Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ILAT SANYNYŇ KÖPELMEGINE GOLDAW: NETIJELI WE ÝARAMAZ TEJRIBELER

• Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.35 (20 Ses)

"The economist" žurnalynda şu ýylyň iýul aýynyň 25-ne çap edilen "Baby love" atly makalada ilat sany we ony köpeltmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy we çaga idegi hakynda käbir maglumatlara ünsi çekmek islenilipdir. Ilat köpelmek depgininiň pesliginiň ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän täsiri we depgini ýokarlandyrmak üçin jemgyýete we esasan hem enelere berilmeli kömekler, çaga idegi hakyndaky ýardamlar, geçirilen barlaglar we hökümetleriň başdan geçiren tejribeleri beýan edilýär.

Adamzat köpelip şu wagt 7 milliard töweregi sana ýetdi. Elbetde, çaga dogurmagyň köpelmegiň depgini häzirki döwürde ýurtdan ýurda görä üýtgeşiklik görkezýär. Garyp ýurtlarda ilatyň köpelmek depgini ýokary bolsa, baý ýurtlarda ilatyň köpelmek depgini pes derejede bolup durýar. Meselem, Nigeriýada zenanyň ortaça ýedi çagasy bolýan bolsa, Honk-Gonkda ilatyň köpelmek sany 1,1deňdir. Ýagny, iki sany adamdan ortaça 1,1 çaganyň bolmagy diýmek ilatyň azalýandygyny görkezýän görkezijidir. Eger ilatyň sanyny şol bir durkunda saklama meýilleşdirilýän bolsa, bu san her bir jübütden ortaça 2 sany çaganyň dogmalydygyny aňladýar. Hong-Gonkda ýakyn wagtlarda çaga dogmagyň şeýle depginleri dowam edilse, ilat sanynyň 2 esse azalmagy garaşylýar. Germaniýada, Ýaponiýada we Italiýada bolsa bu dereje 1,4 çemesidir.

Ilatyň azalmagynyň özi bilen düýpli kynçylyklara getirmegi ahmal. Meselem, Gresiýadaky pensiýa ulgamynyň çökmeginiň sebäplerinden biri hem, ilat sanynyň köpeliş depgininiň 1.3 barabar bolmagydyr. Ilatyň aglaba bölegi garrap azalansoň, hökümetlere şu soraga jogap gözlemeli bolýar: kim salgytlary tölemeli, hökümeti nähili dolandyrmaly?

Elbetde, beýle hökümeti dolandyrmak aňsat däl, ýöne ilat sanyny köpeltmek üçin maşgalanyň, esasan hem eneleriň ýagdaýyny merkeze alýan maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginiň, salgytlaryň wagtynda hem-de doly tölenmegini, işçi güýjünde artyşlary, şeýlelik bilen ykdysadyýetde ösüşleri gazanmaga itergi berip biler. Käbir adamlar bolsa döwletiň maşgala meselelerine gatyşmazlygynyň dogrulygy barada pikiri öňe atýarlar. Emma bu ýagdaýyň döwletiň ykdysady we jemgyýetçilik meselelerine degişli bolany üçin, ol hökümetlerden düýpli reformalaryň geçirilmegini talap edýändir.

Import edilen ilat

Ykdysadyýet taýdan ösen, baý ýurtlar üçin ilatyň ýaşyny peseltmegiň arzan we ýeňil ýollarynyň biri – emigrantlary ýurda kabul etmekdir. Olary işletmek üçin belli şertleri döretmek hem gerek däl, olar hemişe işlemäge taýyn.

Netijesiz tejribeler

Käbir geçirilen syýasatlar hiç hili täsirli bolmandyr. Meselem, Sowetler döwründe köp çagasy bolan enelere "Gahryman ene" medallarynyň berilmegi täsirli bolmandy. Hökümet tarapyndan beriljek çaga haky pullary, barybir çaga edinjek maşgalalara gidýärdi. Ýagny çagasy ýok ene-atalar üçin höwes döredenokdy.

Netijeli tejribeler

Barlaglaryň görkezişi ýaly, çaga dogurmaga itergi berýän esasy faktor – çaga ideginiň pul kömegi bilen goldanmagydyr. Enelik döwrüniň we ol döwürde işlemegiň goşmaça çykdaýjysy azaldylyp, ýeňillikler döredilse, aslynda hem enelige, hem-de işlemäge höwes dörederdi. Elýeterli çaga ideginiň şertleriniň döredilmegi, Kanadanyň Kuebek şäheriniň iň pes derejeden iň ýokary çaga dogurmak derejesine eýe bolmagyna kömek edipdir.

Çaga dogumy, çagalar bagy, mekdep...

