Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TALYPLYK DURMUŞY: “ÖÝI KÜÝSEME” KESELINI NÄDIP ÝEŇIP GEÇMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (46 Ses)

Haçanda men Ystambul şäherindäki Bogaziçi uniwersitetiniň bosagasyndan ilkinji gezek ätlänimde tolgunma duýgusyndan başga zat duýamokdym. Täze şäher, täze okuw ýyly. Meniň durmuşymda täze bir sahypanyň açylýandygyny duýmana başlapdym. Ýöne meniň ýüregimde geň bir duýgy bardy, ol hem daş-töweregimi gurşap alanlaryň täze, nätanyş adamlaryň bolmasydy. Şeýlelik bilen, men bir gün özümi ýalňyz duýmana başladym. Gözümi ýumanymda yekeje zady görüp bilýärdim, ol hem diňe maşgalam we dostlarymdy. Gündelik edýän hereketlerimiň ýerini täze jemgyýet we akademiki sütemler, öyümiň ýerini bolsa ençeme nätanyş adamlar bilen doly bolan umumy ýaşaýyş jaýy eyeläpdi. Şol wagt özümiň "öýi küýseme" keseline duçar bolandygym hakynda pikirlenmäne başladym.

"Öýi küýsemek" keseli – şu wagt ýada geljekde öýden aýry düşme sebäpli emele gelen gynanma, tukatlylyk ýa-da ejizleme ýagdaýydyr. Onuň esasy sebäpleri Watan, öý, ýzda galan maşgala, garyndaşlar baradaky pikirleriň adamyň akyl aňyny doly gurşap almagy bilen baglanşyklydyr.

"Öýi küýsemek" keseli – "öýden we dost-ýarlardan, garyndaşlardan, Watandan jyda düşme sebäpli dörän hasratlylyk we ruhyçökgünlilik" diýip bellenilse hem dogry bolardy.

Ençeme ýokary okuw jaýynyň okuwçylary birinji okuw yylynyň dowamynda öz maşgalasy we jemgyýetinden aýrylandygy sebäpli ruhyçökgünligi, ýalňyzlygy başdan geçirýärler. Bu duýgular talyplaryň okuw ýyllarynyň adaty bir bölegine öwrülýär. Ýalňyzlyk duýgylary adama käbir durmuş meselerini ýeňip geçmegiň gerekli ýollaryny tapmaga hem kömek edip biler. Bu ýagdaýdan aňsatlyk bilen gutulmak bolsa, ýenede beýle duýgulary başdan geçirýän adamyň erkine garaşly bolup durýar.

"Öýi küýsemek" duýgusynyň saglyga ýetirýän täsiri

Hasrat keseli başga ençeme psihologik keseller ýaly öňünden bir çäre görülmese ýaramaz, agyr gaýraüzlmeler bilen soňlanyp bilýär. Esasan hem bu yetginjeklere has erbet täsir edyär, hatda eger bu keseliň öňi alynmasa ýa-da bu kesele garşy maslahat berilmese adamy pajygaly ýagdaýlara – ölüme, janyňa kast etmege ýetirip biljekdigi barada psihologlar belläp geçyärler. Şol sebäpli, bu keselden adamlaryň, esasan hem daşary ýurtlarda okuwa başlajak ýaşlaryň habardar edilmesi gaty möhüm bolup durýandyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlarynda, 90 ýurtda 15-19 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda global derejesinde janyna kast etme ähtimallygy ýokary bolup durýar diýip nygtalýar. Erkek adamlaryň (10.5%) janyna kast etme derejesi aýal maşgalalara (4.1%) garanda gaty ýokary bolup durýar. 90 ýurtda ýogalan 132.423 sany ýaş adamlaryň 9.1%-iň öz janyna kast edendikleri bellenilip geçilýär. 2011-nji ýylda Amerikanyň Yokary okuw jaýlarynyň saglyk bileleşikleriniň berýän maglumatlarynda, yokary okuw jaýynda okaýan talyplaryň 30%-iň geçen okuw ýyllarynyň käbir möwsümlerinde gaty ynjalyksyz bolmagy sebäpli, olara täze ýere ornaşmagyň kyn düşendigi barada aýdylyp geçilýär.

Meniň bu ýagdaýy nädip ýeňip geçendigim hakynda siziň bilen paýlaşmak isleýän. Wagtyň geçmegi bilen mende bu keseliň juda güýjeýändigini duýdum we bu ýagdaýyň beýle dowam edip bilmejegine göz ýetirdim. Ilki bilen şeýle ýagdaýy öň başyndan geçiren talyplardan sorap görmegi ýüregime düwdüm. Şol wagt menden öň gelen bir türkmen talyby bilen tanyşdym we meniň esasy bilmek isleýän soraglarymy bermegi hyýallaşdyrdym. Seredip otursam, bu ýagdaýy diňe meniň däl, eýsem her bir täze gelen talyplaryň, esasan hem daşary ýurtlardan okamana gelýän talyplaryň gaty kän başlaryndan geçirýändigini bildim. Ýöne meni esasy gyzyklandyrýan zat bu ýagdaýy ýeňip geçmegiň netijeli ýollarydy. Talyp tanşymyň aýtmagyna görä, "öýi küýseme" keselini ýeňip geçmegiň ýeke-täk ýoly – öz erkiňi türgenleşdirmekdi. Aslynda bolsa çözgüt gaty aňsat bolup, ol hem ünsüňi başga zatlara bermekdi. Şol pursatdan soň, men okuwdan başga wagtlar halaýan zatlarymy etmäne we başga adamlar bilen tanyşmaga ymtylyp başladym. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen men öz ruhy çökgünliligimi ýeňmäni başardym.

