MÖHÜM SORAGA SESLENME

  • Gurtmyrat Allaberdiýew
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (18 Ses)

Bildigiňçe, mydam ýagşy sözlegin,

Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup.

Magtymguly

Bir ýaman söz ýürek bular,

Ýagşyny älem arzuwlar.

Magtymguly

Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,

Tiken bolup, dürtüp geçer donuňdan.

Magtymguly

Aklyň bolsa, märekede az sözle,

Köp söz seni il içinde har eýlär.

Magtymguly

Adamzat taryhynyň başlangyjyndan häzirki ýaşaýan wagtymyza çenli adamlar öz aralarynda ylalaşmak, gürleşmek, pikir alyşmak, has hem giňeldip aýtsak, durmuşyny dowam etdirmek üçin dili ulanypdyrlar. Birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda dil we gürleşmek endigi her hili ewolusiýalardan geçip häzirki görnüşine eýe boldy. Elbetde, beýleki diller ýaly biziň dilimiz hem öz gezeginde ençeme üýtgeşmelere sezewar bolup, häzir hem şol hadysa dowam edýändir. Ýöne men bu makalada gündelik durmuşymyzda dilimize zeper ýetirýän endikleriň üstünde durup geçesim gelýär.

Eger häzirden şeýle endikleriň öňüni almasak, geljekde dilimizde uly kemçilikleriň döremegi ähtimaldyr. Gündelik dilimizde köpleriň ulanýan, ýöne köpleri hem pikirlenmäge mejbur edyän meselelerinden biri bolan hapa, paýyş sözleriň gün-günden has hem ýaýraýandygyna herimiz şaýat bolýarys.

Biz näme üçin hapa söwýäris?

Paýyş sözli dili ulanmazdan durmuşymyzy dowam etmek mümkindir. Ýöne halk arasynda ýaýran pikire görä, gaharly adamyň paýyş sözleri ulanmagy üýtgeşik hereket saýylmaýar, üstesine adaty wagtlarda hem gödek we hapa sözler giňden ulanylma endik edildi. Bu ýagdaý esasan hem ýaşlaryň arasynda uly depginde ýaýraýar. Paýyş sözleriň ýaş tapawudy bolmazdan giňden ulanylmagynda jemgyýetiň iň esasy birligi bolan maşgalanyň täsirli ýeriniň bardygy bellidir. Çagalyk wagtynda ene-atasy we daş-töweregindäki adamlar tarapyndan paýyş sözleriň säginmän we oylanyşylman ulanylmagy, çaga üçin ony gaça durmaly häsiýetleriň hataryndan çykarýar. "Men hem ulalyp şeýle diýsem, hossarlarym garşy çykmaz" diýen pikir döräp başlaýar.

Maşgaladan daşda-köçede, märekede çaganyň şaýat bolýan ähli hereketleri, gürrüňdeşlikleri çaganyň hereketlerine we häsiýetine uly täsirini ýetirýär. Çagalaryň terbiýesinde göýberilen kiçijik kemçilikler ýa-da göze ilteşmeýän endikler, çaga ýetginjek ýaşa ýetende uly kemçiliklere, häsiýetinde düýpli bozulmalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şol sebäpden hem, kiçi ýaşdan maşgala agzalary sözleşme ýagdaýyna jogapkärli çemeleşip, özlerini alyp barşyna has hem üns bermeli, hapa paýyş sözleri ulanmajak bolmaly, çagany nätanyş we hapa sözler ulanýan adamlar bilen ýeke goýmaga ýa-da olar bilen wagt geçirmäge rugsat bermeli däldir.

Paýyş sözleriň ulanylmagynyň düýbünde köplenç ýigrenç bilen baglanşykly duýgular ýer alýar. Ýagny, hormat, sylag-sarpa, söýgi bilen aragatnaşyklar guralsa, ýigrenje ýa-da ýigrenç sözlere ýer berilmese, hapa sözleriň ulanylmagyna hem zerurlyk bolmaz. Sylag-sarpanyň dowamynda bolsa adamkärçiligiň ösmegi we adamlarda gülerýüzlüligiň dowamlylygy berk pugtalanar. Hapa söz ulanýan adamlar bilen gödek hereket edýän adamlaryň arasynda bir baglanşyk bar. Ýürekdäki erbet duýgular, dile hapa sözler alma, gödek hereketleri amala aşyrma netijesinde äşgär edilýär.

