OKYJYSYZ GALAN KITAPLAR

• Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.76 (21 Ses)

"Kitap okamaýan adamyň okap bilmeýän
adamyň öňünde hiç hili artykmaçlygy ýokdur"

Mark Twen

Eger bu makalany açan bolsaňyz, siz internetden peýdalanýansyňyz. Diýmek okap hem bilýansiňiz. Okamak ukybyňyzyň bardygy üçin bolsa örän bagtlysyňyz. Sebäbi BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, şu gün dünýä boýunça 750 million adam sowatsyzdyr. Bu bolsa planetamyzda her 10 adamdan biri okap we ýazyp bilmeýär diýmekdir. A siz öz sowatlylygyňyzy peýdalanýarmysyňyz?

Azajyk statistika

GDA-nyň içinde iň köp okaýan ýurtlaryň bäşliginiň başyny Belarus Respublikasy çekýär – her 1000 adamdan 392-si kitaphanada okaýar. Ikinji ýerde Russiýa Federasiýasy – 375 adam, soňra Ukraina – 336 adam, Azerbeýjan – 283 adam, we Gazagystan – 269 adam.

Häzirki ýagdaý

Ýokarky sanawyň içinde Türkmenistanyň ýoklugy gynandyrýar. Näme üçin biziň günlerimizde ýaşlar – biziň geljegimiziň eýeleri – kitap bilen gyzyklanmaýarlar? Eýsem internet bilen telewidenýe kitabyň ýerini tutup bilermi?

Eger daşary ýurda bilim almaga gidýän türkmen ýaşlarynyň arasynda kitap okaýanlaryň sany artýan bolsa, onda ýurduň içindäki ýaşlaryň ýagdaýlary nähilikä? GDA-nyň içindäki okamakda birinji ýeri eýeleýän Belarus Respublikasy bilen deňeşdirsek, biziň ýurdumyzda kitap dükanlary az; täze çykýan kitaplaryň köp bölegi biziň ýurdumyzda satylmaýar; daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplarynyň yzygiderli türkmen diline terjime edilmeýändigi hem hemmelere mälim bolsa gerek.

Kitaphanalaryň hem ýaşlaryň arasynda aýratyn bir meşhurlygy ýok. Dogry, kitaphanalarda köp kitaplary tapyp bolmaýar. Esasan-da häzirkizaman edebiýatyna degişli kitaplar seýrek. Ýöne okamaga zat bar. Elbetde, okajak adam üçin.

Kitaphanalarda birinjiden-ä daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplary az, ikinjidenem häzirkizaman türkmen ýazyjylarynyň kitaplarynada (eger olar bar bolsa) asla duş gelmek bolmaýar. Şol sebäpli hem okamaga höwesek ýaşlar halkara edebiýatyny, daşary ýurt ýazyjylarynyň döredijiliklerini rus, iňlis we türk dillerinde okaýarlar.

Bu medeniýetiň çökendigi barada habar berýärmikä?!

Ýokarda "Telewideniýe we internet kitaplaryň ornuny tutup bilermikä?" diýipdik. Hawa, tutup biler. Ynanmasaňyz daş-töweregiňize seredip görüň: smartfonlar (akylly telefonlar) we planşetlar adam bedeniniň bir bölegi boldy diýsek hem boljak. Emma bu olary adamyň duşmany edip goýmaýar. Bellenilip geçilen ýetmezçilikler okajak adam üçin diňe bahana bolup biler. Häzirki wagtda elektron kitaplaryň kagyz kitaplaryň ýerini eýeläp başlandygyna syn edip bolýar. Eger kagyz kitap satyn alan adam diňe alan kitabyny okap bilýän bolsa, onda elektron kitap alan adam müňlerçe kitaby internetden kompýutere, kompýuterden hem elektron kitabyna ýa-da gönümel elektron kitabyna ýükläp okap bilýär. Şeýle hem kitaby smartfonlarda, planşetlarda okaýanlar hem seýrek duş gelmeýär. Ýöne elektron kitaplar biziň medeniýetimizde henize çenli öz ornuny tapyp bilmedi.

