iýmek maslahat berilmeýär. Bu önümler süýdüň hiline we tagamyna ýaramaz täsir edip bilerler. Lukmanyň maslahaty we rugsady bolmasa, özbaşdak dermen serişdelerini kabul etmek bolmaýar. Emdirýän aýal adaty kabul edýän mukdaryndan 1l. artyk suwuklyk kabul etmelidir.
Süýdüň ýetmezçilik eden wagty iýmite belogy, ýagy, witaminleri köp mukdarda saklaýan önümleri goşmak maslahat berilýär: 100 gr. golland peýniri (50 gr. günde 2 gezek), gaýmak – 100 gr. (50 gr. günde 2 gezek), suwuk hamyrmaýa – 120 gr. (60 gr. günde 2 gezek), gara smorodinanyň şiresi – 60 ml, bal – 100 gr.(50 gr. günde 2 gezek). Şeýle ýagdaý dörände, iýmitiň düzümine üns bermek bilen birlikde lukmanyň maslahatyny almak hem netijeli bolar.
Gündelik tertibi
Dogrumdan soňky döwrüň saglyk babatda kadaly geçmegi üçin işleme we dynç alma döwürleri dogry gezekleşdirme, arassa howada gezmek wajypdyr. Dogrum öýünden gelensoň, birinji 10 gün aýal hojalyk işlerinden boşadylmalydyr. Ol wagtyň dowamynda ene bilen çaga täze gurşawa we biri-birine öwrenişmelidir. Dogrumdan soňky ilkinji aýlar aýal çalt ýadaýar, şonuň üçin ol öý işlerine ýuwaş-ýuwaşdan girişmelidir.
Aýal agyr fiziki işlerden gaça durmalydyr. Göwrelilik we dogrumdan soňky döwürde ýatgyny saklaýan baglaýjylar we çanaklygyň düýbüni emele getirýän myşsalar süýnýär we olaryň çeýeligi kem-kemden dikeldilýär. Agyr zähmet, agyr göterme, agyr, köp eşikleri ýuwma, uzak wagt eglip tämizleýiş işlerini geçirme ýatgynyň nädogry ýagdaýda durmagyna, içki jyns agzalarynyň aşak süýşmegine getirip bilýändir. Onuň ýaly agramly işleri agyrylaryň, ganly bölünip çykmalaryň bolmadyk ýagdaýynda, dogrumdan soň 6-7 hepdeden ýerine ýetirme maslahat berilýär.
Şonuň bilen bilelikde hem, ýeňil öý zähmeti, ýeňil maşklary geçirme aýal üçin peýdaly bolup biler. Ýeňil fiziki işjeňlik garnyň öňki diwarynyň we çanaklygyň düýbüniň myşsalarynyň çeýeliginiň dikeldilmegine, umumy ýagdaýynyň gowlaşmagyna ýardam berýär.
Arassa howada gezelenç etmek diňe ene üçin dälde, çaga üçin hem peýdalydyr. Dynç alma sagatlary hem ünsden düşürilmeli däldir. Ene gije ýygy-ýygydan çaganyň aladalary bilen oýanmaly bolýar, şonuň üçin ol ukynyň ýetmezçiliginiň öwezini gündizki sagatlar doldurmalydyr. Ukynyň ýetmezçiligi umumy ýagdaýyň erbetleşmegine, gaharjaňlyga, newroza, gan azlylyga, süýdüň azalmagyna we başga saglyk bilen bagly kynçylyklara sezewar edip bilýändir.
Dikeldiş maşklary
Dogrumdan soňky döwürde dikeldiji maşklary dogrumy kadaly geçen hemme sagdyn aýallara ýerine ýetirme maslahat berilýär. Maşklar myşsalaryň bekemegine, süýt mäzleriniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna, ýatgynyň kadaly ýygrylyp kiçelmegine, bedeniň taplanmagyna ýardam berýär. Maşklary kadaly geçen dogrumdan 24 sagat geçenden soň başlama maslahat berlip, olar ýatan ýeriňde geçirilýär we dem alyş maşklardan başlanýar. Wagtyň geçmegi bilen oturan ýa-da dik duran ýeriňden geçirilýän maşklar goşulýar we olaryň dowamlylygy kem-kemden artdyrylýar: oturyp-turma, göwräni dürli taraplara egme we aýlama, elleri hereketlendirme.
Eger aýal dogrumdan öň sport bilen meşgullanan bolsa, dogrumdan soňky döwrüň 4-nji aýyndan türgenleşmelerini başlamak maslahat berilýär. Erjel türgenleşmeleriň, ýadawlygyň süýdüň emele gelmegine ýaramaz täsir edýändigini aýratyn bellemleidir. Çaga emdirilýän döwrüň dowamynda göwüsleriň sowuklamagyna we şikeslenmegine getirip biljek sportuň görnüşleri bilen meşgullanmakdan gaça durmalydyr.
- 4393 gezek okalan