TÜRKMEN MODASY ÖZGERMELİ DÄLMİ? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMEN MODASY ÖZGERMELİ DÄLMİ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (27 Ses)

Türkmen forum saýtlarynda sosial temalarda her dürli gürrüňler geçirilýär. Döwrüň üýtgeýän durmuş şertleri, ýaşlyk, ýaşlaryň özüni alyp barşy baradaky makalalar köpçülik tarapyndan okalyp, kän teswir ýazylýar. Şular ýaly temalaryň iň köp ýazylyp teswirlenýänlerinden biri hem türkmen aýal-gyzlarynyň geýim stili baradaky makalalar we pikirler bolsa gerek. Ertir.com, talyplar.com ýaly forumlar açylany bäri iň köp pikir alşylan tema, gyzlaryň geýim stili baradaky ýazgylardyr diýsek ýalňyşmarys.

Ýazylan teswirlerde adamlaryň köpüsi gyzlaryň giň we uzyn köýneklerden tapawutlanýan, beden syratyny görkezýän dar biçüwli stilleri saýlamagyny ýazgarýarlar. Az sanly progressiw dünýägaraýyşly türkmenler bolsa türkmen stiliniň global moda akymyna ýakynlaşmalydygyny öňe sürýärler. Men bu makalada köpçüligiň pikirlerine bolan garaýyşlarymy beýan etmekçi.

Türkmen gyzlarynyň modasy

Dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem moda her döwürde üýtgäp durýar. Ýöne daşary ýurtlardan tapawutlylykda, türkmen gelin-gyzlarynyň modasy moda studiýalary tarapyndan däl-de, ýurdumyzdaky az sanly tikinçiler tarapyndan döredilýär. Gyzlaryň aglabasy bazardan mata satyn alyp, üns çekmek üçin ýa-da gözel görünmek üçin üýtgeşik stillerde tikdirmegi makul bilýärler. Soňky ýyllar dar köýnekleri geýýän gyzlaryň köpelendigini göz öňünde tutsak, beden gözelligini öňe çykarýan, dar biçüwli eşikleriň has meşhurdygyny aýtmak mümkin.

Konserwatorlar türkmen modasyndan nägile

Türkmen erkekleriniň aglabasy, esasan hem ýokary bilimi bolmadyk ýaşlar konserwatiw dünýägaraýyşly bolýarlar. Konserwatizm – bu hemme gymmatlyklary, däp-dessurlary, sosial kadalary we egin-eşik formalaryny öňden gelşi ýaly gorap saklamalydygyny öňe sürýän sosial pelsepesidir. Konserwatiw dünýägaraýyşy bolan adamlar ösüş we özgerişe garşy çykýarlar, ähli zat öňden gelşi ýaly goralyp saklanmaly diýip hasap edýärler.

Türkmen gyzlarynyň saýlaýan özüne çekiji stilleri dowamly özgerişi başdan geçirýändigi sebäpli, konserwatiw erkekleri birahat edýär. Olar gyzlaryň moda saýlawyna hormat goýup, sylaşykly bolmagyň ýerine, ertir.com, talyplar.com, vk we facebook ýaly sosial platformalarda döwrebap türkmen modasyna garşy çykýarlar. Hatda öte geçip, türkmen aýal-gyzlaryna garşy gödek teswirler ýazýanlaram tapylýar. Olara görä türkmen gyzlary dar geýim geýmeli däl. Ýewropa stiline ýykgyn etmeli däl. Olar milli geýinmeli.

Haýsy milli geýim?

Belli bir taryhy prosesiň dowamynda dörän, belli bir geografik sebitde ýaşaýan, belli bir halka mahsus geýim formasyna milli geýim diýilýär. Milli modanyň şekili sebitden sebite ýa-da döwürden döwre üýtgäp bilýär. Her halk öz durmuş şertlerine laýyklykda moda döredýär. Mysal üçin, araplar jokrama yssydan goranmak üçin hyjabyň dürli görnüşlerini döreden bolsalar, Grinlandiýada ýaşaýan eskimoslar aýazly howa şertleri sebäpli galyň deriden ýasalan milli geýimleri döredipdirler.

