Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BILEGI GÜÝÇLI BIRINI ÝYKAR – TANŞY GÜÝÇLI MÜŇÜNI...

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (31 Ses)

"Bir näsaglyk ýer taýýarlaň, gyzlar!" diýip, alňasap gelen bölüm müdiri şepagat uýalaryna buýruk berdi. Terapiýa bölüme getirlen 50 ýaş töweregindäki daýzany bölümiň lukmanlary we şepagat uýalary "myhmansöýerlik" bilen kabul etdiler. Ýerli-ýerden EKG barlagyny geçirip, barlag üçin gan alyp, barlaghana ugratdylar.

Ýaňy kärimiň başlangyç basgançaklaryndan ädip başlan, men hem bu zatlary özümçe geň gördüm. Sebäbimi? Men eýýäm bir aý bäri bu bölümde tejribe alma işimi geçip ýördüm. Lukmanlaryň aljyrap, jan edip näsaga seretmelerini bolsa birinji gezek görýärdim. Çünki, adatça bölüme gelýän näsagyň diňe bir lukman ýa-da şepagat uýasynyň ýeke özi ýerini taýýarlap, barlag üçin gan alyp, EKG barlagyndan geçirýän şepagat uýasyna garaşylýardy we barlaglardan wagty gijikdirilip geçirilýärdi.

Näsag üçin gerek bolan doly barlaglary geçirmek uçin etrap hassahanasynda ýeterlik lukmançylyk barlag gurallary ýok. Hut şol sebäpli hem bejeriji lukman keseli anyklamak maksady bilen garyn boşlugynyň umumy rentgen barlagyny geçirmek isledi. Bu barlag hem diňe welaýat merkezinde bardy. Bu näsag uçin welaýata gitmelem bolsa etrap hassahanasy taýýardy. Hat-da Aşgabada gitmeli hem bolsa giderdilermikä diýýän. Bölüm müdiri hassahananyň 03 tiz lukmançylyk "UAZ" kysymly awtoulagynyň bardygyny we şonuň bilen welaýat anyklaýyş merkezine rentgen uçin gitmelidigini aýtdy. Näsagyň ýany bilen ugrukdyryjy hökmünde bir lukmançylyk işgäri hem gerekdi. Men ýaş ýigdekçe, gitmeli-getirmeli ýerlere ugradylyp ýörülen bolamsoň, bölüm müdiri bu gezek hem ugrukdyryjy bolup meniň gitmelidigimi buýurdy.

Näsagy "UAZ" awtoulaga ýerleşdirip, ýany bilen bir hossaryny hem mündürdik. Ýolda näsagyň hossary biziň "UAZ" maşynymyzdan kanagatlanman, telefonyny çykaryp, kimdir birine jaň etmäne durdy: "Biz heläk bolup barýas, içimizi silkdiler. Bolýan bolsa yza gaýdyşyn anyklaýyşyň öz maşynyny bersinler. Zordan gelýäris. Onsoňam anyklaýyşada duýdursan-a, derrewjik barlap bersinler!" – diýdi-de, aňyrdaka arzyny ýetirdi.

Anyklaýyş merkezine gelip düşen badymyza bir şepagat uýasynyň: "Siz pylan etrapdanmy?" diýip soramasy eýýäm hemme meseläň çözülendiginiň alamatydy. Merkeziň nobatynyň köpdügine garamazdan hut şol merkeziň ýolbaşçylarynyň biri gelip, bu näsagy derrew anyklap ugratmalydygyny rentgen lukmanyna tabşyrdy. Işler gaty çalt çözüldi. Näsagy maşyna tarap daşaryk alyp gitdiler. Men bolsa näsagyň kesel taryhy depderçesine lukmanyň belliklerini ýazdyrmak üçin içerde galypdym. Lukman belliklerini ýazyp bolanyndan soň, daş çykyp gelen "UAZ" ulagymyzyň ýanyna barsam, içinde sürüji ýylgyryp, barmagy bilen "han-ha" diýip "Mercedes-Benz" kysymly 03 lukmançylyk awtoulagyny görkezdi. Men bu sürüjini "Sen gidiber, menem olar bilen bararyn" diýip, ugradyp, özüm beýleki maşyna tarap ýöredim.

– Tüweleme, gelneje, diýeniňizi gögertdiňizow! – diýen bolup ýylgyryp, näsagyň hossaryna ýüzlendim.

– Gögertmänmi! Ýöne-möne adama jaň edilen däldir, jigim – diýip, jogap berdi...

