Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ DÖWREBAP GATNAŞYKLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.34 (35 Ses)

Söhbetdeşimiz Göwher, 28 ýaşly.

"Meniň ilkinji romantiki gatnaşyklarym 18 ýaşymda başlandy. Bu meniň ilkinji söýgümdi – ajaýypdy, päkdi we näzikdi. Biz seýilgählerde kän gezerdik, kafe giderdik. Ol meni elmydama garşy alardy. Duşuşykdan soňra bolsa öýmüze çenli ugradyp, men ýokary, öz jaýymyzyň gatyna çykýançam garaşardy. Biz birek-birege sowgatlar berişerdik we biri-birimiziň ene-atalarymyz bilen hem tanyşypdyk. Hemmeler biziň birleşjegimize şeýle bir ynanýardylar. Esasy zat hem – men gyz hökmünde, oňa ilki jaň etmeli ýa-da duşuşygyň wagtyny soramaly, garaz, hiç bir zatda ilki bolup hereket etmeli bolmandym. Iň soňunda biziň ýollarymyz aýra düşdi we biz toý tutmadyk. Emma gatnaşygymyz hiç hili dawa-jenjelsiz we goh-galmagalsyz tamamlandy".

Häzirki günlerimizde hemme zat üýtgedi.

Aragatnaşyklaryň käbir täze ugurlaryna göz aýlalyň.

Seýilgähler – indi olarda gezmek medeniýetsizligiň alamaty we abraýdan gaçyrjak "howp" hökmünde görülýär. Hemmeler restoranlara ýa-da kafelere gidip oturmak isleýärlär, üstesine-de hökmany suratda gyz üçin 100 sany bägül almaly. Aşgabatda 1 bägüliň bahasy ortaça 20 manat (5,71 $) bolsa, onda 100 bägül 2000 manada ýa-da $541,42 deňdir. Bularyň ählisiniň çykdaýjylary boýnuna bolan oglan romantiki gatnaşykda günsaýyn has hem köp pul harçlamaly bolýar. Çünki adata görä duşuşyklarda hemme çykdaýjyny oglan çekýär. Indi bu ýerde sorag ýüze çykýar: talyp ýa-da işine täzelikde girişen ýigit 100 sany bägül üçin artykmaç $541,42-i nireden tapmaly?

Eger ýaşlar öňler seýilgählerde el tutuşyp gezen we gürrüňleşen bolsalar, häzirki wagtda ýaşlaryň aglabasy seýilgählerdäki baglaryň arkasynda bukulyp durýarlar ýa-da maşynly, göze ilmejek ýerlerde gezýärler.

Çagalarynyň özlerine mynasyp taýlaryny tapyp biljeklerine ynamy az bolan ene-atalaryň köpelmegi netijesinde, romantiki gatnaşyklara bolan sarpa we garaýyşlar hem özgerdi. Bir-birleri bilen nätanyş ýaşlaryň arasynda diňe iki tarapyň ene-atalarynyň ylalaşygy bilen gurulýan toýlaryň sany barha artýar. Ýaşlaryň durmuş gurmak meselelerinde, esasan hem oba ýerlerinde ene-atalar uly orun eýeleýärler. Şeýle nikalaryň köpdügi sebäpli ýaş çatynjalarda maşgala bolan jogapkärçilik duýgusy peselýär. Olaryň maşgaladaky özara orunlaryna bolan garaýyşlary üýtgeýär. Meselem, sosial saýtlarda eneler hakyndaky mowzuklara degişli "Biziň kakalarymyza iň gowy zenanlar ýetdiripdir" ýa-da "Ene ýeke-täkdir, ýöne aýal islendik wagt tapdyrar" ýaly postlar agdyklyk edýär. Bu bolsa oglanlaryň gyzlara bolan garaýyşlaryna täsir edip, gyzlaryň zat hökmünde görülmegine sebäp bolýar. Netijede, gyzlaryň hem maşgala durmuşyna çemeleşmeleri özgerýär. Olar ähli ünslerini gelşikli gelin bolmaga gönükdirip, galan zada, özbaşdak maşgala bolandyklaryna garamazdan, ene-atalaryndan garaşýarlar. Eger bu ýagdaý bilen kanagatlanmasalar, meseläni çözmegiň iň aňsat ýoly aýrylyşmak diýip hasap edýärler. Çünki ýurdumyzda aýrylyşmak kanuny taýdan hem ýeňil we köp wagty talap etmeýär.

