Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝIGITLER, GELIŇ ŞU 8-NJI MARTY BAŞGAÇA GARŞYLALYŇ!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (27 Ses)

8-nji mart Halkara aýal-gyzlar baýramçylygy türkmen ýigitleri üçin esasan iki zady aňladýar: zenanlara gül bermeli hem-de ellerini şol gün öý işine degirtmeli däl. Köpümiz bu baýramçylygyň taryhyny, gelin-gyzlarymyzy owadan güller, sowgatlar we mylaýym sözler bilen gutlamagyň joşgunynda ýatdan çykarýarysmykak diýip pikir edýärin. Halkara zenanlar güniniň esasy maksady – aýal-gyzlaryň sosial, syýasy, medeni we ykdysady ýeňişlerini bellemekden ybaratdyr. 1900-njy ýyllaryň başyndan bellenilip gelýän bu senäni dünýäde gelin-gyzlaryň durmuşyny gowulandyrýan täze ýeňişler, açyşlar we ösüşler bilen garşylaýarlar. Türkmenistanda hem jynslaryň deňligini gowulandyrmak üçin bu ýyl BMG-sy bilen bilelikde işler geçirildi. Edilmeli işler gäty kän. Emma köpimiz zenanlary dine 8-nji martda gutlamak bilen çäklenýäris.

Edil şular ýaly sebäpler üçin BMG-nyň Zenanlar bölümi (UN WOMEN) 2016-njy ýylda geçirýän Halkara Zenanlar güni kampaniýasynyň mowzugyny "Jynslaryň deňligine kasam" diýip atlandyrdy. Ýagny bütin jemgyýeti, her bir adamy jynslaryň deňligine ýetmegi çaltlaşdyrmak üçin öz goşantlaryny goşmaga çagyrýar. Bu senäniň taryhynyň başlangyjy goýlaly bäri jynslaryň deňligine degişli meselelerde gaty köp öňe gidişlikler boldy, emma olar dürli ýurtlarda, medeniýete görä deň ýaýramady, kabul edilmedi. Galyberse-de, jynslaryň deňliginiň ösen ýurtlaryndada bu osüş haýallady. Biziň medeniýetimizde ykdysady we syýasy hukuklar resmi taýdan doly berlen bolsa-da, zenanlar jemgyýetimizde giňden ýaýran düşünjelerden we sosial kynçylyklardan doly azat däl.

Şu döwürde, ýaşlaryň aglaba böleginiň pikirine görä aýal maşgalanyň ýekeje ýeňişi bolup bilýär: ol hem sag-aman durmuşa çykmagy. Hünärde iň ýetjek beýikligi bolsa köýnek tikmäni öwrenmek. Näme üçin biz (erkekler) bu baýramçylykda diňe zenanlarymyzyň owadanlygyny, näzikligini, hemem ynjyklygyny, has dile çeperlerimiz bolsa öýde gowy iş edýänini mahabatlandyryp gutlaýarys? Näme üçin işde ýa-da bilimde ýeten üstünliklerini ýatlatmaýarys, ýa-da el galdyrýan ýoldaşyndan gaýdan uýamyza berekella diýmän, ony näletleýäris?

Il näme diýer?!

"Il näme diýer, biz öýde çagalara seredip, nahar bişirip, çanak ýuwup ýörsek, aýallarymyz bolsa işe gatnasa, arzuwlarynyň yzyndan ylgasa? Göz öňüne bir getirip göriň, öý işlerden başga maksady bolan gyzlary? Hudaý saklasyn, ol nähili maksatlar bolup biler? Biz olara çagalykda ýekeje maksady aňlaryna guýýarys ahyr, ol hem öýe-ojaga seretmek. Ol nähili daşary ýurtda agasy ýaly okasy gelme islegi?! Öýde otursyn gowusy- bozulyp gider. Gel oglum, saňa obadan birini alaly. Bilimsizje ýöne her diýeniňi diňlejek bir guly … wiý, güli alyp bereli".

Megerem ählimiz ýa-da azyndan köpimiz bu sözleri, jümleleri eşidendiris, ýa-da aýdandyrys, öz ýanymyzdan goldandyrys. Göwnüme bolmasa, gelin-gyzlara tebigatyň erkek adama berkidilen "bonus" jandary ýaly seredilýär. Satyp bilmeýän harytlaryny mugtyna müşdere berilýän "haryt" hökmünde garalýar. Müşderiň (erkegiň) islegleri kanundyr! Internet meýdançasynda, sosial ulgamlarynda hem bu düşünjeleri mahabatlandyrýarys, olara boýun egýaris: Twitterde re-twita, Line-da diwaryňda "podelitsa" paýlaşmaga, ertir.com-da "baş sahypada bäş gün" durmaga mynasyp saýlanylýan pikirler we ynançlar.

Geliň, oglanlar, şu ýyl ösüşde ýene bir ädim öňe gideliň! Baýramçylygy diňe gutlamak bilen çäklenmän, zenanlarymyzyň jemgyýetde hakykatdan hem mynasyp ornuny eýelemäge her gün, mümkinçilik boldugyndan kömek etmäge kasam edeliň. Geliň, olaryň diňe öýdäki, öý işlerinde tutmaly orny barada pikirleri bölüşmän, bilimde, hünärde, medeniýetde ýeten, ýetmeli üstünlikleri barada "retwit" edeliň, ylmy açyşlary barada postlara "Like" goýalyň, sportda, ylymda gazanan ýeňişleri, durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada bloglary ýazaly. Her birimiz jynslaryň deňliginiň nämäni aňladýandygyna düşünsek, bu çylşyrymly mesele barada gürrüňdeşlikleri gurnasak we oňa goşulsak, "iliň diýjegi" hem üýtgär, çünki il hem bizden ybarat.

Makalanyň awtory: Kemal Korbayew

  • 7050 gezek okalan