Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ISLEMESEŇ HEM, ISLEDERIN: OKUWÇY TÜRKMEN GYZYŇ "JADYGÖÝLIK" DÜNÝÄSINE SYÝAHATY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (33 Ses)

Türkmen jemgyýeti we jadygöýçilik

Türkmenistanda adamlaryň öz bähbidi üçin jadygöýçilik güýçleri ulanyp, başgalara zeper ýetirmek, gözboýamak ýa-da hilegärlik niýetli doga diýen bela-betere baş urýandyklary barada eşidýärdim.

Her gezek jadygöýçilik barada eşidenimde gaýnap duran gazanyň üstüne söýenip, hikirdäp duran jadygöýüň ýa-da aýyň öňünden hasasy bilen uçup barýan zömmek şyrdakly jadygöý kempiriň şeklini aklyma getirýärdim. Men jadygöýçilige kän bir ynanyp barmaýardym we bu mowzuga gülki bilen garaýardym. Emma öz başymdan şeýle ajy wakany geçirenimden soň, jadygöýçiligiň türkmen jemgyýetinde ösüp gidendigine, onuň möhüm orum eýeleýändigine göz ýetirdim.

Jadygöýçilik näme?

Taryhy boýunça jadygöýçilik köp medeniýetlerde we halklarda adamyň bedenine we aňyna zeper ýetirmek ýa-da onuň islegine garşy dürli hereketleri etdirmek üçin ulanylypdyr. Jadynyň iň esasy görnüşi "doga" ýada "jady sözleriniň" okalmagydyr. Dini alymlarynyň aýtmagyna görä, "doga" – "hakyky jada" girýär. Bu bolsa adama fiziki taýdan täsir edýän bir jady diýmekdir. Jady sözleri belli bir jümlelerden, formulalardan, hereketlerden ýa-da bularyň birleşmesinden ybaratdyr. Jadygöýçilik ölüm, hassalyk, dawa ýaly betbagtçylyklara sebäp bolup bilýär. Şeýlelik bilen, jadygöýçilik erbet niýet we öz bähbidi üçin ahlak kadalaryna gelişmeýän ýollar bilen, adamlara zeper ýetirmek, adama öz erkine garşy birini söýdürmek, aýrylyşdyrmak, uruşdyrmak we ş.m. maksatlar bilen edilýär. Jadylanan adam öz erkine garşy hereketleri etmek bilen bolýar. Onuň işdäsi we ukusy kesilýär. Saçy dökülýär we özüni ruhy taýdan rahatsyz duýýar.

Islemeseň hem, islederin

Jadygöýçilik mowzugyna gelende men şübhelenýärdim. Çünki men diňe ylmy taýdan subut edilen meseleleri şeksiz kabul edip bilýärdim. Ýöne durmuşymda soňky üç aýyň içinde bolup geçen wakalar sebäpli meniň bu mowzuga garaýşym düýbünden üýtgedi…

Günleriň bir güni, men Germaniýada gysga mohletleýin iş tejribämi alyp ýörkäm, ejem maňa jaň edip, bir maşgalanyň öz ogluna meni gelin edip almaga gyzyklanma bildirendigini aýtdy. Hemem ol oglanyň internet ulgamynyň üsti bilen ugradan "dostlugyny" kabul edip, onuň bilen tanyşmagymy haýyş etdi. Men şol wagt durmuşa çykmak pikirim ýokdy, emma ejemiň sütemine çydap bilmän men ol oglanyň internetden iberen "dostlugyny" kabul etdim. Meniň dünýägaraýşym, türkmençilige garşy gelýän liberal garaýyşlarym oglany menden yza iterer diýip pikir etdim. Emma beýle bolmady.

Bir aý geçip-geçmänkä men höwes eden iş tejribämi taşlap, nädip Türkmenistana bilet alyp, öýe gaýdanyma düşünmän galdym. Ol wagt meniň aklym edil dumanda ýalydy. Öýe dolanyp gelenime on gün bolmaka-da gürleşilen hyrydarymyň ejesi guda bolup geldi we ilkinji gezek gelşine garamazdan, türkmen däp-dessuryna görä maňa ak ýaglygy dakyp gitdiler. Bir hepdäniň içinde olar toýuň sähedini belläp, ony geljek üç aýyň içinde etmekçi boldular. Men bu waka barada syrlarymy ýakyn joralarym bilen paýlaşdym. Bu täzelige meni ýyllap tanaýan joralarym aňk-taňk boldular. Olar: "Dilber, sen tanamadyk adamyňa durmuşa çykarsyň diýen pikir hiç aklymyzdan hem geçmezdi, gaty howlugýan bolaýma?" diyip ençeme gezek soradylar. Maral joram maňa: "Dilber, seni on ýedi ýyldan bäri içgin tanap gelýän, sen söýgä ynanýan we aýal-gyzlaryň hak-hukugyny gorap, ony öňe sürýänlerden biridiň. Sen nätanyş bir oglana durmuşa çykmak ýaly netijä nädip geldiň? Belki pikirlenersiň?!" diýip ýüzlendi.