Dürli ýaşlaryndaky we jemgyýetçilik gatlaklarynyň dürli basgançaklarynda duran watandaşlarymyzyň aglabasynyň maşgala gatnaşyklaryna bolan garaýşy şeýle häsiýetlendirilip bilner:

Mekdep okuwçylary

Garşydaş jynslar bilen baglanşykly gatnaşyklarda ulular elmydama sürüniň öňüni çekýärdiler. Gürrüňdeşimiz Göwher hem onuň ilkinji romatiki gatnaşyklarynyň 18 ýaşda başlandygyny aýdypdy. Emma bu 10 ýyl mundan öň bolan wakady. Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň bu ugurda ozalkylara garanyňda has ezberdigini görse bolýar. Öňkiler ýaly, häzir hem gyzlar ilkinji romatiki gatnaşyklaryň, ilkinji söýgüniň arzuwyny edýärler, ýöne bu arzuwlary gaty ir ýaşda edip başlaýarlar. Diňe bir hyýaly arzuw etmek hem däl, eýsem bu gatnaşyklary ir başlamaga özlerini taýýar duýýarlar. Jynsy ýakynlaşmalar bolsa ýaş ýetginjekleriň arasynda ýörgünli bir ugra öwrüldi. Türkmenistanda mekdepleriň 12 ýyllyk edilmeginden soňra köp ene-atalar çagalaryna orta okuwy gutardyp, soň hem olary derrew öýli-işikli etmek isleýärler. Ýurtda ýetginjeklik göwreliliginiň ol diýen çynlakaý mesele saýylmaýandygy üçin, heniz 17-18 ýaşda ýaşlar özlerini maşgala gurmaga taýýar görýärler. Orta mekdepden soň bolsa, ýyl-ýyldan gymmatlaýan ýokary okuw we ýaşaýyş nyrhlary sebäpli gyzlarda derrew durmuşa çykmakdan başga alaç galmaýar.

Aýrylşanlar

Ýurduň umumy ýagdaýy barada bir zat diýip biljek däl, emma paýtagtymyz Aşgabatda aýrylşanlaryň sany mazaly artdy. Galyberse-de, Aşgabat ýaşlaryň arasyndaky we maşgala gatnaşyklaryndaky ýörgünli ugurlary welaýatlara hem ýaýradyp durýar. Çünki, indi welaýatlardan barha köp adam Aşgabada gezmäge, okamaga, işlemäge ýa-da ýaşamaga gidýärler. Şeýlelik bilen paýtagtda döreýän islendik bir moda ýurduň çar künjüne hem ýörgün bolýar.

Aýrylşanlar hem täzeden özlerine taý tapyp, maşgala gurmak isleýärler. Aýrylşanlaryň kändigi sebäpli erkek-zenan gatnaşyklarynyň berkligi hem gowşady. Ýaş çatynjalaryň birtopary toýdan soňra bir ýylyň içinde aýrylşýarlar. Hemmesiniň çagasy bolmasa hem, maşgalaly bolman çagaň bolmagynyň biabraýçylykdygy sebäpli, heniz dogulmadyk çagalar köplenç halatlarda abort etdirilýär. Aýrylşan zenan maşgaladan esasy garaşylýan zat-onuň islendik kişi bilen düşege geçmekden boýun towlamazlygy. Aýrylşan erkek adamlaryň ejeleri taraplaryny tutýarlar, öňki aýallaryna äsgermezçilik etmeklerini goldaýarlar.

Maşgalaly adamlar

Maşgalaly kişileriň aglabasynyň ikinji/üçünji aragatnaşyk saklaýanlary ýa-da maşgalalary bar. Şeýle adamlaryň/aýallaryň arasynda nika örän ýaýgyn bolýar. Türkmenleriň känbir dindar bolmandygy sebäpli, nika şol çatynjalaryň arasynda göwünlerini rahatlandyrmak we günäden saplanmak üçin ulanylýan serişde bolup durýar. Ene-atalar tarapyndan gurnalyp, nikalaşdyrylan çatynjalarda ýuwaş-ýuwaşdan maşgala bolan jogapkärçilik duýgulary we ýanýoldaşyna bolan höwes peselip ugraýar. Bu bolsa adamyň maşgalasyndan daşarda lezzetli gatnaşyklar gözläp başlamagyna itergi berýär. Şeýle ýagdaýda, Ýewropadan tapawutlylykda, meseläni halk köpçüligi däl-de, diňe ikilik edeniň kanuny ýanýoldaşynyň garyndaşlary tankytlaýarlar.

Gepiň gysgasy, erkekler erkek kimin, maşgalany maddy taýdan üpjün etmäge borçly bolýarlar. Zenanlaryň bolsa gelin bolmak we aňsat durmuşda ýaşamak arzuwy, olary maşgalaly erkekler bilen hem bolsa gatnaşyk etmäge ymtyldyrýar. Hatda, maddy taýdan kynçylyksyz döwran sürmek üçin baý adamlaryň ikinji aýaly bolup ýaşamaga kaýyl gyzlar hem kän. Emma şulara garamazdan, häzirki wagtda bilimli we hiç kime garaşsyz durmuşlaryny dolandyryp bilýän gyzlarymyz hem köpeldi. Eger şeýle bolsa, "Onda näme üçin olar biriniň ikinji ýa-da üçünji aýaly bolmagyna razy bolýarlarka?" diýen sorag bilen gyzyklanmagyňyz mümkin. Ine bu bolsa biziň indiki blogymyzyň mowzugy bolar.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Aýperi Suleýmanowa

  • 7513 gezek okalan