Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"ÇILIMSIZLIK" DEREJESINI GAZANMAGYŇ NETIJELI USULLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (28 Ses)

Temmäki adamlaryň durmuşyna aňsatlyk bilen ornaşýan we şol bir wagtda öz ulanyjylaryny ýuwaşlyk bilen öldürýan serişdedir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, temmäki-сilim her ýyl 5 million adamyň ölümine sebäp bolýar. American Cancer Society guramasynyň görkezmelerine görä, çilimiň tüssesinde 7000-den gowrak zäherli himiki maddalar saklanýandyr. Şularyň 250-den gowragy adamyň saglygyna zyýanly, azyndan 69 sanysy bolsa rak keseliniň döremeginiň töwekgelçiligini artdyrýan maddalardyr. 600 müň adam çilim çekmeýän bolsalar hem, onuň zaherleýji tüssesiniň täsirinden ýogalýar.

Inçekesel, AIDS we gyzzyrma kesellerinden ölen adamlaryň sanlaryny jemlaniňde hem, temmäkiniň önümlerini ulanmak sebäpli ölen adamyň sanyndan az bolýar. BSSG-nyň maglumat bermegine görä, eger çilime garşy gaýragoýulmasyz netijeli çäreler görülmese, 2030-njy ýylda çilimiň pidalarynyň sany 8 milliondan hem geçer.

SANLAR BILEN NETIJELER

BSGG-nyň hasabatyna görä, Ýewropa we Amerika (Latyn we Demirgazyk) çilim sebäpli adam ölümçiliginiň sany boýunça beýleki sebitlere garanyňda iň yokary sanlara eýe.

Region-materikler Aýal Erkek Ortaça
Amerika 15% 17% 16%
Ýewropa 7% 25% 16%
Afrika 1% 5% 3%
Gündogar-Günorta Aziýa 5% 14% 10%
Günbatar Pasifik 14% 11% 13%
Gündogar Orta Ýer deňzi ýurtlary 2% 12% 7%
Dünýä Boýunça 7% 16% 12%

Çeşme : WHO Global Report Mortality Attributable to Tobacco-2012

Çilim sebäpli ölýän 5 milliona golaý adamlaryň 80%-i pes ýa-da orta girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylarydyr.

ÇILIMIŇ GABYNA ÝAZYLAN GADAGANÇYLYKLAR – ŞEKILLI MASLAHATLAR

Dürli ýurtlaryň häkimiýetleri çilime garşy göreşde dürli çäreleri görýärler, strategiýalary ulanýarlar. Urugwaý, Kanada, Awstraliýa ýaly ýurtlar çilimiň zyýany barada maglumaty çilim gabynyň daş görnüşinde görkezýärler. Belli öndürijilere mahsus reňkli şekiller renksizleşdirilip, söwda nyşanlaryny çilim gabynyň üstünde şekillendrimäne ýer bermän, çilimiň gabyny ýönekeýleşdirýärler. Meselem, çilimiň gabyna çilimden saglygyna zeper ýeten adamyň ýa-da beden agzasynyň suratyny goýmagy we şunuň ýaly duýduryşlaryň çilim gabynyň daşynyň 75%-den az bolmadyk ýerini tutmagyny talap edýärler.

MAHABAT (REKLAMA) GADAGANÇYLYKLARY

Panamada, Täze Zelandiýada we Norwegiýada bolsa mahabat işleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (internet we çilimiň satylýan nokatlaryny hem içine alýar) görkezilmegi gadagan edilendir. Şeýle-de, temmäki öndürýän kompaniýalaryň özleriniň mahabatlandyrylmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine töleg tölemekleri we hemaýatlyk etmeklikleri hem gadagan edilendir.

