Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENEMIŇ DÜZELMEÝÄN SAGLYGY ÝA-DA SAGLYK PUDAGYNYŇ HARAJATLARYNA SYN

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (15 Ses)

Ýaşy bir çene ýeten enem, oturyp turanda ýa-da köpräjik aýak üstünde duran wagtlary aýaklary agyryp, uzakly wagt oturyp dynç almaly bolýar. Dynç alyş agyrlaryny aýyrmasa, obamyzdaky tebip daýza görünmäge gidýär. Men bu beşeriş ýolunyň enemiň agyrlaryna derman bolmajagy, eýsem onuň keselhana gidip lukmana görünmelidigi hakynda pikirlendim. Näme üçin biziň adamlarymyz öz-özünden gowlaşaryna garaşýarlar ýa-da lukmançylyk bilen ýakyn baglanşygy bolmadyk, lukmançylyk okuwyny almadyk adamlara, meselem tebiplere gidýändikleri barada oýlanyşdym.

Her bir raýat döwlete salgyt bermäge borçludyr. Edil şonuň ýaly hem, saglyk hyzmatlary bilen raýatlary üpjün etmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyna ýakyndan üns bermek her bir hökümetiň borjudyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Bütindünýä Saglyk Statistikalarynyň maglumatlary esasynda käbir inforgrafikalary we şekilleri düzüp, Türkmenistanyň saglyk üçin harçlaýan çykdaýjysyny beýleki ösen we ösüp barýan ýurtlar bilen deňeşdirmegi isledim.

Grafika 1: Ýurtlara görä Saglyk harajatlarynyň proporsiýalary

Çeşme: BSGG

Sebitimizdäki ýurtlara seredip, saglyga gidýän çykdaýjynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygynyň 2.5%, ýagny 0.025 deňdigini görüp bolýar. Ýagny ýurdumyzyň öndürýän jemi önüminiň bahasy 1000 amerikan dollaryna barabar bolsa, şonuň jemi 25 dollary saglyk üçin harçlanýar. Grafikada görkezilişi ýaly, bu sanlarda sebitimizdäki beýleki ýurtlara garanyňda ep-esli yzda galýarys. Eýsem, hökümetiň saglyk harajatynyň jemi harajatlara gatnaşygy 9.9%. Aňsatlaşdyryp aýtsak, hökümetimiz pudaklara jemi 1000 dollar sarp edýän bolsa, şonuň 99 dollary saglygy goraýyş pudagyna gidýär. Bu görkezijini sebitimizdäki ýurtlar bilen deňeşdirsek, diňe biziň goňşymyz Özbegistan bizden 8.5% bilen biziň yzymyzda galýar, beýlekiler bizden has öňdedir.

Grafika 2: Ýurtlara görä Saglyk Harajaty/Jemi Içerki önüm %

Çeşme: BSGG

Ikinji grafika dünýä ýurtlarynyň saglyk pudagynyň harajatlarynyň jemi içerki önümlerine gatnaşygyny görkezýär. Bu görkezijide ABŞ 17.9 % bilen birinji orny eýeleýär, Ýewropa ýurtlarynda iň köp sarp edýän Niderlandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Şwesariýa, Daniýa 12% barabar. 191 ýurduň arasynda, gynansagam, Türkmenistan jemi 2.5% bilen 188-nji orunda galýar. Sanawda bizden soňra Katar, Mýanmar we Päkistan ýurtlary gelýär.

Enemiň agyrlarynyň uzak wagta çekip düzelmeýändiginiň käbir sebäplerini sanlar ýüze çykaryp başlady.

Grafika 3: Adam Başyna hökümetiň saglyk harajaty

Çeşme: BSGG

Adam başyna hökümetiň näçerak saglyk harajaty edýändigi hakynda ýurtlaryň arasyndaky sanlary jemläp deňeşdirdim. Gynansagam, ýurdumyz adam başyna 118 amerikan dollary bilen 191 ýurduň arasynda 130-njy orny eýeleýär. Grafikadan görlüşi ýaly, sebitimizdäki beýleki ýurtlar bizden hem ýaramaz ýagdaýda.

Grafika 4: Adam Başyna hökümetiň saglyk harajaty

Çeşme: BSGG

4-nji grafika adam başyna hökümetiň saglyk harajatynyň ýokardaky sanawyny görkezýär. Bu sanlara görä, Monako, Norwegiýa, ABŞ, Niderlandiýa, Daniýa ýaly ýurtlaryň her biri 4000 amerikan dollaryna barabar ýa-da ondan hem köp pul harçlaýarlar.

Grafika 5: Lukmançylyk işgärleriniň sany boýunça görkeziji

Çeşme: BSGG

Käwagt enem keselhana gidende lukman tapylanok, tapylsa hem özüňe seretdirmek kyn diýýärdi. Sanlara göz aýladym. 5-nji grafikada görlüşi ýaly, Türkmenistanda her 10000 (on müň) adama düşýän lukmanyň sany 23.89 (tegeleklesek 24) we her 10000 (on müň) adama düşýän göbek enäniň we şepagat uýasynyň sany 44.24 (tegeleklesek 45) barabar. Merkezi Aziýadaky beýleki ýurtlar bilen deňeşdirenimizde şu görkezijilerde iň yzdaky ýurt, gynansagam biziň ýurdumyz ekeni. Türkiýe Respublikasynda lukmançylyk işgärleriniň azlygy häli-şindi döreýän dürli kynçylyklaryň sebäbi bolup durýar.

Şu görkezijilere seredip, enemiň näme üçin tebiplere, saglyk okuwyny almadyk adamlardan öz gymmatly wagtyny ýitirip, gymmatly saglygy üçin maslahat soraýandygy hakynda azda-kände düşünip başladym.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Gurbanberdi Orazgeldiýew

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

  • 4918 gezek okalan