Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
EGER PIKIRLENIP GÖRSEK...
Mugallym kellesini aşak egip, äýneginiň ýokarsyndan auditoriýada oturan talyplara seretdi-de, şeýle diýdi: "Meniň her bir aýdanym bilen garşylyksyz ylalaşyp dursaňyz, men sizi sylamaryn."
Mugallym talyplary kiçeltjek boldumy? Asla beýle däl. Onuň sözlerinden many çykarsak, ol bize: "Meniň size berýän bilimime ýetmek üçin men gaty köp tejribe gazandym. Siz meniň aýdýanlarymyň hemmesine pikirlenmän, analizlemän ynanyp otursaňyz, siz taýýar pikire eýe çykarsyňyz. Ol bolsa siziň özbaşdak pikirlenip çykaran netijäňiz bolmaz. Siz diňe meniň sözlerimi gaýtalarsyňyz. Özüňiz bolsa hiç zada ýetmersiňiz. Öz kelläňizi işletmegi öwreniň." diýjek boldy. Gödegräk hem bolsa, ol muny bize ýagşy niýet bilen diýdi.
Tankydy pikirlenip bilmezlik diňe biziň ýurdumyzda ýaýran problema däl. Nähili bolsa-da, bizi ilki bilen öz ýurdumyzda bolup geçýän zatlar gyzyklandyrýar. Gynansak-da, biziň jemgyýetimizde tankydy pikirlenmek öňe sürülmeýär. Iň ýönekeý mysal, mekdep okuwçylarynyň arasynda köp sorag berýänler synpdaşlary tarapyndan ýazgarylýar. Olar köpbilmiş hasaplanylýar. Hawa, olar çaga, emma olar hem jemgyýetiň bir bölegi. Olar geljegiň "ululary", eýeleri. Mekdepden öýe gelenlerinde hem hemme ene-ata çagalarynyň hemme soragyna jogap berip bilmeýär ýa-da beresi gelmeýär. Şunlukda, köp sorag berýänlere "Köp sorag berme!" diýilýär. Bu bolsa çaganyň bilesigelijiliginiň üstüne atanak çekýär.
Hemme zady bilmek we hemme zady başarmak mümkin däl. Emma bir zady hemmämiz başarmaly – tankydy pikirlenmegi. Sebäbi bu biziň hemmämize gerek.
Adaty däl, tankydy göz bilen
Ähli zatlardan we wakalardan delilleşdirilen (argument bilen berkidilen) netije çykarmak üçin ulanylýan oýlanyş sistemasyna tankydy pikirlenme (iňlis dil. critical thinking; rus dil. критическое мышление) diýilýär.
Has ýönekeý dil bilen aýtsak, tankydy pikirlenme – bu hemme okan, eşiden we gören zadyňy (islendik maglumaty) kritika bilen, ýagny, tankyt bilen kabul etmekdir. Munuň üçin biz özümize şeýle soraglary bermegi we olara özümizi aldaman jogap bermegi başarmaly:
► Meniň şu pikir edişim (edýän hereketim, aýdýan sözüm we ş.m.) dogrumyka?
► Men näme sebäpden şeýle pikir edýärin?
► Men öz pikirimi nähili deliller bilen berkidip bilerin?
► Eger delil bilen berkidip bilmesem, diýmek men öň nädogry (hakykata deň gelmeýän) pikir edipdirinmi? we ş.m.
Ýokardaky ýaly soraglar tankydy pikirlenmegiň alamatydyr.
Tankydy pikirlenme skeptisizmi hem (Skeptisizm – haýsydyr bolsa bir zada ynamsyzlyk bilen garamak; haýsydyr bolsa bir zadyň hakykatdygyna ýa-da dogrudygyna şübhelenmek) öz içine alýar. Emma skeptisizm ähli ideýalary yzyna gaýtaryp durmagy aňlatmaýar. Ideýany dogry diýip hasaplamazdan ozal biz ony gowuja edip seljerme geçirmeli, delilleşdirmeli. Eger biz ony delilleşdirip bilmesek, onda pikirimizi üýtgetmek logika taýdan dürs bolar.
Bu bize nämä gerek?