Näme etmeli?

Bu ýagdaýyň öňüni alyp bilmek we ýeňip geçmek üçin aşakdaky maslahatlara eýerme peýdaly bolup biler.

1. Täze dostlary edinmek. Adamlar bilen aragatnaşykda boluň. Hatda şol wagt ýakyn dostuňyz ýa-da ýakyn gatnaşyklar ýok hem bolsa, siz durmyşyňyzda başga adamlaryň goldawyna, düşünmegine mätäç bolup durýarsyňyz.

2. Optimist bolmak. Biz käwagt ýeke galmagy ýalňyz galmak bilen garyşdyrýarys. Biziň garaýşymyza göra ýalňyzlyk perişan we gaça durulýan bir ýagdaý hasaplanylýar. Ýöne hemme zat biziň ýagdaýy kabul edişimize baglydyr. Şonyň üçin, adam her wagt başyna gelip biljek ýagdaýlara hemişe pozitiw seretmäni başarmalydyr.

3. "Ilki turist bolmak, soňra ýerli" düşünjesi. Şäheriň medeniyetini we taryhyny owrenmek uçin onun iň meşhur meydançalaryny we belli ýerlerini gezip görmäne synanşyň. Bu gezelenç siz üçin ýakymly dynç alma üçin ýerleri we tagamly nygmatlary bilen belli naharhanalary tapmaga kömek berip biler.

4. Özüňizi tanatmak. Eger ýüregiňiz gysyp başlasa, daş-töweregiňizdäki adamlara özuňizi tanadyň. Tanyşlykda özüňizi bolşuňyz ýaly alyp baryň we olara düşünmäge ymtylýandygyňyz barada duýduryň.

5. Täze şäher barada maglumat ýygnamak. Ýaşaýan ýeriňiz barada maglumat toplaň we hökman syýahat etmegi meýilleşdirýän ýerleriňizi belläp goýuň. Syýahata gitmezden öň hökman gezer ýaly ýerleriň sanawyny belläň. Bu size öýüňiz hakyndaky ýatlamalar bilen gama batyp oturmagyň deregine, indiki täze bolup geçjek başdan geçirmeleriňize gyzyklanma döreder.

6. Maşk etmek, daşarda ylgamak, pyýada ýöremek. Maşk etme wajyp usullaryň biridir. Bu diňe ruhyçökgünliligi peseltmän, eysem siziň sagdyn bolmagyňyza kömek eder. Nädogry iýip-içmek we hereketsiz durmuş adamyň tabyny çökerýär. Bu ýagdaý hem siziň özüňizi gowy duýmaýan wagtlaryňyz has hem erbet täsir eder.

7. Günüň dowamynda özüňiz üçin boş wagty tapmak. Aslynda öz kynçylyklaryňyzdan gaçmak gowy çözgüt bolmasa hem, her gün asuda ýerde 30 min. ýalňyz galyp plikirlenmek adama kömek edip biler. Hemişe žurnallarda peýdaly, keýpiňizi göterjek makalalary okamana we aladalaryňyzy çözäýjek pozitiw pikirlere ünsiňizi bermäne synanşyň. Boş, hiç kimiň ýok otagyny tapyp, çyralary söndüriň, gözleriňizi yumuň we uludan dem alyp rahatlanyň. Şular ýaly arakesmeleri almak asudalyk üçin möhüm bolup biler.

8. Duýgylaryňyzy başga adamlara beýan ediň, pikirleriňizi paýlaşyň. "Bu ýagdaýa duçar bolan yekeje adam – ol hem men" diýip pikirlenseňiz hem, bu beýle däldir. Bu ýakymsyz ýagdaý her kimde diýen ýaly ýüze çykyp bilýändir. Dogry, "öýi küýseme" gamgynlylygy bilen ýeke galyp, ýalňyzlykda hasrat çekip hem bilseňiz, ýakyn dostlaryňyz bilen öz içki duýgularyňyzy paýlaşmaga ymtylyň. Şeýlelik bilen siz öň bu "keseli" ýeňip geçen dostlaryňyzdan peýdaly maslahatlary alyp bilersiňiz.

Awtor: Nurmyrat Atageldiyew we Dilber Hanowa

  • 7058 gezek okalan