SALGYTLAR

Beýik Britaniýa we Türkiýe bolsa, çilimiň bahasyna 77-78% salgyt goýup çilime garşy göreş yglan edipdirler. Netijede, Britaniýada 2000-nji ýylda çilimkeşler ilatyň 27%-ni düzen bolsa, 2011-nji ýylda bu san 20%-e çenli düşüpdir. Türkiýede bolsa çilim söwdasy 15,5%-e çenli azalypdyr, ýöne satuwyň azalmagyna garamazdan, türk hökümetine çilim satuwyndan düşen girdejiniň derejesi 124% ýokarlanypdyr.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, üýtgeşik strategiýalar adamlaryň çilime öwrenişmeginiň sebäplerini hemmetaraplaýyn öwrenip, teklip edilýär. Adamlaryň häsiýetleri, islegleri, endikleri olaryň mahabatlandyrmany kabul edişlerini kesgitleýär. Meselem, käbir ýaşlaryň çilim mahabatlandyrylmalaryna aldanyp, çilime höwesi döräp başlaýar. Käbir adamlar bolsa çilimiň elýeterli bahada bolmagyndan peýdalanyp, çilim çekmäge başlaýar. Çilime goýulýan ýokary salgytlar we bahalar, olaryň çilim çekmegini azaldýar.

BSGG-nyň bellemegine görä, geçirlen barlaglaryň netijesi çilime ýokary salgydyň goýulmagynyň, ýaşlaryň we az girdejili adamlaryň arasynda çilimkeşligi azaldýan iň täsirli ýolydygyny görkezýär. Şuňa görä hem, çilimiň salgydynyň 10% ýokarlanmagynyň, çilimkeşleriň ýokary girdejili ýurtlarda 4%, pes ýa-da orta girdejili ýurtlarda bolsa 8% sanynyň azalmagyna sebäp bolýar diylip bellenilýär.

ÝURDUMYZDAKY ÝAGDAÝLAR

Çilim we temmäki önümlerine garşy göreşde Türkmenistanyň alyp barýan işleri hakynda, BSGG-nyň Ýewropa sebitinde iş alyp barýan edarasynyň çilime gözegçilik edýän maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Kristina Mauer-Ştender turkmenistan.gov.tm saýtyna beren interwýusynda şeýle belleýär: "2000-nji ýyldan bäri Türkmenistan temmäkä garşy göreşmekde guwandyryjy ösüşler gazandy. Bu bolsa 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt diýen derejäni almak barada öňde goýlan maksatnama ýetiljekdigini tassyklaýar. Şonda Türkmenistanyň ilatynyň diňe 5%-i çilim çeker".

2013-nji ýylda geçirlen barlag işleri netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň 8%-niň çilim çekýändigi anyklanyldy. Bu diňe bir BSGG-nyň Ýewropa sebitinde hasaplanýan pes dereje bolman, eýsem bütin dünýä boýunça hem pes dereje hasaplanýar. Bu ugurda ýurdumyzda birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi:

1.  2000-nji ýyldan bäri jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi.

2.  2003-nji ýyldan başlap awtoulaglarda çilim çekmek gadagan edildi.

3.  2004-nji ýyldan başlap nas atmak gadagan edildi.

4.  2008-nji ýyldan başlap nasy taýýarlamak, importy we ýaýradylmagy gadagan edildi.

5.  Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-nyň Çarçuwaly Konwensiýasyny kabul etdi we soňra temmäkä garşy göreş boýunça Milli edarada utgaşdyryjy komitet döredildi.

6.  2012-nji ýylda "2012-2016-njy ýyllar aralygynda temmäkä garşy göreşmegiň Milli meýilnamasy" Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan kabul edildi.

7.  2013-nji ýylda "Temmäki tüssesinden raýatlary goramak we temmäkiniň ulanylmagy netijesinde ýetýän zyýandan goramak" hakyndaky kanun kabul edildi.

Tobaccoatlas.org maglumatyna görä, Merkezi Aziýada çilimiň bahasyna goýulýan salgytlar boýunça Gazagystan iň ýokary derejäni eýeläp, ondan soň Gyrgyzystan bilen Türkmenistan durýar. Täjigistan bolsa 3% derejede gaty pes salgyt goýýar.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Gurtmyrat Allaberdiýew

  • 2692 gezek okalan

Teswirler (9)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. GARSAK

Birja sorarlyk goysana astap

 
  1. Saryhan

Çilimkeşlik adamzadyň durmuşynda ýüze çykyp näçe asyrdan bäri dowam edip gelýände bolsa, köpleriň oňa zyýanly zat häkminde garaýanlygyna garamazdan durmuşa berk ornaşmagy dowam edip gelýär. Çilim çekýänleriň erklerini elden aldyrmaklary onuň...