Tankydy pikirlenme ylmyň esasy "hereketlendirijileriniň" biridir. Islendik hakyky (!) ylymda hiç bir ideýa delilleşdirilmän kabul edilmeýär. Eger ideýany delilleşdirip bolmaýan bolsa, ony ýalňyş diýip hasaplap, kabul etmän bolar.
Biziň köpümiz ylmy işgärler däl. Muňa garamazdan, tankydy pikirlenme her birimize gündelik durmuşda gerekdir.
Siz haçan hem bolsa bir wagt "Gyzlaryň barysy künti" ýa-da "Plany erbet adam. Hawa-la, pylan tirä degişlileriň barysy şeýle" we ş.m. sözleri eşidipmidiňiz? Megerem eşidensiňiz. Bu babatda siz nähili pikirde? Geliň azajyk pikirlenip göreliň. Birinjiden, hemme gyzy tanaýan adam ýok. Ikinjiden, siz hemme gyzlary tanaýan hem bolsaňyz, eger hemme gyzlaryň içinden ýekeje biri künti däl bolsa, onda bu eýýäm hemme gyzlaryň künti däldigini aňladýar. (Men, oglan awtor, oglanlaryň bu sözleri gyzlara hiç hili esassyz diýýänlerini köp eşitdim).
Ikinji getirilen mysal hem, edil birinji mysal ýaly çözülýär.
Ýokarda getirlen mysallar ýönekeýje görnüp biler. Ýöne kimdir-biri siziň ýakynyňyz barada ýöne ýerden şeýle pikir etse, özüňizi nähili duýarsyňyz? Eýsem ata-babalarymyz "Ody özüňe bas, ötmese kesekä" diýmändirlermi? Şunlukda, tankydy pikirlenmäni stereotipleriň (haýsydyr bolsa bir zat ýa-da ahwalat barada berk ornaşan garaýyşlar) duşmany diýip hasaplasak hem bolýar.
Tankydy pikirlenmäge öwrenişmek üçin birnäçe ädimler
► Maglumat kabul etmäge taýýar bolmaly. Maglumaty kabul etmäge taýýar bolmadyk aň hakykatdan daşlaşdyrylan bolýar. Şeýle pikir edýän adamy tanamak kyn däl. Ol adamyň aňynda pugtalaşan garaýyşlar we ýörelgeler bolýar. Eger-de käbir gürrüňdeşlikde siz özüňizi "tam" bilen gürleşýän ýaly duýýan bolsaňyz, diýmek, gürrüňdeşiňiziň şeýle adamlardan bolmagy gaty ähtimaldyr. Emma, maglumaty kabul etmäge taýýar bolmak, siziň öz bilýän hakykatyňyzy goramaly däl diýmegi aňlatmaýar.
► Netijesiz we peýdasyz iki manylylyga takat etmek gerek däl. Biziň çykarýan netijelerimiziň köpüsi, belli bir derejede, öz içinde iki manylylygy saklýar - aýdyň bolup duran ak we gara alternatiwleriň arasyndaky çal zona. Bu – kesgitsizligiň haýryna argument däl. Bu biziň pikirlerimiziň dury bolmagy üçin aňymyzy türgenleşdirmeli diýen maslahat. Iki manylylyk köplenç perwaýsyzlygyň, doly däl we netijesiz pikirlenmegiň alamatydyr. Haçan-da biz özümizi şeýle duýanymyzda, öz daşky gurşawymyzy, garaýyşlarymyzy, bilimimizi we oýlanşymyzyň netijeliligini (effektiwliligini) öwrenmeli. Bilim – bu netijesizligiň däl-de, aýdyňlygyň progressiw gözlegidir.
► Köpçülikleýin gyzyklanmalardan daşda bolmaly. Haçan-da belli bir düşünje giňden ýaýranda köp adamlar ony kabul edýärler. Şeýle etmek bilen olar "toparyň" agzasy bolýarlar. Adatça bu taňkydy pikirlenmegi däl-de, ylalaşygy aňladýar. Topara goşulmazdan ozal seretmek we pikirlenmek zerurdyr.
► Netije çykarmazdan ozal anyk maglumata eýedigimize ynamymyz bolmaly. Netije çykarjak bolup, howlugyp, duzaga düşüp bileris. Başga tarapdan bolsa, bizde anyk maglumat bar mahaly biz oýlanmaga gorkmaly däl.