Zenanlar, ýaşlar ýa-da "pylanyňy pylan edeýin"

Jemgyýetimizde paýyş sözleriň iň ýaramaz täsir edýän topary – zenanlardyr. Sebäbi paýyş sözlerde zenanlara garşy bir käýinç, kemsidiji sözler ulanylýar. Adamzadyň köpelmek üçin edýän tebigy endigini paýyş sözlerde bir-birinden ýokary boljak bolup ulanýarlar. "Pylanyňy pylan edeýin" ýaly hapa sözler zenanlarymyzy agyr ýaralaýar. Hapa sözleriň jynsy diskriminasiýa hem sebäp bolmagy ahmal, ýa-da jynsy deňsizligiň dowam etmegine kömek edýänligi hem ahmal. Paýyş sözlerde esasy orun erkeklik jyns agzalaryň beýgeldilmegine gönükdirlip, garşydaş jynsy kemsitmek maksat edilýär. Şonun üçin hem, paýyş sözleriň ulanylmagynyň azaldylmagy, aslynda zenanlarymyza hormat goýýandygymyzyň hem subutnamasy bolup biler. Diňe hem olara däl, eýsem daş-töweregimizdäki adamlaryň hemmesine hormat goýýandygymyzy we süýji dil bilen meselelere aralaşylmalydygyny görkezip biler.

Adamlaryň aragatnaşygynyň kämilleşmegi üçin goldaw zerurlydyr. Erbet niýetli aýdylan sözler bolsa kämilleşmegiň öňünde uly böwet bolup durýar. Atalarymyzyň aýdyşy ýaly, arassa we owadan sözler adamy sagaldyp biler, hapa we paýyş sözler bolsa keselledip biler. Kesellemegiň beden taýdan bolşy ýaly, ruhy taýdan hem bolmagy mümkin. Ruhy taýdan sagdyn bolmadyk adamyň beden saglygy hem gowşak bolýar. Hem ruhy, hem bedeni näsaglygyň jemgyýetdäki beyleki adamlara hem ýokuşmagy mümkindir we doly çemeleşilmese has agyr zyýanlary bermegi ahmal. Her agzymyzdan çykjak sözlere üns berip ulansak, ýagny "dil bela diş gala" pähimine eýerip hereket etsek, jemgyýetimizde sagdyn adamlaryň sany artyp, parahat we owadan durmuşda ýaşamagy gazanarys.

Watanyňa hoş geldiň!

Daşary ýurtlarda bolup, daşary ýurt ýaşaýyş tejribesi bolan adamlar yzyna dolanyp gelenlerinde, köplenç gödek sözlere we hereketlere sezewar bolýandyklaryndan närazyçylyklaryny bildirýärler. Mysal üçin, märekede ýa-da adamlaryň bar ýerinde bir zatlar soramak ýa-da adamlara ýüzlenmek kynçylyklarynyň hemmesi gödek jogap almak gorkusynyň netijesinde döreýär. Daşary ýurtlarda adamlar tanamaýan adamlaryna garşy gödek hereket etmeklikden gaça durýarlar. Aragatnaşykda biri-birini tanamasalar hem mylaýym gürleşmegi maksat edinýärler. Şunuň esasy çeşmesi bolsa, olaryň terbiýeleniş ýoly bilen baglanşyklydyr. Çagalykdan, tä ulalýança daş-töwerek nahili bolsa, adam hem şoňa görä ýetişýär. Gündelik durmuşymyzda gödek hereketlerden uzak dursak, mylaýym sözler bilen ylalaşsak, onda jemgyýetiň hem wagtyň geçmegi bilen düzelmegi mümkinmikä diýip pikir edýärin.

Hapa söwünmäň! Söwýani "oýandyryň"!

Paýyş sözleriň giňden ýaýramagynda her bir adamyň jogapkärçiligi bar. Uly jogapkärçilik ene-atalara düşýär. Olaryň çagalaryna tarap hapa sözleri ulanmazlygy ündemegi we özleriniň hem ulanmazlygy wajypdyr. Adamlar märekede, köpçülikde paýyş sözleri ulanýanlara, ýaşyna seretmezden, garşy durmalydyrlar. Hapa sözler ulanylanda äsgermezlik, gülmek hapa söz ulanýan adama iň uly goldaw bolýar. Jemgyýetiň içinde gödeklikleri azaltmak üçin örän hüşgär bolmaly, kiçijik kemçilikleri we nogsanlyklary mylaýymlyk bilen çözmäge çemeleşmeli. Esasan, ýaşlaryň arasynda hapa sözleriň adatylaşmagyna garşy hereket edip, olara hormat goýup diňlemeli. Psihologiki näsazlyklar hapa sözleriň ýygy ulanylmagyna getirip biler. Ýaşlar özlerine üns berilýändigini parhlasalar, süýji diliň häsiýetleriniň dikeldilmegine tarap uly iterginiň bolmagy ahmal. Garaz, adamlaryň arasyndaky aragatnaşygyň düzedilmegi esasy maksat bolmaly. Şeýlelik bilen, hapa paýyş sözleriň öňüni almakda biziň herimis manyly ädimleri ädip bileris.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Makaladaky suratyň awtory: Merjen Gylyjewa

  • 2471 gezek okalan

Teswirler (8)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Tokar..

Köpçülik ýerlerde, köçelerde ýaş aýal-gyzlaryň hiç bir üşenmän agzyna alýan hapa sözlerini eşiden ýaşuly aýallarda we erkek adamlarda nähili duýgy döredýändigini bir göz öňüne getirjek bolup bir görüň. Olara düzediş berjek bolup aýdan sözüňize...

