Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"GYZLARY ÖÝDEN ÇYKARMALY DÄL!"...

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (23 Ses)

11-nji oktýabr – gyzjagazlaryň Halkara güni.

Men daşary ýurtda 7 ýyl okadym. Goňşularym ýat illerde nämeler edýändigim barada erteki otarsalar, garyndaşlarym näme üçin beýle uzak wagtlap durmuşa çykman ýörendigimi sorap durýarlar. Ene-atamyň bolsa göwünleri bir ýaly. Çünki olar gyzlarynyň aňly, düşünjeli uly adamdygyny bilýärler. Meniň özüme dogry dost-ýar we ýanýoldaş saýlap biljegime hem ynanýarlar. Haçanda öz başyma maşgala bolamda bolsa, çagalarymy oňat ýetişdirip biljegime hem ynamlary uly. Men şeýle maşgalamyň bardygy üçin özümi bagty çüwen hasaplaýaryn. Olar maňa ýerlikli öý we okuw terbiýesini berdiler.

Emma köplere beýle bagt nesip etmeýär. Köp maşgalalarda gyz halkyna "aý, gyzdyr-da" diýip, kembaha garaýarlar. Şeýdibem gyzlaryň ösüp, öwrenip, zehin-başarnyklaryny synap, gözýetimlerini giňeldip, uly adamlar bolup ýetişmeklerine böwet bolýarlar.

Siz "Sen gyz ahyry!" diýen manydaky sebäpleri näçe gezek eşdip gördüňiz? Indi hem ýadyňyza salyň, nähili ýagdaýlarda eşitdiňiz?

"Sen gyz-a! Saňa prawa nämä gerek?"

"Sen gyz ahyry! Ýurtdan çykyp nirä gitjek bolýaň?"

"Aý, sen gyz-a! Näz-kereşme ediber!"

"Ah, sen gyz-da! Samsyjak zatlar diýip goýberýäň".

"Sen gyz ahyry! Sen diňe nahar bişirmäni, kir ýuwmany, içeri süpürmäni hökman bilmeli!"

"Gyz halyňa utanaňokmy?"

Men aşakda köp maşgalalaryň gyzlaryny daşary ýurda okamaga ibermekden ýüz döndürmekleriniň iň giňden ýaýran we nähak sebäplerini toplamaga çalyşdym.

1. Gyz hökman durmuşa çykmaly!

Durmuşda esasy maksat – bu gyzyň gelin bolmagy. Onuň nähili gelin boljagy we dürs şekilde çaga terbiýeläp biljegi ýa-da bilmejegi kän gyzyklandyrmaýar.

Öňler gyzlary däp-dessurlara görä ir durmuşa çykaran bolsalar, indi muny maddy sebäplere görä berjaý edýärler. Okamak gymmat. Iş tapmak kyn. Birnäçe gyzlar döwlet ýokary okuw jaýlaryna synanyşýarlar, emma olaryň hem almaly talyp sany çäkli. Galyberse-de, okuwa gezek gelende oglanlar has öňe sürülýär. Çünki olar maşgalanyň başy bolmaly, esasy meseleleri olar çözmeli, ýakynlaryna goldaw bolmaly, garaz, hemme zady olar etmeli-dä.

Beýle bolsa gelin näme? Ol çagalarynyň öý işlerine kömekleşmegi başarmaly dälmikä? Dürli temalarda söhbet edip bilmeli dälmikä? Eger erkek işini ýitiräýse, onda gelni kim eklemelikä?

2. Hudaý saklasyn, her hili zat bolup biler!

Bu sebäbe görä, ene-atalar çagalaryny ýurtdan çykarsalar, olaryň başyna hökman betbagtçylyklaň geljegine berk ynanýarlar. Ene-atalar, bir pikir edip görüň? Çagaňyza anyk näme bolup biler? Uçaryň gaçmagymy? Ýer titremesimi? Apy-tupan ýa sunamimi? Ýa çagaňyzyň ogurlanmagymy? Sizi beýle näme gorkuzýar? Eger ähli bela-beterlerden goranmak isleseň, iň gowy çözgüt- gowakda ýaşamak. Çünki, hatda öz oturan asuda şäheriňizde hem, gyzyňyz ýanyňyzdakada islendik betbagtçylyk ýüze çykyp bilýär. Eger size bu gaýgylar hiç rahatlyk bermeýän bolsa, onda gyzyňyzyň okajak ýerine baryp, ähli zadyň ýerbe-ýerligine güwä geçip gaýdyň. Käbir ene-atalar muny edýärler. Soňra bolsa çagalary her okuwdan rugsat möwsüminde öýlerine gidip-gelýär.

