TÜRKMEN ÝIGITLERI – OLAR KIMLER?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.17 (127 Ses)

Bu makalanyň adyny okap, eýýäm gürrüňiň näme barada, has dogrusy kimler barada boljagyny çak edýänsiňiz. Okyjylaryň ünsüni aýal-gyzlarymyzyň durmuşy we jemgyýetdäki orny bilen bagly meseleleriň özüne çekýänligi ap-aýdyň. Emma, türkmen jemgyýeti diňe aýal-gyzlardan ybarat däl. Türkmen ýigitleri hem onuň aýrylmaz bir bölegi. Eýsem olar barada gürrüň açman bolarmy? Geliň, şu ýerde aýal-gyzlar meselesini bir ýana aýryp, ýigitlerimiz barada gürrüň açalyň. Türkmen ýigitleri kimler? Olaryň gylyk-häsiýetleri nähili? Olary umumulaşdyryp bolarmy? Gyzlarymyzy kategoriýalara salýarlar welin, mümkin erkeklerem salyp bolar? Belki salmalydyrysam?

Döwrüň üýtgemegi bilen türkmen gyzlarynyň başdan geçirýän üýtgeşmelerini erkek-oglanlarymyz hem başdan geçirýärler. Gynansakda, sosial ulgamlarda, platformalarda gyzlarymyz ýiti tankytlanyp, oglanlara nobat gelende gaty bir kän pikir-garaýyşlar ýazylmaýar. Men, bu gün, bu ýagdaýy üýtgetmegi ýüregime düwdüm.

Ýigitler barada söz açmaklygyň hem özüne ýeterlik sebäpleri bar. Jemgyýetde, maşgalada deňagramlylygyň bolmagy üçin, gyzlaryň we ýigitleriň düşünşip ýaşamagy üçin ýigitleriň hem tankytlara gulak salmagy wajyp. Diňe gyzlary tankytlap ýaşap bolmaz. Çünki gyzlaryň hem oglanlara bolan nägilelikleri we garaýyşlary bar we olar öz garaýyşlaryny açyk beýan etmekden mahrum edilmeli däl.

Eýse türkmen ýigidi kim? Türkmen ýigidi, Magtymguly Pyragynyň "merdiň ogly", "Görogly gardaşy", "ýolbars ogly" ("Türkmeniň" goşgusy) ýa-da "Sarp eýleýir aşyny" atly şygrynda belläp geçişi ýaly, soweş güni başyny gurban etjek "namysly, gaýratly, arly goç ýigitmi"? Ýa-da türkmen klassikleriniň eserlerinde ýazylşy ýaly "ýagşy ýigitmi"? Eger bular türkmen ýigidini sypatlandyrýan bolsa, onda türkmen ýigidi, ýagşy, ahlakly we mertdä? Eýsem bular hakykata laýyk gelýärmi ýa-da ters gelýärmi? Magtymgulydan başlap Berdi Kerbabaýewe çenli "mert" we "ahlakly" diýip suratlandyrylýan ýigitlerimiz hakykatdanam şeýlemi? Ýa-da döwrüň üýtgemegi bilen türkmen ýigidiniň hem gylygy, dünýägaraýyşlary üýtgedimikä?

"Süri agsaksyz bolmaz" diýilşi ýaly, türkmen ýigitleriniň hem gowusy bar, gowy däli bar. Bu makalanyň niýeti adatdan daşary we gyzlarda nägilelik döredýän ýigitler barada, ýagny biziň jemgyýetimizdäki käbir "agsaklar" barada gürrüň açmakdyr. Şeýle hili ýigitleri birnäçe topara bölmegi makul bildim: (I) özlerini "hakyky türkmen" ýigitleri hasap edýänler, (II) dindar ýigitler, (III) alfons ýigitler we (IV) daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giňän ýigitler.

I. "Hakyky" türkmen ýigidi. Türkmen ýigitleriniň bu görnüşi diýseň konserwatiw bolýarlar. Ýagny, türkmen däp-dessurlary olar üçin diýseň wajyp. Olar köplenç öz hereketlerini däp-dessurlar bilen aklaýarlar. Edýän hereketlerini "türkmençiligiň kadalary talap edýär" diýýärler. Adatça bu ýigitler durmuşynyň aglaba bölegini ýurdumyzyň çäklerinde geçirenlerdir. Olaryň esasy maksatlary, okamak, öýlenmek we çaga edinmek. Adatça olar brendli egin-eşikleri geýmegi halaýarlar. Syn edip görseň, ýigit durşuna brendleriň adyndan ybarat ýaly bolup görünýär. Ýöne agzyny açan badyna ýanyndan gaçasyň gelýär.

