Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Saglygyň redaksiýasy 2020-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen konstruktiw gatnaşyklary açmaga meýillilik bildirip, ministrligiň websaýty barada synyny we hoşniýetli tekliplerini çap edipdi. Ministrlik hatlarymyzy jogapsyz galdyrsa-da, tekliplerimizi göz öňünde tutana meňzeýär. Çünki 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ministrligiň websaýtynyň täzelenendigini we oňa biziň beren tekliplerimiziň hem käbiriniň ornaşdyrylandygyny görýäris.
Ýakynda Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) 87-nji mejlisi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň dürli ministrliklerinden 9 sany aýal wekiller gatnaşyp, ýurtda aýal-gyzlaryň ýagdaýlary barada çykyş etdiler we soraglara jogap berdiler. Olaryň biri "aýallaryň hukuklaryndan borçlary möhümdir" diýip gygyrsa, beýlekisi abortyň möhletini göwreliligiň 5-nji hepdesine çenli azaltmagyň milli aýratynlyklarymyza gabat gelýändigini belledi. Olaryň çykyşlaryny diňlänimde jemgyýetimizde aýallaryň kiçeldilmegine we hukuklarynyň bozulmagyna aýallaryň özleriniň nähili derejede goşant goşýandygy hakynda oýlandym. Olaryň bolşy maňa jemgyýetimizdäki adaty aýallaryň ençemesiniň bolşuny ýatlatdy.
Bu sitatalar ýygyndysynda, Progres.online redaksiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Ženewada geçirilen Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) 87-nji mejlisinde Türkmenistanyň delegasiýalarynyň eden çykyşlarynyň käbirini okyjylara hödürleýär.
Türkmenistanyň delegasiýasynyň düzümini Daşary işler ministrliginden, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden wekiller, Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekilleri düzdüler… Ženewadaky duşuşyklara esaslanyp, CEDAW Türkmenistana Jemleýji synlaryny we maslahatlaryny çap etdi.
Şäheriň dürli raýonlaryndan we Aşgabadyň gyralaryndan ýöräniňde ençeme öýsüz haýwanlary görmek bolýar. Pişikler hiç kimi üýtgeşik gorkuzmaýan ýa aladalandyrmaýan bolsalar-da, köpler köçe güjükleriniň sürüsine duşmakdan heder edýärler. Köplenç, adamlaryň güjüklerden ýaňa belli bir ýere ýa-da zibil gutularynyň ýanyna baryp bilmeýändiginden ýa-da köçede ýeke ýöräp bilmeýändiginden zeýrenýändiklerini eşitmek bolýar. Bu meselä çäre görmek üçin bolsa, jemagat hyzmatlaryna jaň edip, bu itleri tutdurmak we "zyýansyzlandyrtmak" teklip edilýär.
Sen ýurdumyzda çagalaryň ýagdaýy barada nähili möhüm sanlary bilýärsiň? Takyk we ygtybarly sanlar durnukly ösüşiň hem-de progressiw döwlet gurluşynyň we dolanyşygynyň özenidir. Ygtybarly sanlary ýygnamak bolsa, diňe bir ykjam guramaçylygy däl, eýsem öz durmuşlarynyň we halkyň gelejeginiň aladasyny edýän raýatlaryň işjeň gatnaşygyny talap edýär. Raýatlaryň her bir zatdan habarly bolup, seslerini eşitdirip bilmekleri ýurtda olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan kararlaryň kabul edilmegine we ýaşaýyşlarynyň hiliniň gowulanmagyna ýol açýar.
2023-nji ýylyň maý aýynyň 15-17 aralygy UNFPA Türkmenistan özüniň Instagram sahypasynda Halkara maşgalalar gününe bagyşlap habar beriş kampaniýasyny geçirdi. UNFPA Türkmenistanyň sosial kadalary soraglamak hem-de deňlik, ikitaraplaýyn hormat we deň bölünen jogapkärçilik medeniýetini ösdürmek ugrunda iş alyp barýandygy begendirýär. Şeýle konstruktiw tagallalar Türkmenistanda has inklýuziw jemgyýetiň kemala gelmegine saldamly goşant goşup biler.
Biz Saglykda soňky 13 ýyl bäri maşgalany meýilleşdirmek, jynsy we reproduktiw saglyk temalaryndan kontent döredip gelýäris. Biz UNFPA Türkmenistana geljekde ilata habar beriş kampaniýalaryny taýýarlamakda ýardam edip biljek tekliplerimizi hödürlemek isleýäris.
Öýdäki zorluk her bir ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem düýpli ornaşan meseledir. Hökümetimiz bu meseläni ünsden düşürse-de, ençeme döwletler öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrdy ýa-da onuň öňüni almak üçin çäreler görmäge başlady.
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Özbegistanyň parlamenti öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrmagy tassyklady. Ýurduň Jenaýat we Administratiw kanunyna giriziljek täze üýtgetmeler öýdäki zorlugy jenaýat hasaplar hem-de aýallary we çagalary goramak üçin goşmaça gorag mehanizmleri bilen üpjün eder. Bu üýtgetmeler prezident tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer. Özbegistan Merkezi Aziýada Gyrgyzystandan soň öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyran ikinji döwletdir.
Men syrkaw, 6 ýyldan bäri ysgynsyzlyk keselinden ejir çekýän. Ysgynsyzlyk 6 ýylyň içinde ýuwaşdan tutuş bedenime ýaýrap, elimiň aýagymyň güýç kuwadyny gaçyrýar. Bu ýerde köp hassahanalarda bejergide boldym, her 6 aýdan näçe çykdaýjy etdim, hiç peýdasy bolmady.
Biziň jemgyýetimizde çagalara edilýän jynsy zorluk hadysalary barada açyk gürrüň edilmeýär. Degişli statistiki maglumatlar hem elýeterli däl. Köplenç halatlarda, jynsy zorluga kiçi ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar duçar bolýarlar. Çünki olar durmuşy tejribesi az, ynanjaň, diýen ediji, ýagdaýa baha berip netije çykarmaga ukypsyz bolýarlar. Şol bir wagtda hem, olar duýgur we goragsyz bolup, zorlugy başdan geçirmek ruhy ýagdaýlaryna zarba urup biler.
Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almagyň amatly we subut edilen ýollary bar hem bolsa, olary heniz dünýäniň her bir ýurdy durmuşa geçirip bilmeýär. UNFPA tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabrynda taýýarlanylan "Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň öňüni alşyň, bejerişiň we palliatiw kömegiň geriminiň analizi" hasabatda GÝMA sebitindäki ýurtlarda we territoriýalarda ragyň bu görnüşine degişli maglumatlar we maslahatlar berilýär. Hasabat Türkmenistana degişli hem möhüm synlary we maslahatlary hödürleýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.