Häzirki döwürde aragatnaşyk pudagynyň iň wajyp bölekleriniň biri bolan Internet ýurduň hemme ilatly nokatlarynda deň derejede ösmedikdir. Dünýä derejesinde öz döwründe "ýokary tizlikli internet" diýip atlandyrylan 3G bizde sabyr-takady türgenleşdirmek üçin ulanylýar. Üstesine onuňam bahasyna elýeterli diýip bolmaýar. Bu-da öz gezeginde dünýä edebiýaty bilen tanyşmaga kynçylyk döredýär. Ondan başga-da, ilatyň içinde, esasan-da Sowet Soýuzynda ulalyp ösen adamlaryň arasynda, internede negatiw seredýänleri hem az duş gelmeýär. Olaryň gözi bilen seretseň, internetde porno-filmlerden başga hiç zat ýok; internet diňe LINE-da gürleşip wagtyňy boş geçirmek; internet seniň aň-düşünjäňe diňe zyýan ýetirip biler, we ş.m. internet barada nädogry pikirlere duş gelmek bolýar.

Näme üçin kitap okamaly?

"Akylly bolmak üçin 10 kitap okamak ýeterlikdir,
ýöne şol 10 kitaby tapmak üçin 1000 kitap okamaly"

Awtory näbelli

Fiziki maşklaryň adam bedenini türgenleşdirişi ýaly, kitap hem adam beýnisini türgenleşdirýär. Edil fiziki maşklar ýaly kitap okamak hem şobada netije bermeýär. Netijesini görmek üçin köp we pikirlenip okamaly. Munuň üçin bolsa sabyr-takat gerek. Okap öwrenişmedik adam üçin bular ýerine ýetirmesi kyn iş ýaly bolup görner – bu bolsa adamda höwes döretmän, gaýtam, onuň döremegine böwet bolýar. Höwesiň ýoklugy üçin gymmatly kitaplar hem okyjysyz galýarlar. Bu bolsa "Näme üçin höwes ýok?" diýen soragyň üstünden eltýär.

Çilim çekmek, arak içmek (elbetde, bu her kimiň öz işi) ýaly adamyň saglygyna zyýan ýetirip biljek ýaramaz zatlary endik edinýänler bilen deňeşdirilende kitap okamagy endik edinýänler az. Siz haçanam bolsa bir wagt kitabyň reklamasyny görüpmidiňiz? Eger gören bolsaňyz hem, köp däldir. Kapitalizm jemgyýeti sizden onuň satýan harytlaryny satyn almagyňyzy, onuň hödür edýän hyzmatlaryndan peýdalanmagyňyzy isleýär. Çünki bu oňa girdeji getirýär. Ýöne ol siziň aňyňyzyň giňemegini, pikirlenmegiňizi islemeýär. Eger siz pikirlenip başlasaňyz her ýyl iPhone-y täzeläp durmakda many görmersiňiz. Bu bolmanda-da, kitap çilim bilen arak ýaly girdeji getirenok.

Şeýdip hemme jogapkärçiligi beýlekileriň üstüne atmak aňsat, ýöne, çagada okamaga höwes döretmekde onuň maşgalada alýan terbiýesiniň orny wajyp bolup durýar.

Nädip kitap okamagy "moda" öwürmeli?

Bu sorag köpden bäri berilýän bolsa gerek. Kitaby biriniň eline berip, "Oka!" diýip mejbur edip okatmak mümkin däl. Okyjylaryň köpüsi çagalykdan başlap okap gelýärler. Kitaba bolan söýgi olaryň beýnisine çagalykda guýulýar. Muňa maşgalanyň agzalary täsir edip bilýär. Çagada okamaga höwes döretmek üçin ilki bilen ene-atanyň özi şahsy görelde bolmaly. Çünki, "Çaga öwredeniňi etmez, görenini eder" diýip, ýöne ýere aýdylmadyk bolsa gerek. Bu babatda çaganyň maşgalada alýan terbiýesi uly orun oýnaýar.

Kitap okaýanlaryň öz toparyna täze okyjylary goşmak üçin edip biljek hereketleri:

1. Ýatmazdan ozal çaga mydama erteki okap berilse, wagtyň geçmegi bilen kitap endige öwrülip biler.

2. Kitaba höwessiz adamlara kitap okamagyň adamyň intellektual we ruhy ösüşine getirýän peýdalary barada aýdyp bermeli. Her hili adamlar – her hili höweslendirmeler. Mümkin bu hem bir adam üçin gyzykly bolar.