II. Dindar ýigitler. Bu ýigitler özlerini diýseň dindar alyp barýarlar. Aslynda welin olaryň din barada üýtgeşik bilýän zatlary ýok. Olar "gündiz molla, gije ýolda" diýilýänleriň hut özleri. Ýagny, olar başga adamlara dumuşy nähili ýaşamak, Hudaýa nädip çokunmak barada nesihat bermegi, öwretmegi gowy görýärler. Emma, seredip otursaň, olar adaty adam gymmatlyklaryndan mahrum ýaly bolup görünýärler (aýalyna el gadyrýar, ene-atasyna hormat goýmaýar, aýalynyň daşyndan oýnaş tutunýar). Olara fanatizm derejesine ýeten dindar ýigitler diýseň hem boljak. Olar adamlaryň ähli hereketlerini we pikir edişlerini dini ýola salmaga çalyşýarlar.

III. Alfons ýigitler. Täze çykan görnüş. Pulluja gyza öýlenip, arkaýyn onuň hasabyna ýaşamagy kem görmeýän ýigitlere alfonslar diýilýär. Gyz joramyň durmuşynda bolup geçen bir waka: ýigit we gyz tanyş bolýarlar. Ýigit başda hiç hili şübhelendiriji ýa-da pikirlendiriji üýtgeşik hereket etmeýär. Emma biraz wagt geçenden soňra onuň hakyky niýeti aýan bolýar. Ýigit gyzdan pul almana başlaýar. Soňy bilen gyzyň "pullujadygyna" göz ýetirýär. Tanyşlygynyň ýaňy bir-iki hepdeligine garamazdan, ýigit özüne jaý satyn almak üçin gyzyň aýlygyny bile üýşürmegini teklip edýär. Özbaşdak we garaşsyz gyzlaryň durmuşynda şeýle wakalar hem bolup geçýär. Sebäbi alfons ýigitler olary maddy gymmatlyklaryň çeşmesi hökmünde görýärler.

IV. Daşary ýurtda okan türkmen ýigitleri. Olar esasan iki görnüşe bolünýärler: (a) daşary ýurtda okamagyna garamazdan konserwatiw, pikirleri üýtgemedik we edil "teflon" örtülen gap ýaly täze garaýyşlary inkär edýän ýigitler we (b) daşary ýurtda okap, açyk pikirli we gözýetimi giňän türkmen ýigitleri.

Gynansakda, konserwatiw ýigitlerimiz has kän. Olar I bölümde görkezilen ýigitlere diýseň meňzeş. Göräýmäge ösen döwletlerde birsalym ýaşamak olaryň dünýägaraýşyny giňeldäýjek ýaly, emma bu beýle däl. Önuň sebäbi hem erksizlik bolup biler. Mysal üçin, olar ýurda dolanandan soňra ejesiniň tapan obaly gyzyna öýlenýärler. Olar öz durmuşynyň eýesi däl. Olaryň durmuşy ene-atalary tarapyndan meýilleşdirilen.

Gözýetimi giňän ýigitlerimiziň welin sany az we olar adatça daşary ýurtlarda okuwyny dowam edýärler. Olaryň içinde daşary ýurtlarda ýaşamaga galýanlar hem az bolmaýar. Bu ýigitler öz durmuşynyň eýeleri höküminde däp-dessurlaryň kadalaryna görä däl-de, ýüreginiň we akylynyň emrine görä ýaşaýarlar, ösýärler we döredýärler.

Dowamy bar...

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Makalanyň awtory: Latife Gurbanowa

Suratyň awtory: Merjen Gylyjewa

  • 2236 gezek okalan

Teswirler (37)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Depginli

Durmuş şemaly haýsy tarapdan öwüsýän bolsada, ýigitleriň nebsini olaryň ahlagyndan öňe geçdi-de duryberdi. Pikir berseň, makalada agzalýan alfons ýigitleriň sany geometrik progress bilen ösüp barýar.Ejem ogly ýigitler "görgüli" gyzlaryň başyny...

Durmuş şemaly haýsy tarapdan öwüsýän bolsada, ýigitleriň nebsini olaryň ahlagyndan öňe geçdi-de duryberdi. Pikir berseň, makalada agzalýan alfons ýigitleriň sany geometrik progress bilen ösüp barýar.Ejem ogly ýigitler "görgüli" gyzlaryň başyny aýlap, olaryň pullaryna ýaşap garabaşyna gaý bolup, aýdylşy ýaly "deňizleri topugyndan boýlap ýörler"

Dowamy
 
  1. Pharmacist

"Bu makalanyň niýeti adatdan daşary we gyzlarda nägilelik döredýän ýigitler barada, ýagny biziň jemgyýetimizdäki käbir "agsaklar" barada gürrüň açmakdyr. Şeýle hili ýigitleri birnäçe topara bölmegi makul bildim: (I) özlerini "hakyky türkmen"...