3. Gyzlar ene-ata ýakyn bolýarlar. Şol sebäpden hem olary "ululyk" durmuşyna iteklemek känbir dogry däl.

Biziň halkymyzda gyz üçin ululyk durmuşy ol durmuşa çykanyndan soňra başlanýar. Ana şonda gaýyn eneden başlap, gyzyň garyndaşlaryna, ýoldaşyna çenli ony terbiýelemäge başlaýarlar. Talyplyk ýyllary bolsa dynç alyş hökmünde görülýär. Aslynda bolsa talyplyk gyzyň bilmini, dünýägaraýşyny, gowy häsiýetlerini, bir söz bilen aýtsak, şahsyýetini ösdürip biljek döwürdir. Okuwda ol adamlar bilen nähili aragatnaşyk etmegi, kimiň kimdigini tanamagy, özüni goramagy, çydamly bolmagy we öz meselelerini özi çözüp bilmegi öwrenýär. Şu häsiýetleriň ählisi gyz üçin ol diňe gyzka däl, gelin we ene bolanda hem örän zerurdyr.

4. Gyz erkek dogany ýa-da garyndaşy bilen gitse, onda başga gürrüň.

Elbetde, gyz garyndaşy ýa-da agasy bilen bile gitse oňa ýetesi zat ýokdur. Emma ol garyndaşyň gyza doly göz-gulak bolup biljegine kepil geçip bolmaýar. Eger-de garyndaşyň gyza jogapkärli däl-de, diňe ýanynda bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda başga gürrüň. Emma pikir edip görüň, XXI asyrda telefonyň, Internetiň, Skype-yň, poçtanyň elýeterli döwründe gyzyň töwereginde ýene bir garyndaş şekilindäki "poçta gutusy" nämä derkar? Gyzyňyza Internet ulanmany, belli-belli wagtlarda siziň bilen habarlaşyp durmany öwrediň. Şonda siz gyzyňyzyň aragatnaşygyň ýollary barada sizden hem has köp zat bilýänine göz ýetirersiňiz.

Gyzy dolulygyna öz gol astyňda saklamaly diýen düşünje gyza ýaramaz täsir edip, uzagyndan onuň durmuşa çykmak ýa okuwa gidip dolanmazlyk ýaly ýollar bilen öýden daşlaşmagyna getirýär. Şeýlelikde ol islänini edip, islän ýerine gidip, islän zadyny hem geýnip bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň döremegine ene-ata sebäpkär bolýar. Çagaňyza mümkinçiliklerini synamaga şert dörediň. Goý gyzyňyz okasyn. Goý ol geljekde ökde lukman bolmak mümkinçiligini, ene-atasynyň özüne ynanmaýandygy üçin sypdyranyna ahmyr etmesin. Gyzyňyzyň kyn güne düşeninden, ýekesireýäninden, gamlanýanyndan, oňa howp abanýanyndan ilkinji özüňiziň habarly boljakdygyňyza ynanyň.

5. Ol uzaklarda özüni öňarmaz. Sebäbi ol gyz ahyry!

Hawa, gutlaýas, siziň gyzyňyz bar! Ol sagdyn hem dokuzy düzüw. Onuň keseli ýok. Eger siz gyzyňyza heniz hem ynamdarlygy we özerkliligi öwretmedik bolsaňyz, onda "tötänsiz sowgatlara" garaşyberiň. Şol sebäpli hem gyza özbaşdak pikirlenmäni, karara gelmäni, garaşsyz bolmany, öz aýagynda durup bilmäni öwretmek zerurdyr.

Ýene bir bellemeli zat – daşary ýurtda bolup geçýän zatlaryň ählisi ýurduň içinde hem bolup bilýär. Men sunami ýa-da ýer titremesini göz öňüne tutmaýaryn. Bular hem mümkin hadysalar, ýöne, esasy göz öňüne tutulmaly zat maglumatdyr. Gyz zaýalanar ýaly pomidor däl. Meniň ene-atam gyzlarynyň bilimli bolmagynyň özlerine has rahatlyk berýändigi üçin meni daşary ýurda okuwa ugratdylar. Ýedi ýyllap kakam meniň ähli joralarymy tanady. Ol meniň olardan kimler bilen duşuşýanymy, kimiň nirede okaýanyny we kimleriň ene-atalarynyň kimdigini bilýärdi. Enem-atam maňa özerkliligi öwretdiler we elmydama meniň gelen kararlaryma hormat goýdular. Elbetde, ejem bilen kakam käwagt maňa buýruk hem berýärdiler. Men bolsa ol buýruklardan hiç çykmaýardym. Çünki bu olaryň borjudy we men olaryň maňa berk ynanýandygyny bilýärdim. Şonuň üçin hem çagalaryňyza ynanyň!