Çilimkeşlik adamzadyň durmuşynda ýüze çykyp näçe asyrdan bäri dowam edip gelýände bolsa, köpleriň oňa zyýanly zat häkminde garaýanlygyna garamazdan durmuşa berk ornaşmagy dowam edip gelýär. Çilim çekýänleriň erklerini elden aldyrmaklary onuň zyýanyny näçe mahabatlandyrylmagyna garamazdan gowy netijeler berip baranok."Öwrenilen erk örkleseňem durmaz" diýip aýdypdyrlar.

Dowamy
 
  1. Gulaman.

Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan berk aladalar bizde Türkmenistanda gowy netijeler berýär. Eger şu matlapda işler dowam etdirilse, adamlaryň saglygyna palta urýan bu zyýanly nerseden tutuş dynyp bolmasada ömjeýli zarba urmak başardar.

 
  1. Haltaç.

Erkekleriň çilim çekmekleri hem örän gabahatlyk diýip düşünseň, aýallaryň oňa özlerini bakna etmekleri akyla sygmajak zat diýip düşünäýmeli. Olaryň nähili ene boljagyny we çagany emdirmekleri geljek nesil üçin uly jeza dälmi näme?

 
  1. Çarly.

Çilim bolsun ýa-da ýürekbulanç nas bolsun, adamynyň bedeni kabul etmese, olara öwrenişmek bir netije bermeýär. Olary özüňe döz gelip çekip ýa-da atjak bolmak bedende ýaramaz duýgularyň döremegine getirýär. Eger ol ýagdaý sende hem ýüze çyksa,...

Çilim bolsun ýa-da ýürekbulanç nas bolsun, adamynyň bedeni kabul etmese, olara öwrenişmek bir netije bermeýär. Olary özüňe döz gelip çekip ýa-da atjak bolmak bedende ýaramaz duýgularyň döremegine getirýär. Eger ol ýagdaý sende hem ýüze çyksa, onda seniň bagtyň getirgigi.

Dowamy
 
  1. Mellekçi.

Çilimkeşleri nalaçedeýin adamlar hasap etseň: (etmeseň hem bolanok) Olar her bir çilimden dalda gözleýärler. Dartgynly ýagdaýda bolanlarynda, işdäsi bolmadyk wagty-çilim nahary diýen düşünje, bir ýagdaýda çözgüt etmeli wagtynda, iň bolmanda,...

Çilimkeşleri nalaçedeýin adamlar hasap etseň: (etmeseň hem bolanok) Olar her bir çilimden dalda gözleýärler. Dartgynly ýagdaýda bolanlarynda, işdäsi bolmadyk wagty-çilim nahary diýen düşünje, bir ýagdaýda çözgüt etmeli wagtynda, iň bolmanda, çilim çekmese semreýärmişin. Şonuň üçin çilim çelmese ol zatlara döz gelip bolmaýandygyny ýaňzydýarlar. Aý, näme ýaramaz tans edýäne, o tüküsi päsgel berýärmişin. Aýtsaň aýdyp oturmaly.

Dowamy
 
  1. Okyjy.

Çilimi gadagan edip ýa-da çäklendirmek we bahasyny gymmatlatmak "gadagan edilen miwe süýji bolýar" diýilişi ýaly çilime höwesi bolan adamlarda, aýratyn hem ýaşlarda oňa bolan ymtylmany has hem artdyrýar. Olaryň aňyna diňe çilimiň zyýany hakyndaky...

Çilimi gadagan edip ýa-da çäklendirmek we bahasyny gymmatlatmak "gadagan edilen miwe süýji bolýar" diýilişi ýaly çilime höwesi bolan adamlarda, aýratyn hem ýaşlarda oňa bolan ymtylmany has hem artdyrýar. Olaryň aňyna diňe çilimiň zyýany hakyndaky düşünjäni ornaşdyrmak ýerlikli netije berip biler. Ol bolsa ata-eneleriň we mekdebiň aladasy bolmaly.

Dowamy
 
  1. Kazo

Sagdyn nesilli bolmak üçin gowy karar eken

 
  1. Okyjy.

Bizde çilime gadagançylyk girizdiler. Gaty gowy etdiler. Çilim ýaşamak üçin zerur zat dälä. Onuň zyýandan başga adama berýän täsiri ýok.Ony çekmänem ýaşap bolýara. Aý, meslik näme etdirmez diýýäýmeseň?!

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location