Ýurdumyzda ilat sanyny köpeltmek maksady bilen her çaga üçin aýallara bir gezek kömek puly berilýär. Soň hem kömek pullary çaga üçin 3 ýaşaýança berilýär. Ýöne aýallaryň bellemegine görä, bu kömegiň ýeterlik däldigi sebäpli, aýallaryň aglaba bölegi 1-2 çagadan köp dogmakdan saklanýarlar. Bu bolsa bu ugurda entek hem netijeli we düýpli özgerişikleriň geçirilmelidigini talap edýär. Meselem, okuw meýilnamasynyň dünýä ülňülerine dogry getirilmegi, çaga ideginden daşary beriläýjek goşmaça hyzmatlary hödürleýän çagalar bagy eneleriň gaýgylaryny azaldar. Beýleki tarapdan bolsa, beýle ýokary standartlar çaganyň akyl, zehin we bedeni ösüşine hem goşant goşjagy şübhesizdir. Çagasynyň goldawly we oňat ideginiň barlygyna ynanan aýallar çaga dogurmak meselesinde hiç hili alada duýmazlar.

Ýokary hilli we goldawly çaga idegi döredilse, zenanlaryň çaga dogurandan soň hem, hünärde ösüşlerini bökdençsiz dowam etmeklikleri üçin itergi berip biler. Bu bolsa, zenanlar, öndürijilik we döwlet býudjety üçin peýdaly bolardy.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Suraý Berdiýewa

• 1864 gezek okalan

Teswirler (11)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. Yktysatçy.

Garyp ýurtlarda ilat sanynyň ösmegi çaga sanyny meýilleşdirmäge hiç hili ünsüň bolmandygy bilen baglydyr. Sowetler döwründe, häzirki wagtda hem birnäçeler ony şeýle dowam etdirýärler. Ykdysady ýagdaýlaryň ýüze çykarýan kynçylyklary umumy...

Garyp ýurtlarda ilat sanynyň ösmegi çaga sanyny meýilleşdirmäge hiç hili ünsüň bolmandygy bilen baglydyr. Sowetler döwründe, häzirki wagtda hem birnäçeler ony şeýle dowam etdirýärler. Ykdysady ýagdaýlaryň ýüze çykarýan kynçylyklary umumy köpçüligiň maşgala sanyny meýilleşdirmeginiň zerurdygyny öňe çykarýar.

Dowamy

1. Toýjan.

Häzirki siwilizlenen dünýäde ykdysadyýet ösdürilmän, eneler we çagalar babatda aladalary gowulandyrman çaga dogmagyny artdyrmak mümkin bolmasa gerek. Dünýä halklarynyň aragatnaşyklarynyň gowulaşmagy bilen olaryň maşgala bolan garaýyşlarynda we...

Häzirki siwilizlenen dünýäde ykdysadyýet ösdürilmän, eneler we çagalar babatda aladalary gowulandyrman çaga dogmagyny artdyrmak mümkin bolmasa gerek. Dünýä halklarynyň aragatnaşyklarynyň gowulaşmagy bilen olaryň maşgala bolan garaýyşlarynda we meýilnamalarynda sazlaşyk duýulýar.

Dowamy

1. Indigo

[quote name="Awtor"]Elbetde beýle gaýgylar öňden bäri bar. Biogenetika bilen meşgullanýan adamlaryň uly kömegi bilen iýmitleriň, gök-önümleriň genetikasy öýtgedilip, we biotehnologiýanyň ýoly bilen iýmit azlygyna gytlygyna çözgüt gözlenilýär....

[quote name="Awtor"]Elbetde beýle gaýgylar öňden bäri bar. Biogenetika bilen meşgullanýan adamlaryň uly kömegi bilen iýmitleriň, gök-önümleriň genetikasy öýtgedilip, we biotehnologiýanyň ýoly bilen iýmit azlygyna gytlygyna çözgüt gözlenilýär. Beýleki tarapdan, adamlara şunça çaga doguryň ýa-da dogurmaň diýip aýtmaklyk olary muňa zorlamak olaryň azatlyklaryň, adam hukuklaryna ters geler.[/quote]

Ylalaşýaryn.
Ýöne ýakyn wagtda demografiýa problemasy bütin adamzadyň öňünde özüni mälim etmegi mümkin.

Dowamy

1. Awtor

[quote name="Inkognito"]Hawa, ýöne adam sany tükeniksiz köpeldilip dursa bir planeta biz üçin az bolmazmy? Ilat sanyny belli bir derejede saklasak, iýmiti hemme kişä ýeterlikli bolar ýaly bölsek dogry bolmazmy?[/quote]
Elbetde beýle gaýgylar...