Awtor: Aýperi Söýmeniýewa

  • 2969 gezek okalan

Teswirler (6)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bolya

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gyzy ene-atasy ýaşlykdan lälik saklan bolsa, çagalykdan saýlanandan soň bolsa özbaşdaklykdan mahrum edilse we onuň özüni alyp barşyna hem-de edýän hereketlerine gözegçilik bolmasa, onuň ýaly gyzyň daşary ýurtda okuwa gidip nähili ykbalynyň...

Gyzy ene-atasy ýaşlykdan lälik saklan bolsa, çagalykdan saýlanandan soň bolsa özbaşdaklykdan mahrum edilse we onuň özüni alyp barşyna hem-de edýän hereketlerine gözegçilik bolmasa, onuň ýaly gyzyň daşary ýurtda okuwa gidip nähili ykbalynyň boljakdygyny göz öňüne getirmek kyn.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gyzlar hakynda aýdylýan öňki pikirler indi yzda galdy. Täze nesle köne nesil öz ornuny berýär. Şonuň ýaly hem öňkileriňki ýaly gyzlaryň we oglanlaryň durmuş ýagdaýy diýen bolup oturmagyň geregi hem ýok ýaly bolup dur. Diýjek bolýanym öňki ýaly...

Gyzlar hakynda aýdylýan öňki pikirler indi yzda galdy. Täze nesle köne nesil öz ornuny berýär. Şonuň ýaly hem öňkileriňki ýaly gyzlaryň we oglanlaryň durmuş ýagdaýy diýen bolup oturmagyň geregi hem ýok ýaly bolup dur. Diýjek bolýanym öňki ýaly "sen gyza saňa prawa nämä gerek? diýilýän sorag bir hili geň bolup barýar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Awtor tuweleme dogry hem düsnükli edip ÿetiripsiñiz. Yöne edil häzirki döwürde ene ata öz gyzlaryny öz basdaklykdan gorap saklasalar gowy bolarmyka diyyan. Siziñ aÿtÿanyñyz ÿene ÿarym asyr wagyt gecip köne düsünjeler däp-dessurlar ÿitip gitse,...

Awtor tuweleme dogry hem düsnükli edip ÿetiripsiñiz. Yöne edil häzirki döwürde ene ata öz gyzlaryny öz basdaklykdan gorap saklasalar gowy bolarmyka diyyan. Siziñ aÿtÿanyñyz ÿene ÿarym asyr wagyt gecip köne düsünjeler däp-dessurlar ÿitip gitse, nämäñ gowy, erbetdigine, nireden awraÿyn düsjekdigini bilseler sol zatlara adamlañ añy össe bolar. Mysal: okuw ÿaslydan tä 35 ÿaslysla cenli her hili video, fotolar gynansakda kän. Birinjiliga çykjak bolyp her hili bolÿalar hawary yok awraÿy gacyp otyrandan. Siz 7 ÿyl dasary ÿurtda okan bolsañyz bulasan gyzlara gawat gelensiñizle dogry ÿerinde zat gizlemäliñ meñ pikirimçe wagyt gerek!

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Biziň ilde adaty bir maşgala bolup ýekeje çagaňy okadyp bilseň zor boldugyň. Köp maşgaladada birden köp çaga bolansoň bolanja pullaryna ogullaryny okadyp oňýalar. Aslynda gyzyna ýokary bilim bermek isleýän kän, ýöne halkyň jübüsinde it uwlaýar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ähli ene-atalar öz gyzlaryna şu makaladaky ýaly gowy garaýyşda çemeleşsediler, onda bu wagty hiç ýeri okamadyk diýip atlandyrylýan, dünýä garaýşy pes bolan birnäçe agyr zähmetiň pidasy bolup kösenip ýörenler ep-esli azalardy.<br /><br...

Ähli ene-atalar öz gyzlaryna şu makaladaky ýaly gowy garaýyşda çemeleşsediler, onda bu wagty hiç ýeri okamadyk diýip atlandyrylýan, dünýä garaýşy pes bolan birnäçe agyr zähmetiň pidasy bolup kösenip ýörenler ep-esli azalardy.<br /><br />Häzirki wagtda "ýeňilkelle gyzlar" diýip atlandyrylýan, birnäçe erbetliklerde ady tutulýan gyzlaryň hem sowatsyzlygy zerarly şeýleräk ýagdaýlaryň bolýanlygy anyk.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location