3. Olary her hili gyzykly kitaplaryň mazmuny bilen tanyş etmek hem netije berip biler. Dürli sebäplere görä çeper edebiýat käbir adamlary gyzyklandyranok, käbirleri bolsa ylmy kitaplary okanynda ýatyp galýarlar. Mümkin siz olara öz kitabyny tapmaga kömek edip bilersiňiz.

4. Özüňiz okaň. Ýokarda aýdylyp geçilişi ýaly, özüňiz görelde boluň. Kitap okaýan adamyň pikirleri kitap okamaýan adamyňkydan tapawutly bolýar. Muňa bolsa üns bermän bolanok.

Kitap okamak peýdaly endik. Ýöne kitap okamakdan başga-da ýene bir wajyp zat – bu pikirlenip okamakdyr. Pikirlenmän okaýan adam wagtyny boş sarp edýär we okan zadyndan many çykaryp bilmeýär.

Elbetde, XXI asyrda kitap maglumatyň esasy çeşmesi däl, emma maglumata baý bolan internet henize çenli kitabyň ornuny doly derejede eýeläp bilmedi.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Bezirgen Nuryýew

• 2750 gezek okalan

Teswirler (9)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. Ökdür

Çagalykda trbiýe berilşine garamazdan ýaş başyndan kitaba sarpa goýup, gyzyklanyp okaýan adamlar internede känbir pikir hem bermeýär. Her kişiniň öwrenişip sarpa goýýan zady özüne täsirli bolýar.

1. Gartaşan.

Kitap adama pikirlenmäni öwredip, ol seniň ýatkeşligiňi saklanmagyna uly kömek edýär. Aýratyn hem gartaşan wagtyň kitaby okap, okan zatlaryňy ýatda saklajak bomagyň örän peýdalydygyna göz ýetirdim. Meniň ýaşymda kelle beýniň işsizliginiň beýleki...

Kitap adama pikirlenmäni öwredip, ol seniň ýatkeşligiňi saklanmagyna uly kömek edýär. Aýratyn hem gartaşan wagtyň kitaby okap, okan zatlaryňy ýatda saklajak bomagyň örän peýdalydygyna göz ýetirdim. Meniň ýaşymda kelle beýniň işsizliginiň beýleki ýaramaz keselleriň döremegine getirmegi mümkin.

Dowamy

1. Garly.

Bizde ýaşlaryň çärelere irginsiz gatnaşmaklary kitap okamaga wagt hem goýmaýar. Kitap dukanlarynda kitap satyn alyp duran ýaş oglan-gyzy aňsat görmersiň.

1. Gerçek

Dogry tehnologiýanyň çalt depginde ösmegi adamlarda has-da ýaşlarda kitaba bolan islegi peseltdi. Muny bütin ýer ýüzi boýunça aýdýarlar emma internetden köp zatlary alybam, okabam bolýandygyna garamazdan elektron kitaplar çap edilen kitabyň...

Dogry tehnologiýanyň çalt depginde ösmegi adamlarda has-da ýaşlarda kitaba bolan islegi peseltdi. Muny bütin ýer ýüzi boýunça aýdýarlar emma internetden köp zatlary alybam, okabam bolýandygyna garamazdan elektron kitaplar çap edilen kitabyň ornuny tutup bilenok.
Ýaşlaryň aňyna kitaba bolan söýgüni olar okamany öwrenip başlan güninden döretmek üçin zerur işleri ýerine ýetirmeli. Çagalar kitap okap ulalsalar, (has-da çeper eserleri) olar kämillik ýaşyna ýetende jemgyýet üçin iň gerekli, kämil düşünjeli nesliň kemala gelmegine uly ýardam eder.

Kitap okaman we kitaba bolan höwesi ýokary bolan ençeme kitaplary okan iki ýetginjegiň ara tapawudy (aň-düşünje tarapyndan) ýer bilen gök ýalydyr.
Edil ýaşlarda internede bolan höwesiň ýokary boluşy ýaly kitaba bolan ýokary höwesi gazanmak üçin gerekli işleri ýola goýmagyň usulyny tapjak bolmaly.

Dowamy

1. Iññeçi

[quote name="Sahy."]Indi sahypalary açyp kitap okamagyň geregem ýoklaý. Internetde eliň aýasy ýaly ýerde sansyz kitap barka, kitap gözläp ýörmäň nämä geregi bar. Çagalar üçin kitap taryhy zat bolup galarlaý.[/quote]

Sahy aga, kitap köp...