[quote name="Inkognito"]Hawa, ýöne adam sany tükeniksiz köpeldilip dursa bir planeta biz üçin az bolmazmy? Ilat sanyny belli bir derejede saklasak, iýmiti hemme kişä ýeterlikli bolar ýaly bölsek dogry bolmazmy?[/quote]
Elbetde beýle gaýgylar öňden bäri bar. Biogenetika bilen meşgullanýan adamlaryň uly kömegi bilen iýmitleriň, gök-önümleriň genetikasy öýtgedilip, we biotehnologiýanyň ýoly bilen iýmit azlygyna gytlygyna çözgüt gözlenilýär. Beýleki tarapdan, adamlara şunça çaga doguryň ýa-da dogurmaň diýip aýtmaklyk olary muňa zorlamak olaryň azatlyklaryň, adam hukuklaryna ters geler.

Dowamy

1. Betje

[quote name="Betje"]
Dinge iýmit däl!!!! Bizde suw ýetmez hemme adamlara. Hiç hili hasapsyz türkmenler dogurup gidip barýarlar.[/quote]

Mashgalany planlashdyrmaly, ayda $40 berilýär diýp dogurmaly däl. Pikrilenmeli suw, iýmit...

[quote name="Betje"]
Dinge iýmit däl!!!! Bizde suw ýetmez hemme adamlara. Hiç hili hasapsyz türkmenler dogurup gidip barýarlar.[/quote]

Mashgalany planlashdyrmaly, ayda $40 berilýär diýp dogurmaly däl. Pikrilenmeli suw, iýmit ýetjekmi, okuw, iş boljakmy, nähili derejede çagaň kösenjek.

Dowamy

1. Betje

[quote name="Inkognito"]Hawa, ýöne adam sany tükeniksiz köpeldilip dursa bir planeta biz üçin az bolmazmy? Ilat sanyny belli bir derejede saklasak, iýmiti hemme kişä ýeterlikli bolar ýaly bölsek dogry bolmazmy?[/quote]

Dinge iýmit...

[quote name="Inkognito"]Hawa, ýöne adam sany tükeniksiz köpeldilip dursa bir planeta biz üçin az bolmazmy? Ilat sanyny belli bir derejede saklasak, iýmiti hemme kişä ýeterlikli bolar ýaly bölsek dogry bolmazmy?[/quote]

Dinge iýmit däl!!!! Bizde suw ýetmez hemme adamlara. Hiç hili hasapsyz türkmenler dogurup gidip barýarlar.

Dowamy

1. Inkognito

[quote name="Awtor"]
Iýmitiň defisiti üçin bir tarapda çäkli mukdarda iýmit bolmagy zerurdyr. Bir tarapda hem çäksiz mukdarda adamyň zerurlylygy bar.Hökümetleriň ilat köpeldiş meýilnamalarynyň bir bölegi hem ilaty azyk üpjünçiligini doly...

[quote name="Awtor"]
Iýmitiň defisiti üçin bir tarapda çäkli mukdarda iýmit bolmagy zerurdyr. Bir tarapda hem çäksiz mukdarda adamyň zerurlylygy bar.Hökümetleriň ilat köpeldiş meýilnamalarynyň bir bölegi hem ilaty azyk üpjünçiligini doly ýerine ýetirmekdir. PLanly hereket edilen ýagdaýynda beýle kynçylyklaryň çekilmejegini mälimdir.[/quote]
Hawa, ýöne adam sany tükeniksiz köpeldilip dursa bir planeta biz üçin az bolmazmy? Ilat sanyny belli bir derejede saklasak, iýmiti hemme kişä ýeterlikli bolar ýaly bölsek dogry bolmazmy?

Dowamy

1. Awtor

[quote name="inkognito"]Ilaty gereginden artyk köpeltmek iýmitiň defisityna getirmezmi?[/quote]

Iýmitiň defisiti üçin bir tarapda çäkli mukdarda iýmit bolmagy zerurdyr. Bir tarapda hem çäksiz mukdarda adamyň zerurlylygy...

[quote name="inkognito"]Ilaty gereginden artyk köpeltmek iýmitiň defisityna getirmezmi?[/quote]

Iýmitiň defisiti üçin bir tarapda çäkli mukdarda iýmit bolmagy zerurdyr. Bir tarapda hem çäksiz mukdarda adamyň zerurlylygy bar.Hökümetleriň ilat köpeldiş meýilnamalarynyň bir bölegi hem ilaty azyk üpjünçiligini doly ýerine ýetirmekdir. PLanly hereket edilen ýagdaýynda beýle kynçylyklaryň çekilmejegini mälimdir.

Dowamy

1. Hajyly

Bizde Garaşsyzlygyň ilkinji 17 ýylynda enelere we çagalara kömek döwlet tarapyndan ýatdan çykaryldy. Soňky ýedi ýylda döredilen pul kömekleri ýerlikli bolsada harytlara günden güne artyp barýan bahalar ol kömegi ujypsyz zada öwürdi.

1. inkognito

Ilaty gereginden artyk köpeltmek iýmitiň defisityna getirmezmi?

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location