Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WAGTYŇ GYMMATY – ADAMYŇ HORMATY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (25 Ses)

Her birimiz üýşmeleňe elmydama gijä galyp gelýän ýa-da bir ýere gidiljek bolnanda elmydama garaşdyrýan adamlara duşup görendiris. Belki hem käbirimiz şeýle adamlaryň hatarynda görülýändiris. Bu ýagdaýdan köpler nägile bolsalar, köpler munuň bilen ylalaşyp ýaşaýarlar. Men bu makalamda wagtyň bahasy, halkymyzyň we daşary ýurtlylaryň wagta bolan garaýşy, punktuallygy hakynda birki meseläni gozgap geçesim gelýär.

Dünýädäki wagta bolan garaýyşlar

ABŞ, Germaniýa, Şwesariýa, Britaniýa (Anglosakson kökünden gelýän halklar), Niderlandiýa, Awstriýa we Skandinawiýa ýurtlarynda wagt iň bir gymmat hasaplanýan zatlaryň biridir. Bu döwletleriň ýörelgesine görä, eger-de wagt haýsydyr bir iş we hereket bilen doldurylmasa, onda onuň bisarpa tutuldygydyr. Duşuşyklara gijä galyp gelmek, beýleki adamlara goýulýan hormat-sylagyň pesdigini görkezýär. Şonuň üçin ähli işler we duşuşyklar öz kesgitlenilen wagtynda ýerine ýetirilmelidir.

Ispaniýa, Italiýa, Türkiýe we Arap döwletlerinde bolsa bu ýagdaý başgaçarak. Iki işi bir wagta sygdyrmak olar üçin adaty endikdir. Duşuşyklar üçin ylalaşylan wagtlar hemişe yza dogry süýşürilyär. Diňe duşuşyklar däl, eýsem işgärlere berlen ýumuşlar, ýokary okuw jaýlarynda berlen taslamalar, öý işleri soňky minutlarda ýa-da gijä galyp tabşyrylyp bilinýär.

Gündogar Aziýa ýurtlarynda wagta bolan garaýyş beýlekilerden tapawutlanýar. Hytaýlylar wagta hormat goýýan halklaryň başynda gelýär. Olaryň duşuşyga gijä galsalar, beýlekileriň wagtyny alandyklary üçin ötünç soraýan pursatlary hem bolýar. Şu sebäpli hytaýlylarda ýygnakdyr, duşuşyklara 10-15 minut ir gelmek, işi bellenilen wagtyndan ir dynmak, işiň maksadyna we garşyňdaky adamlara goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär.

Wagt we zähmet arabaglanşygy

Wagtyň gadry önümçilikde, ýagny, fabrikalarda, kärhanadyr edaralarda has hem gymmatlydyr. Meselem, işe giç galyp gelmek her bir işgäriň başyna gelip biler, emma munuň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy aşakdaky ýaly ýaramaz täsirleri döredip bilýär.

Ýekeje işgäriň ýygy-ýygydan işe wagtynda gelmezligi:

1. Beýleki işgärlere hem kesel ýaly ýokuşma ähtimallygyny döredýär;

2. Işgäriň işdäki abraýyny pese gaçyryp bilýär;

3. Işgäriň işden çykarylmagyna çenli eltip bilýär.

Ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň işe wagtynda gelmezligi bolsa, olary nusga edinýän işgärlere ýaramaz täsir edýär:

1. Fabrikalarda köpçülikleýin öndürilmeli önümiň sany, hili pese gaçyp bilýär;

2. Meýilnama boýunça wagtynda dolmazlyk we netijede önümçilikde ýiti peselişler ýüze çykýar;

3. Ýygnaklarda bökdençlikler döräp, meýilnamalarda, ýumuşlarda ylalaşylmazlyklar artýar.

Mahlasy, wagty biparh tutýan adam diňe özüne däl, töweregindäkilere-de sylaşyksyzlyk görkezýär. Bir işi wagtynda ýerine ýetirmezlik giňden ýaýrasa, onda, birinjiden adaty halk, ikinjiden bolsa ýurduň ykdysadyýeti uly zyýan çekýär.

Ýurdumyzda wagta bolan garaýyşlar we düşünjeler

Öňki Sowet ýurtlarynyň wagta bolan garaýyşlary häzir hem birmeňzeşräkdir. Elbetde, munda 70 ýyllyk Sowet geçmişiniň täsiriniň barlygyny inkär edip bolmaýar.

Jemgyýetimizde az zähmet çekip (ýa-da hiç zähmet çekmän) uly girdejä eýe bolan adam- iň üstünlikli adam hökmünde garalýar.

Elbetde, beýle düşünjäniň aşagynda zähmete bolan ýaramaz garaýyş ýatyr. "Bedeniňi ýadatman, kelläňi agyrtman gazanylýan gazanç iň amatlysydyr" diýýän, mugta öwrenişen adamlarda zähmet çekip, bir zatlar edinmek we maksadyňa ýetmek arzuwy seýrek duş gelýär. Hakyky jemgyýetde adamlar jemlenşip, el-ele, işi deň paýlaşyp zähmet çekýärler. Bu deňlik bolsa käbir adamlaryň işden gaçyp, mekirlige ýüz urup, nähak ýollar bilen gazanç edip, zähmetkeşleriň hakyny iýmekleri bilen bozulýar. Bu ýagdaý halkyň arasynda giňden ýaýrasa jemgyýetde öňe gidişlik bolmaýar. Şeýle ýagdaýlaryň ählisi hem wagtyň gadryny bilmek bilen berk baglanşyklydyr.

Bizde wagta goýulýan hormatyň derejesini görmek üçin jemgyýetimizdäki gündelik hereketlere we bolup geçýän hadysalara göz aýlamak ýeterlikdir. Hökümet edaralaryndaky çenden aşa ýuwaşlyk we şu sebäpli tamamlanmaýan dokument işleri, wagtynda gelmeýän awtobuslar, arakesmeden wagtynda synpa dolanmaýan okuwçylar we mugallymlar, giç başlaýan ýygnaklar, wagty doly kesgitlenilmedik çäreler, köpçüligiň gelmegine garaşylýan sadaka-toý saçaklary ýaly onlarça mysallar biziň wagta bolan garaýşymyzy suratlandyrýar.

Jemgyýetimizde gijä galyp gelmek hem geň görülmeýär. Käbir ýerlere giç gitmek üçin "Hemme kişi gelibersin, onson bararys" ýaly pikirler bu gijikmeleriň jemgyýetde has hem berkemegine getirýär.

Wagty peýdaly we dogry ulanmak ýaşaýşymyzy meýilleşdirmäge, işlerimizde iň ýokary öndürijilige ýetmäge, adamlaryň arasyndaky hormatyň berkemegine kömek eder. Ösen ýurtlarda wagtyň nähili sarp edilşine uly üns berilýär. Ösüp barýan ýurt hökmünde biz hem bu peýdaly endikleri nusga edinmelidiris.

Makalanyň awtory: Amanmyrat Annanepesow

Ulanylan WEB salgylar: 1 / 2 / 3

  • 4258 gezek okalan