Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MEKDEPDE AÝDYLMAÝAN WE SAPAKDA ÖWREDILMEÝÄN MESELE

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (33 Ses)

Gadyrly Saglyk.org saýtynyň okyjylary! Men Emir Aliýew, ýaş lukman hökmünde bu makalada türkmen ýaşlarynyň "Howpsuz jynsy gatnaşyklary" baradaky düşünjeleri barada öz pikir-garaýyşlarymy beýan edesim gelýär. Gürrüňdeşligi esasan türkmen ýetginjekleriniň, durmuşa çykmadyk gyzlaryň, ýaşlaryň arasynda abortlaryň köpelmegi we nähili çäreleriň abortlaryň sanynyň peselmegine täsir edip biljekdigi barada alyp barmaga isleýärin. Dünýä ýüzünde ýaşlaryň arasynda geçirilýän abortlar baradaky makalalar gaty seýrek ýagdaýda begendiriji täzeliklerden başlanýar. Ýurdumyzdaky statistiki maglumatlar elýeterli bolmasa-da, tejribeli lukmanlaryň, mugallymlaryň bellemegine görä, şü günki gün abort zerarly ejir çekýän 14-18 ýaşly gyzlaryň sany barha artýar.

Häzirki zaman durmuşy ösüp barýan nesle köp mümkinçilikleri we özüne çekiji zatlary berýär. Meniň pikirimçe, ýetginjekleriň ahlaksyzlygy Internet, "uly ýaşly adamlar" üçin niýetlenen kinofilmleriň erkin ýaýradylmagy, hereketler bilen baglanşykly erkinlik sebäpli döräp başlady. Häzirki döwrüň çagalary juda ir ulularyň hataryna goşulmak isleýärler. Meselem, eger 20 ýyl mundan ozal öz ýaşyndan uly bolmak isleýän 13 ýaşyndaky gyzjagaz gizlenip, ejesiniň beýik ökjeli köwüşlerini geýýän we kosmetika gutusyndan açyk reňkli pomadany we tuşy çykarýan bolsa, häzirki wagtda şol ýaşdaky ýaşlar çilim çekmäge ýa-da alkogolly içgileri içmäge ymtylýarlar. Joralaryna öýkünmäge bolan ymtylyş mekdep okuwçysyny soňundan ökünjek oýlanşyksyz hereketlerini etmäge getirýär. Häzir dişleriniň arasynda çilimi saklap mekdepden gaçmaly däl-de, hezil edip gurjak oýnamaly gyzlar hiç kime öýkünmän, öz-özleri bolmaly. Gündiz wagty telewizoryň ekranyndan 8-10 ýaşlaryndaky çagalar üçin niýetlenmedik gepleşikleriň we kinofilmleriň görkezilmegi düýbünden howply maglumat bolup durýandyr.

Soňky on ýylyň içinde irki baglanşylýan nikalar adaty bolup başlady. 16-18 ýaşly gyzlarda aborta gitmäniň arkaýyn kabul edilmegi aýylganç bolup durýar. Şol gyzjagazlaryň pikirleri boýunça, diş lukmanyň bejergisi ýa-da derslerden ýaramaz baha alma çaga öldürmekden has gorkunç ýagdaý bolup durýar.

Men size eşiden bir wakamy gysgaça edip aýdyp bereýin.

Awtobusda iki gyzyň arasynda bolan gürrüňdeşlik:

– Salam! Ýagdaýyň nähili? Nirä barýaň?

– Salam. Abort etdirmäge hassahana barýan.

– Näme üçin?

– Biz onuň bilen diňe ýarym ýyl görüşdik. Şeýdip hem göwreli boldum, ol bolsa oňa çaganyň gerek däldigini gönümel aýtdy. Ol "Saýla: men ýa-da ýalňyz enäniň durmuşy." diýdi.

– A sen?

– Men hem heniz çaga gundamaga taýýar däl. Heniz ýaşlygymyň hözürini görmedim. Bolýar, men indiki duralgada düşmeli. Görüşýänçäk.

Awtobus säginýär. Ýaňky gyz bolsa ynamly ädimler bilen merkezi hassahana tarap ýönelýär.