"Bu makalanyň niýeti adatdan daşary we gyzlarda nägilelik döredýän ýigitler barada, ýagny biziň jemgyýetimizdäki käbir "agsaklar" barada gürrüň açmakdyr. Şeýle hili ýigitleri birnäçe topara bölmegi makul bildim: (I) özlerini "hakyky türkmen" ýigitleri hasap edýänler, (II) dindar ýigitler, (III) alfons ýigitler we (IV) daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giňän ýigitler." diýip ýazylypdyr. Diýmek bu ýerde diñe "agsaklar" toparlara bolünipdir. Onda (IV) topara degişli ýagny, daşary ýurtlarda okap, gözýetimi giñän ýigitlerem "agsaklara" degişlimi? Onsoñam diñe daşary ýurtlarda okaýanlaryñ gözýetimi giñ bolup bilermi? Türkmenistanyñ öz çäginde okaýanlaryñ gözýetimi giñ bolup bilmezmi?

Dowamy
 
  1. alyska

Sap

 
  1. alyska

Sps

 
  1. Ynamly

Daşary ýurtda okaýan oglanlaryň köpüsi hem şol türkmenligini subut etjek bolýan ýaly, özgermäni örän kyn görýärler. Her nämede bolsa "az bolsun uz bolsun" diýilşi ýaly ýek-tük düşünýänem bar ýaly. "Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar"...

Daşary ýurtda okaýan oglanlaryň köpüsi hem şol türkmenligini subut etjek bolýan ýaly, özgermäni örän kyn görýärler. Her nämede bolsa "az bolsun uz bolsun" diýilşi ýaly ýek-tük düşünýänem bar ýaly. "Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar" diýilşi ýaly türkmen ýigitlerem talaby ödärlerdä!

Dowamy
 
  1. Begli

?

 
  1. Begli

Biza adam welin Onnada gelin Gyzlan Gelinlen haysty boyunca ADAM BOLALYN HAYST OGLANLAR !!!

 
  1. Aýly

Dindar adamlaram durmuşda gerekdir weli, häzirki döwürde diýmäýin diýsem"höwri köpeldi. Onuň esasy sebäbi köp ýigitleriň ýokary okuw jaýlarynda okap bilmeýän bolsa, bolmasa işsizligi göz öňünde tutup, sakal goýberdip, mollalyga ýüz öwürmeklerine...

Dindar adamlaram durmuşda gerekdir weli, häzirki döwürde diýmäýin diýsem"höwri köpeldi. Onuň esasy sebäbi köp ýigitleriň ýokary okuw jaýlarynda okap bilmeýän bolsa, bolmasa işsizligi göz öňünde tutup, sakal goýberdip, mollalyga ýüz öwürmeklerine getirdi. Käbirleriniň özlerini alyp baryşlary bolsa diňe adamlaryň olara bolan ynamyny püçege çykarýar.

Dowamy
 
  1. tm gyzy gulsary

Hut sheyle, dogri aytdin!<br />Yagny bu makalada yaziplip bellenilshi yali Turkmen yigitdi hakykatdan hem "merdiň ogly", "Görogly gardaşy", "ýolbars ogly" ... soweş güni başyny gurban etjek "namysly, gaýratly, arly goç ýigitmi" bolan bolsa olar...

Hut sheyle, dogri aytdin!<br />Yagny bu makalada yaziplip bellenilshi yali Turkmen yigitdi hakykatdan hem "merdiň ogly", "Görogly gardaşy", "ýolbars ogly" ... soweş güni başyny gurban etjek "namysly, gaýratly, arly goç ýigitmi" bolan bolsa olar boyun alardylar oz hasiyetlerini we olaryn ustunde ishlap uytgejek bolardylar.....Emma, social saytlari achyp seretsen bar edyan zatlary gyzy tankytlamak olaryn uyat yerleri kommentirlemek... hatda olar sheydenlerinde ozlerinin tertibini we goz-yetimini gorkezyandikleri barada habarrlary barmika.. edil shunun yali herekelterden hem jemlap, olary edil awtor yali stereotiplere bolup bolyar...<br /><br />[quote name="KemalK"]umuman aýdanymda öz kemçiliklerini boýnuna alyp bilmedik erkek kämil adamam erkegem däl. Eýsem erkekligiň täze ewolýusiýon derejesine geçmeginiň öňünde kimler dur?! Edil şu sypatdaky adamlar! Sosýal derejesini ýitirmekden gorkýanlar durlar![/quote]

Dowamy
 
  1. KemalK

umuman aýdanymda öz kemçiliklerini boýnuna alyp bilmedik erkek kämil adamam erkegem däl. Eýsem erkekligiň täze ewolýusiýon derejesine geçmeginiň öňünde kimler dur?! Edil şu sypatdaky adamlar! Sosýal derejesini ýitirmekden gorkýanlar durlar!

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location