Men joralarymyň ne soragyna, ne-de duýduryşlaryna üns berdim. Hat-da şol wagt näme edip näme goýýandygyma özüm hem düşünmeýärdim. Meselem, bir aýyň içinde meniň durmuşa çykjak ýigdimiň dünyägaraýşynyň meniňki bilen deň gelmeýänini duýdum. Hat-da onuň Yslam dinini terk edip, Oşo diýilýän hindi filosof-alymyna uýmaklygy meni gorkuzsa-da, men öz aklyma erk edip bilemokdym. Wagtyň geçmegi bilen men özümi beden we ruhy taýdan erbet duýup başladym. Meniň kelläm aşa agyryp, saçym düşüp, işdäm kesilip, ýüregim gysmaga başlady. Hemme zada gaharym gelýärdi. Öýüň içinde hem özüme rahatlyk tapyp bilmeýärdim. Aglap daňy atyrýardym. Boljak toý barada hiç begenemokdym. Ejem, daýzalarym we bibilerim meniň bu bolşumy görüp, durmuşa çykjak gyzlaryň toýdan öňki newroz halyna meňzedýärdiler.

Günleriń bir güni howlymyzy arassalap durkam goňşymyz Bäbik daýza ýanyma gelip, ýygy-ýygydan meniň gözüme seredip: "Dilber sen meniň gözümiň öňünde önüp-ösdüň. Bolşuňa nebsim agyrýar. Gyzym, sen doga edilene menzeýärsiň!" diýdi. Bu sözleri eşidenimde üstümden gyzgyn suw guýlan ýaly boldum. Inim jigläp, içime howsala girdi. Bäbik daýza meniň elimden süwsäni alyp, meniň gözlerimiň içine üns bilen seretdi we maňa: "Dilber iki aý mundan ozal kiçi boýly, akýagyz, senden ýaşy uly bir oglan saňa söýgi dogasyny okatdyrypdyr" diýdi. Soňra ol maňa: "Dilber, seniň kelläň agyrýarmy? Işdäň kesildimi? Gijelerne ölüm barada pikir edýäňmi?" diýip, sorady. Onuň nädip meniň aklymdaky pikirleri bilendigine haýran galdym. Meniň damagym dolup, gözümden paýyr-paýyr ýaşlar döküldi. Dilim tutulyp, jogap berip bilman, aglamjyrap, ýaşly gözlerimi gyrpmak arkaly "hawa" yşaratyny berdim. Bäbik daýza maňa: "Dilber, bilýän, doga-dilegleriňi ýygy-ýygydan okagyn. Alladan umydyňy üzme! Ruhubelent bol! Alla seni öz penasynda saklasyn!" diýdi.

Toýumy goýbolsun edenime ençeme aýlar geçdi. Ýöne entegem ruhy we fiziki çökgünligim bar. Bu ýagdaýdan açylyşmak üçin men jemgyýetçilik işlerine goşulmaga we sport bilen meşgullanmaga başladym. Ýöne psihologlara ýüz tutup görmedim. Sebäbi biziň ýurdumyzda psihologlaryň "counseling" hyzmatlaryny berýändikleri barada hiç haçan eşitmändim.

Jemgyýetde jadynyň öňüni nädip alyp bolar?

Gynansakda, şu wagt jadygöýçilik ýaşlaryň durmuşyna uly howp salýar. Esasan hem maşgala gurjak ýaşlara doga edilýär. Okuwly ýaş gyzlar we oglanlar hem bu ahwalatdan kynçylyk çekýärler. Elbetde, jadynyň ýamanlygyny düşünen adam hiç wagt onuň golaýyndan barmaýar. Jadyny ulanýan adamlaryň köpüsi ahlak taýdan sowatsyz adamlardyr diýip pikir edýän. Bular jady ulanmakda birine gelýän zyýany görmän, diňe öz maksatlaryny alada edýärler. Belki-de, biziň adamlarymyz wagyz nesihata, adam gymmatlyklaryna sarpa goýmaklyga we biri-birine ýagşylyk etmeklige mätäçdir. Belki psihologlar munuň ýerini tutup biler. Belki-de, bu makalany okaýan doga ulanjak adam meniň düşen kynçylygyma göz ýetirip, ýüregi awap, öz etjek işinden el çeker. Belki-de metjitlerde, mekdeplerde we başga ýaşlara ahlak taýdan sapak berilýän ýerlerde, jadynyň howpy, zyýany we ondan halas bolmaklyk barada wagyz-nesihatlar edilse, jadygöýçiligiň ýaramaz täsiriniň öňüni almakda uly bir itergi bolar diýip umyt edýärin.

Awtor: Dilber Hanowa

  • 6557 gezek okalan