[quote name="Sahy."]Indi sahypalary açyp kitap okamagyň geregem ýoklaý. Internetde eliň aýasy ýaly ýerde sansyz kitap barka, kitap gözläp ýörmäň nämä geregi bar. Çagalar üçin kitap taryhy zat bolup galarlaý.[/quote]

Sahy aga, kitap köp internetde, emma hakykatdanam, kompÿuterden ÿa telefondan kitap okaÿañyzmy? Özüme galsa diñe birinji paragrafy okaÿan gysga makalalañam.

Dowamy

1. Sahy.

Indi sahypalary açyp kitap okamagyň geregem ýoklaý. Internetde eliň aýasy ýaly ýerde sansyz kitap barka, kitap gözläp ýörmäň nämä geregi bar. Çagalar üçin kitap taryhy zat bolup galarlaý.

1. Okyjy.

Tesbirçi Şeýtançyk bellikleriňiz gaty dogry. Menem Siziň pikirleriňize goşulýaryn. Tesbirçi Iňňeçi Siziň aýdyşyňyz ýaly türkmen dilinde durmuşdan ýazylan gyzykly eserler ýok. Umuman aýdanyňda krilisadan elipbiýä geçilenden soň gyzykly eserler...

Tesbirçi Şeýtançyk bellikleriňiz gaty dogry. Menem Siziň pikirleriňize goşulýaryn. Tesbirçi Iňňeçi Siziň aýdyşyňyz ýaly türkmen dilinde durmuşdan ýazylan gyzykly eserler ýok. Umuman aýdanyňda krilisadan elipbiýä geçilenden soň gyzykly eserler okyjysyz galdy. Zibiliň taşlananlar hem şol "hossarlaryny" ýitiren kitaplar.

Dowamy

1. Iññeçi

[quote name="Sheytanjik"] Bu gidish bilen, gynansakda bizin yurdumiz sosial tarapdan Evropanyn we Amerikadan has yza galar.[/quote]

Amerika bilen Ÿewropanyñ yzyndan ÿetmek hökman dälmika diÿÿän. Azyndan bugünki özümizden, ÿeten...

[quote name="Sheytanjik"] Bu gidish bilen, gynansakda bizin yurdumiz sosial tarapdan Evropanyn we Amerikadan has yza galar.[/quote]

Amerika bilen Ÿewropanyñ yzyndan ÿetmek hökman dälmika diÿÿän. Azyndan bugünki özümizden, ÿeten derejämizden ozdyrsagam bolÿa.

Kitap meselesinde welin birinji ÿeñmeli kynçylygymyz Türkmen dilinde diñe kitaplaryñ dälde, makalalaryñ azlygymyka diÿÿän. Ÿokardaky ÿaly makalalar köpelse belki, okanlar öz gyzyklanÿan mowzuklaryny tapyp, ol ugurdan kitap gözlärler.

Dowamy

1. Sheytanjik

Gyzykly makala. Gowy mowzugy gozgalayar. Birinji bilen, siz "A siz öz sowatlylygyňyzy peýdalanýarmysyňyz?" diyip yazdynyz. Turkmen bilende "A siz" diyilenok. Siz bolsa, diyip bilersininz.

Ikinji bilen, Turkmen yaslary rus we inglis...

Gyzykly makala. Gowy mowzugy gozgalayar. Birinji bilen, siz "A siz öz sowatlylygyňyzy peýdalanýarmysyňyz?" diyip yazdynyz. Turkmen bilende "A siz" diyilenok. Siz bolsa, diyip bilersininz.

Ikinji bilen, Turkmen yaslary rus we inglis dilini gowi bilenoklar sheylelik bilen olar kitap okamayandyklary gen dal. Uchinjilik bilen, ene-ata kichilikden chagalarynda edebiyata soygi doretmeli. Emma kop ene-ata gazanch bilen bashagay we chagalaryna uns bermeyarler. Okuwlarymyzda bolsa mugallymlaryn ozi kan bir kop okanoklar we sheylekil bilen okuwchilary gyzykdyryp we edebiyata bolan soygini doredip bilenoklar. Bu gidish bilen, gynansakda bizin yurdumiz sosial tarapdan Evropanyn we Amerikadan has yza galar.

Dowamy

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location