"Abort" – diýen aýylganç söz, bu gepleşigi diňlemäge mejbur bolan ähli tötänleýin ýolagçylarda ýakymsyz täsirini galdyran bolsa gerek. Emma, emele gelen çagasyndan ýüz öwürmegi ýüregine düwen aýala hiç hilli täsir etmeýär.

Bu wakany maňa obadaş daýzalaryň biri aýdyp beripdi.

Çözgütler

Ýetginjek gyzlaryň köpüsi, göwreli bolanyny bilenden soň "ýalňyz enelik" barada pikir edip, ýalňyşandygyna göz ýetirip başlaýarlar. Oglan bilen howpsuz gatnaşykda bolmagyň düzgünlerini bu gyzlar özünden uly ýa-da deň-duş joralaryndan öwrenýärler. Bu bolsa biziň, ýagny, lukmanlaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň göýberen ullakan ýalňyşymyka diýip pikir edýärin.

Çagalar 10-14 ýaşda jynsy taýdan ýetişip başlanda, ene-atalaryň, mugallymlaryň borjy – çagalary tertipsizlikden we ahlaksyzlykdan goramak, sebäbi ýetginjekler heniz beýlekileriň täsiri astynda bolýar we olar heniz "ýok" diýen tutanýerli sözi aýdyp bilmeýär.

"Howpsuz jynsy gatnaşyklar" – mekdepde aýdylmaýan we sapakda öwredilmeýän mowzuklaryň biri. Mekdepde şu mowzuklaryň üstünde has köpräk durup geçip, ýaşlara düşnükli we gyzykly düşündiriş ýollary oýlap tapmaly. Eger-de mekdeplerde ýetginjekleriň arasynda "Howpsuz jynsy gatnaşyklara" degişli gepleşikler alnyp barylsa, wideoroliklar we suratlar görkezilse, lukmanlar bilen duşuşyklar geçirilip, hakyky durmuşdan mysallar getirilse, ýaşlaryň jynsy gatnaşyklary barada düşünjesi artyp, islenilmedik göwreliligiň sanynyň kemelmegini gazanyp bolar diýip pikir edýärin.

Lukmanlar öz gezeginde howpsuz gormonal kontrasepsiýa serişdeleri bilen ýetginjekleri tanyşdyryp, olar barada düşnükli we doly maglumat bermeli. Gormonal kontrasepsiýa serişdeleriniň howpsuz we elýeterli bolmagy hem ýaş gyzlaryň arasynda islenilmedik göweliligiň öňüni almakda örän gowy täsirini ýetirer.

Meniň pikirimçe, jynsy gatnaşyklaryň etikasynda diňe kadaly we elýeter bilim, ýetginjeklere howpsuz gatnaşyklaryň esaslaryny öwretmek we netijesi barada düşündirmek – islenilmedik göwreliligiň öňüni almaga kömek eder.

Şu günki gün köpler kontrasepsiýa – çaga bolmaz ýaly oýlanyp tapylan usul diýip pikir edýärler. Bu bolsa düýbünden beýle däl. Kontrasepsiýa – arzyly, islegli çagalaryň islenilýän wagtda dogulmagyny gazanmaga mümkinçilik berýän serişdelerdir.

Şunuň bilen men, ene-atalar, mugallymlar we lukmanlar mekdepde aýdylmaýan we sapakda öwredilmeýän mesele boýunça öz pikirlerini hem beýan eder diýip umyt edýärin. Sebäbi, biziň jemgyýetimiz üçin – bu juda çynlakaý mesele.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Emir Aliýew

  • 4100 gezek okalan

Teswirler (7)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Kellesiz ýaşlar tebigatyň peşgeş beren lezzetli duýgusyny çigit çigitlän ýa-da doňdurma iýen ýaly bir zada öwrenler ýaly. Aý, onsoňam "guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin". Ol bolmasa näme duran bir haýwanlaryň barda.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ata-eneleriň başdansowma gözegçiligi, mekdeplerde okadylşynyň, talaplaryň gowşaklygy, öňki döwürdäki ýaly kružoklaryň ýoklugy, çagalarda zerur bolan gymmatly wagtlaryny biderek pişeler bilen mesgullanmaga iterýär. Onsoňam 12-14 ýaşdaky ýaşlar...