Şunlukda, milli geýinmegi teklip edýän türkmen konserwatorlaryň bu pikiri göräýmäge gowy teklip ýaly görünýändir. Ýöne bu düýpli pikirlenilmedik garaýyşdyr. Sebäbi okuw kitaplarymyzda hem aýdylşy ýaly, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk taryhy bar. Türkmeniň geçen asyrda döreden milli egin-eşiginiň bolşy ýaly, orta asyrlarda döreden milli egin-eşiklerem bar. Ata-babalarymyzyň ilkidurmuş obşina gurluşynda geýen egin-eşiklerem "milli" sypatlandyrmasynyň düzümine girýär. Döwür üýtgäp döwran aýlandygy saýy milli egin-eşikler hem birnäçe üýtgeşmelere sezewar bolýar. Onsoň möhüm sorag döreýär – "Gelin-gyzlarymyz haýsy döwrüň milli eşigini geýmeli?"

Belki-de, ilkidurmuş obşina döwrüne mahsus bedeniň belli bir bölegi agaç ýapraklary bilen gizlenilmelidir? Belki-de, gelin-gyzlarymyz goýun-geçiň derisini oranyp gezmelidir? "Gyzlar milli geýinmeli" diýýän erkekler bu soraglar barada pikirlenmek islemeýärler. Ýöne olar teswirlerinde, göz öňünde tutýan milli eşikleriniň türkmen ene-mamalarynyň geçen asyrlarda geýen eşikleridigini belli edýärler.

Indi siz pikir edip görüň. Eger ata-babalarymyz hem bu günki sowatsyz erkekler ýaly gelin-gyzlara geçen asyryň modasyny geýdiren bolanlarynda, milli egin-eşiklerimiz özgerişi başdan geçirermidi? Geçirmezdi. Gelin-gyzlarymyz bu gün hem Amazon tokaýlaryndaky käbir halklar ýaly derini oranyp gezmeli bolardylar. Şuny göz öňüne getirmek hem gülkünç hem-de gorkunç!

XXI asyryň türkmen modasy

Häzirki geýilýän dar biçüwli egin-eşikler ruslar, italýanlar ýa-da fransuzlar tarapyndan döredilmedi. Bu modany türkmen gyzlarynyň islegine laýyklykda türkmen tikinçileri döretdi. Şol sebäpli bu egin-eşikler milli türkmen modasy hasaplanýar. Bu moda häzirki döwrüň modasydyr. Gyzlaryň beýle köýnekleri saýlamagyna üns çekmek, halanmak, owadan görünmek ýaly islegler sebäp bolýan bolmagy mümkin. Ýöne bu islegler millilige ters düşýän däldir. Sebäbi, garşydaş jynsyň söýgüsini, ünsüni gazanmak islegi adamyň tebigatynda bar.

Sylaşykly bolmak meselesi

Elbetde, her kimiň öz pikiri bolup biler. Käbir adamlar konserwatiw, käbirleri bolsa özgerişi goldap biler – bu düşnükli ýagdaý. Ýöne dünýäde seniň pikiriňe goşulmaýan adamlaryň bardygyny bilmek we olaryň hem başgaça pikirlenmäge hakynyň bardygyny kabul etmek gerek.

Türkmen gyzlary öz dünýägaraýşyna görä dürli modany saýlap alyp biler. Biz erkeklere muňa düşünmek, gyzlaryň saýlawyna hormat goýmak we sylaşykly bolmak galýar. Moda bir duran ýerinde durmaýar. Ol mydama üýtgeýär. Bu gün eşikler daralan bolsa, ertirki gün giňelip, gysgalyp ýa-da uzalyp biler. Bu ýagdaý bütinleý sosial-durmuşdaky üýtgeşmelere bagly. Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmen modasy hem özüne mahsus özgerişleri başdan geçirdi, geçirýär we geljekde hem geçirmegi dowam eder.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Awtor: Anyk Şirow

  • 7861 gezek okalan