MESELÄNIŇ "DÖWLI" ÝERI

Häzirki wagtda islendik edaranyň gapysyndan ädeniňden "Salam, pylany ugratdy, pylany jaň edendir-ä" diýip giribermeli boldy. Ulurak wezipeli ýa-da hukuk goraýjy biriniň ady bilen barsaň-ä hasam gowy. Ýokardaky wakada lukmanlaryň ylgap "hyzmat" etmeleriniň düýbünde-de şol hukukçylar ýatyrdy. Aslynda, baý-garyp, kiçi-uly, jemgyýetdäki eýeleýän ornuna garamazdan islendik lukman üçin hassa deň görülmeli. Ýöne, nämüçindir biziň hassahanalarymyzda näsaglary hem gatlaklara bölüp seredýändikleri meni has hem gynandyrdy. Ýokardaky beýan eden wakamdaky näsaga edilen hyzmat islendik näsagada edilmelidir. Bölüme gelýän beýleki näsaglara şular ýaly çalt we ýerli-ýerden hiç hem "hyzmat" edilmeýärdi. Ýa-da bir barlag üçin welaýata ylganlaryna hiç hem duşmandym. Ýöne, lukmanlar ýokardan geljek "gohlardan, käýinçlerden" gorkmaklyk we beýleki näsaglara "myhmansöýerlik" bilen garamazlyk bilen lukman-näsag arasyndaky etika-deontologiýa kadalaryny we adamçylyk häsiýetlerini düýpli bozýandyklaryny görkezýärler.

Çözülmesi hökmany bolan meseleler:

► Durmuşymyzdaky "tanyşlyk" meseleleri gitdigiçe ulalýar, berkeýär. Beýleki kärler üçin hem degişlidir welin, käbir lukmanlaryň bu ulgam bilen işlemekleri hiç hili akla sygmaýar. Bular üçin aýratyn bir çärede görüp bolar öýdemok. Sebäbi, bu mesele adamçylygyň we ynsabyň işimikä diýýärin. Etrap hassahanalaryna laborator barlaglary üçin häzirki zaman enjamlar ýerleşdirilipdir. Bu meselede hiç hili närazylyk, kynçylyk döremeýär. Ýöne, ine, rentgen barlaglary üçin täze we peýdaly enjamlar gurnalsa, daş etraplaryň welaýat merkezine gelip gitmeklerini aradan aýryp bolardy. Netijede, barlaglar çalt hem wagtynda geçirilip, bejergi tiz başlanardy.

► Şeýle hem, etraplara bellenilen 03 tiz lukmançylyk maşynlaryna edilýän gözegçilikler, olaryň guratlygyna yzygider ideg edilip, barlanylyp durulmagy has-da ýerlikli bolardy. Bu ulaglar tomsuň yssysynda sowadyjysyz we günden goraýan tutusyz diňe bir näsaglary däl, hat-da sagat adamlary hem çykgynsyzlyga salýarlar.

Beýan eden wakamyň içinden birnäçe çözülmesi wajyp bolan meseleler dogrusynda näçe ýazsaň ýazybermeli. Şeýle nogsanlyklar, lukmançylygyň etika-deontologiýa kadalarynyň bozulýan ýagdaýlary barada ýaş lukman hökmünde okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim.

Awtor: Kerim Nurlyýew

  • 1831 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Mugallym

Uly wezipeli ýa-da aýdaly hukuk goraýjy edarada işleýän wezipeli emeldaryň ýagdaýy gowylaşdyrmagyň deregine garyndaşlygy öňe sürüp, men-menlikleri bilen görümsiz ýagdaýlary döredýärler.

 
  1. Gartaşan

"Lukmançylyk şeýle bir kämilleşip, ýokary göterildi weli,ol beýiklikden näsaglary görmek hem hullalla" diýip degişip aýdylşy ýaly bu ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp lukmançylyk käri indi biznese öwrülip barýar.Lukmanlaryň aglabasy kömek üçin...

"Lukmançylyk şeýle bir kämilleşip, ýokary göterildi weli,ol beýiklikden näsaglary görmek hem hullalla" diýip degişip aýdylşy ýaly bu ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp lukmançylyk käri indi biznese öwrülip barýar.Lukmanlaryň aglabasy kömek üçin getirilýän ýa-da gelen näsaglaryň ýüzlerinde ilki babatda pul görýärler. Sebäbi ýylba ýyldan artdyrylyp barýan meýilnama başga bir çykalga tapmagy kynlaşdyrýar.

Dowamy
 
  1. Ataly

Köplenç näsaglar we olaryň ýakynlary lukmanlara ýüz tutjak bolsalar ilki bilen ol lukmany kimiň tanaýandygyny we onuň ýanyna näçeräk pul bilen baryp boljakdygyny soraýalar. Ol indi geň däl ýaly bolup dur.

 
  1. Serdar

Halkyň serişdesinden alynan lukmançylyk enjamlary arkaly parahorlyk edilmäniň soňyna çykylmajak bolsa, onda lisenziýa berilmesi arkaly hususy lukmançylyga giň ýol döretmeli. Belkäm, konkurensiýa bolsa ýagdaý oňatlyga bolardy.

 
  1. Ereş

Lukmançylyk kärini almak üçin haltalap atasynyň pulyny beren "lukmansumak" bolan adamdan soň nämä garaşarsyň.

 
  1. tm gyzy gulsary

Kogda je eto svyaz s "blatom" prekratitsa? Ni klatvu li Gipokrata vi dali chtob vsem davit odinakovuyu pomosh? che za doktora pohsli?! I mat svoyu prodadut!!

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location