Ata-eneleriň başdansowma gözegçiligi, mekdeplerde okadylşynyň, talaplaryň gowşaklygy, öňki döwürdäki ýaly kružoklaryň ýoklugy, çagalarda zerur bolan gymmatly wagtlaryny biderek pişeler bilen mesgullanmaga iterýär. Onsoňam 12-14 ýaşdaky ýaşlar gerek bolan "bolanok" diýen sözi aýtmagy başarmaýarlar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="Ata"]Oba şäher diýmän häzirki wagtda ýaş gyzlaryň sezewar bolup ýören durmuşyny göz öňünde tutup dogrymy aýtsam ogluň üçin gyzlygyny saklap ýören gelinlik tapaýmagam uly aladalar bolup dur. Ogluň özi tapaýanda-da gyzlar oglanlaryň...

[quote name="Ata"]Oba şäher diýmän häzirki wagtda ýaş gyzlaryň sezewar bolup ýören durmuşyny göz öňünde tutup dogrymy aýtsam ogluň üçin gyzlygyny saklap ýören gelinlik tapaýmagam uly aladalar bolup dur. Ogluň özi tapaýanda-da gyzlar oglanlaryň başyny tersine aýlamagy hiç zatça görmeýärler. Özbaşdaklygyny, azatlygyny ýerlikli ulanyp bilmeýän gyzlara gaharlansaň hem diňe olara nebsiň agyrmakdan başga etjek kömegiň ýok.[/quote]<br /><br />Hak aýdaňyz!

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Oba şäher diýmän häzirki wagtda ýaş gyzlaryň sezewar bolup ýören durmuşyny göz öňünde tutup dogrymy aýtsam ogluň üçin gyzlygyny saklap ýören gelinlik tapaýmagam uly aladalar bolup dur. Ogluň özi tapaýanda-da gyzlar oglanlaryň başyny tersine...

Oba şäher diýmän häzirki wagtda ýaş gyzlaryň sezewar bolup ýören durmuşyny göz öňünde tutup dogrymy aýtsam ogluň üçin gyzlygyny saklap ýören gelinlik tapaýmagam uly aladalar bolup dur. Ogluň özi tapaýanda-da gyzlar oglanlaryň başyny tersine aýlamagy hiç zatça görmeýärler. Özbaşdaklygyny, azatlygyny ýerlikli ulanyp bilmeýän gyzlara gaharlansaň hem diňe olara nebsiň agyrmakdan başga etjek kömegiň ýok.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Duýgusyna döz gelmedik ýagdaýynda göwreli bolýan gyzlary jenaýatkärler diýibem hasap etmek bolmaz weli, ýöne adamlar tarapyndan gabahat hasaplanýan edepde oglanlaryň günäsi hasam artykmyka diýýärin. Gyzlary zaýalanan hasaplansa, oglanlar hem...

Duýgusyna döz gelmedik ýagdaýynda göwreli bolýan gyzlary jenaýatkärler diýibem hasap etmek bolmaz weli, ýöne adamlar tarapyndan gabahat hasaplanýan edepde oglanlaryň günäsi hasam artykmyka diýýärin. Gyzlary zaýalanan hasaplansa, oglanlar hem başganyň ekinine girip, ony zaýalap ýören doňuzlara meňzetse bolar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Öňki döwürlerde gyzlar berk saklanyp her ädimi göz astynda bolupdyr. Häzirki döwürde adamlaryň jebislikde ýaşamagy bilen gyzlaryň, oglanlaryň edýän hereketleri köp ýagdaýda mese-mälim bolýar. Kriminal ýagdaýda geçirilýän abortlar köp göwreli...

Öňki döwürlerde gyzlar berk saklanyp her ädimi göz astynda bolupdyr. Häzirki döwürde adamlaryň jebislikde ýaşamagy bilen gyzlaryň, oglanlaryň edýän hereketleri köp ýagdaýda mese-mälim bolýar. Kriminal ýagdaýda geçirilýän abortlar köp göwreli bolýan gyzlaryň mälim bolmagyny bökdeýär.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bilim derejesiniň we kontrasepsiýa barada düşünjäniň pes bolmagy, jynsy gatnaşyklara bolan ymtylmanyň ýokary bolmagy şular ýaly netije berýär.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location