Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUW DAMJASY, HAKYKATDAN HEM ALTYN DÄNESIMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (16 Ses)

SSSR döwründe Merkezi Aziýa ýurtlary ekrançylyk işleriniň uly bölegini ýerine ýetirýän sebitdi. Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda uly ekin meýdanlary bardy we olar Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň daglarynyň başyndaky buzlaryň eremegininiň netijesinde we başga ýollar bilen Amyrderýanyň we Syrderýanyň suwlary bilen suwarylýardy. SSSR-yň dargamagy bilen, ösdürmek üçin ýokary mukdarda suw talap edýän gowaça, bugday we beýleki ekinleri suwarma, öndürme goňşy ýurtlaryň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň penjesine düşdi.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda merkezi suw dolandyryş ulgamynyň kemçilikleri, kämil bolmazlygy suwuň üstünde döreýän düşünişmezlikleriň esasy sebäbi bolýar. Suwuň kömegi bilen diňe ekin suwarmak dälde, eýsem elektrik togunuň hem öndürilmegi ýurtlaryň ykdysadyýetine düýpli täsir edýär. Täjigistanyň uly gidroelektrik stansiýalaryny gurmak meýilnamalary sebäpli, suwuň akyşynda döreýän bökdençlikler hakyndaky yzygiderli habarlar sebitdäki ýurtlaryň aladalaryny artdyrdy.

Grafika: Dünýä boyunça adam başyna suw sarp edişde ýokarky 20-lik.

Çeşme: Dünýä Banky

Biziň ýurdumyz adam başyna suwy sarp etmekde dünýäde birinji orunda durýar. Dünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan adam başyna 5400 m3 suw ulanmak bilen ABŞ-dan dört esse suwy köp ulanýar. Sebitimizdäki beýleki ýurtlarda sanlar şeýleräk: Özbegistan 1900, Gyrgyzystan 1800, Täjigistan 1400, Gazagystan 1300 m3 suw göwrümine barabardyr.

Grafika: Merkezi Aziýada adam başyna suw sarp edişi.

Çeşme: Dünýä Banky

Dünýä Bankynyň beren maglumatlary, yurdumyzda suw ýetmezçiligi dälde, suwuň zaýalanma, bisarpa ulanylma meselesini ýüze çykarýar.

Grafika: Türkmenistanda suwuň goýberilýän ugruna görä görkezilşi

Çeşme: BMG – Azyk we Ekrançylyk Guramasy (2004)

Ýurdumyzda suwuň uly bölegi ekrançylyk işlerini dolandyrmak üçin akdyrylýar. Senagata we adamlaryň gündelik durmuşlaryna gidýän bölegi, grafikadan görlüşi ýaly az. "Ösen ýurtlardaky ýaly, suw reformalary geçirlip, döwrebap suwaryş ulgamlarynyň döredilmegi, halka suwuň ähmiýeti hakynda ündemek, düşündirmek işlerini, daýhanlara täze suwaryş ulgamlary we usullary ulanmak üçin itergi, goldaw bermeklik ýaly uly işler tizden-tiz geçirilmese, gündelik durmuşymyzda suw ýetmezçiligi agyr duýular" diýip, sebitiň ekspertleri belleýärler.

Awtor: Gurtmyrat Allaberdiýew

Ulanylan çeşme

  • 5451 gezek okalan