► Bilesigeliji bolmaly. Giňdir dünýä – geňdir dünýä. Biz köp zatlary bilmeýäris. Bilesigelijilik – bu tebigatyň täsinliklerini görmäge we akyl ýetirmäge taýýar, erkin we täze bir zat öwrenmäge açyk, näbellilik bilen çaknyşmaga gorkmaýan aňyň alamatydyr.
► Daşy jäjek, içi möjek. Biziň köpümiz çagalyk döwrümizden başlap hiç zada ynanmazlygy öwrenýäris. Göz öňüne getirip görüň, eger-de biz telewideniýada berilýän mahabatlaryň hemmesine ynanan bolsak, biziň nä derejede lapymyz keç bolardy! Köpçülikleýin habar beriş ulgamyna, hatda "täzeliklerede" şeýle garamaly. Olaryň berýän maglumatyny hökman "çeýnemeli" (kähalatlarda "tüýkürmeli"), ilkibaşdaky ýagdaýynda "ýuwutmaly" däl.
Çagalarda tankydy pikirlenmegi kämilleşdirmek üçin birnäçe maslahatlar:
1. Çaganyň aýan edýän pikirlerinde logika bolmaly. Oňa çagalyk ýyllarynyň ir döwürlerinden başlap logiki pikirlenmegi öwretmeli. Çaganyň ýanynda gürläniňizde pikirleniň. Öz garaýyşlaryňyzy delillendiriň we çaga şu model boýunça sözlem gurmagy öwrediň: "Eger şeýtsem, onuň netijesi şeýle bolar".
2. Goý çaga zatlary deňeşdirsin, olaryň umumy alamatlaryny tapsyn. Çagaňyza erteki okap berýän bolsaňyz, her ertekiniň soňunda ondan nähili netije çykarandygyny soraň.
3. Haçanda gürrüň delillendirmeler (rus. аргументации) barada gidende şular ýaly jogaplary kabul etmezlige çalyşyň: "Sebäbi men şeýle bolanyny isleýärin" ýa-da "Sebäbi maňa şeýle bolsa ýaraýar" we ş.m. Şular ýaly ýagdaýlarda çagadan pikirlenmegi we onuň beýle diýmeginiň düýp sebäbini soraň. Emma beýle diýildigi, çagadan her jogaby çekip almalydygyny aňlatmaýar. Oňa pikirlenmäge maý beriň we ugrukdyryjy soraglary beriň.
4. Çaga şübhelenmäge ýol beriň. Şeýle etmek bilen, ol özüniň käbir faktlara bolan ynamsyzlygyny görkezýär. Diýmek, ol özüniňkiniň dogrudygyny subut etjek bolar we jedeliň obýekti barada köp zady öwrenmek islär. Netijede ol köp gyzykly we täze zatlary öwrener we ýatda saklar.
5. Siziň çagaňyz siziň pikirleriňizi goldamaýarmy? Ýa-da köp tankytlaýjy soraglary berýärmi? Eýsem bu ajaýyp dälmidir? Diýmek, ol sizi üns bilen diňleýär we öz pikirlerini aýan etmäge taýýar. Şular ýaly gürrüňleriň köp bolmagy hem çaga üçin tejribe bolup biler.
BELLIK. Ene-ata bilen çaganyň arasyndaky konstruktiw jedel bilen çaganyň ene-atasyna gaýtargy bermeginiň arasyndaky tapawudy bilmek wajypdyr.
6. Başga birini mysal alyň ýa-da özüňiz görelde boluň. Çaga ilki bilen waka barada hemme zady anyklap, soňra belli bir netijä gelmelidigini görkeziň. Öz bilmeýän we düşünmeýän zadyňy tankyt etmegiň nädogrydygyny we obýektiw pikirlenmäge çalyşmalydygyny düşündirjek boluň.
Ýene bir zat! Ýokarda ýazylan sözleriň hiçisine-de pikirlenmän ynanmaly däl. Makalany tankyt edip, özüňizi barlap görüň.
Awtor: Bezirgen Nuryýew
- 6267 gezek okalan