Köpçülik ýerlerde, köçelerde ýaş aýal-gyzlaryň hiç bir üşenmän agzyna alýan hapa sözlerini eşiden ýaşuly aýallarda we erkek adamlarda nähili duýgy döredýändigini bir göz öňüne getirjek bolup bir görüň. Olara düzediş berjek bolup aýdan sözüňize alan jogabyňyz sizi elem tas edäýmezmikä?!

Dowamy
 
  1. Gartaşan.

Mylaýym we mähirli däl dil bolmagy mümkin däl. Ony diňe ýoýýam adamlar her hakda hem bar. Bizde "aýaly başdan, oglany ýaşdan" diýilişi ýaly çagalara kiçilikden kadaly gepleşik dilini kalbyna ornaşdyrmaly we onuň alynyp barylşyny göz astynda...

Mylaýym we mähirli däl dil bolmagy mümkin däl. Ony diňe ýoýýam adamlar her hakda hem bar. Bizde "aýaly başdan, oglany ýaşdan" diýilişi ýaly çagalara kiçilikden kadaly gepleşik dilini kalbyna ornaşdyrmaly we onuň alynyp barylşyny göz astynda saklamaly.

Dowamy
 
  1. Agallaş

Käbir ene-atalar ogly ulalyp paýyş sözler ulanyp ugrasa ony erkekligiň bir nyşany hasaplap, oňa ýylgyryşyp hondan bärsi bolýarlar. Onuň soňy "näme ekseň şonam orarsyňa" barýar ahyryn.

 
  1. Weli.

Beýik Magtymguly öz halkyna durmuşyň gowy taraplaryny arzuw etmek bilen ýagşy sözüň nähili bahasynyň bardygyny döredijiliginde aýdyp düşündiripdir. Ajaýyp dana şahyry bolan halk ondan öwrener, ???<br /> geplemegi durmuşyň sapagyna öwrer diýen uly...

Beýik Magtymguly öz halkyna durmuşyň gowy taraplaryny arzuw etmek bilen ýagşy sözüň nähili bahasynyň bardygyny döredijiliginde aýdyp düşündiripdir. Ajaýyp dana şahyry bolan halk ondan öwrener, ???<br /> geplemegi durmuşyň sapagyna öwrer diýen uly ynamda ýaşaýarys.

Dowamy
 
  1. Bossan.

Soňky wagtlarda paýyş sözler şeýle bir durmuşymyza ornaşdy weli, käbirleri şol nejis sözler ulanmasalar sözleri gury bolaýjak ýaly pikir edýärler. Onuň sebäbi olaryň medeniýetsizliginiň ýa-da töweregindäki adamlaryň garawsyzlygy.

 
  1. Geldili.

Kä wagt oturyp haýran galýarsyň. Nämedendir bizde yzyny üzmän ösüp barýan ykdysadiýet we syýasat hakynda aýdylyp ýa-da ýazylýar weli döwlet dili bolan öz dilimiz hakynda ýabygorly aýdylýar. Adam gatnaşyklarynyň we beýleki ugurlarda wajyp durmuşyň...

Kä wagt oturyp haýran galýarsyň. Nämedendir bizde yzyny üzmän ösüp barýan ykdysadiýet we syýasat hakynda aýdylyp ýa-da ýazylýar weli döwlet dili bolan öz dilimiz hakynda ýabygorly aýdylýar. Adam gatnaşyklarynyň we beýleki ugurlarda wajyp durmuşyň esaslary bolan dilimize kembaha garamak halkyň başyna musallat getirjegi şu günlerde bildirip ugrady. Ezber ýapyşmasak "soňky tüýkülik sakgal ezmernikä" diýýärin.

Dowamy
 
  1. Begli.

Hormatly Gurtmyrat! Seniň ýazan seslenmäňi okadym we tüýs ýürekden dertdeşdigimi bildirýärin. Bizde soňky wagtlarda şeýle bir gepleşik dili ýoýuldy weli mähirli gepleşik diline ýaşlaryň köpüsi düşünip hem baranok. Gaty gynanýan weli nätjekdä...

Hormatly Gurtmyrat! Seniň ýazan seslenmäňi okadym we tüýs ýürekden dertdeşdigimi bildirýärin. Bizde soňky wagtlarda şeýle bir gepleşik dili ýoýuldy weli mähirli gepleşik diline ýaşlaryň köpüsi düşünip hem baranok. Gaty gynanýan weli nätjekdä "Mollasy köp bolsa toklusy haram öler" diýeni bolaýdy öýdýän.

Dowamy
 
  1. Polly.

Paýyş sözler bilen gepleşmäni öwrenen adam sözüne piriwa etmeýär. Ol saňa hapa zady ýatladýar. Nejasada kesek atsaň ol üsti-başyňy hem hapalaýar.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location