Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EJE, KAKA, MEN KIM?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (24 Ses)

Siz ulularyň hataryna girensiňiz. Ýaşyňyzam ýa 20 ýa-da 30-dan geçiberendir. Özüňizi ynamly saýyp,  mähirli  hasaplaýansyňyz. Emma şeýle adamlar bardyr – hemmelere gaýtargy berýändirler, işde ýygnaklarda dagy olaryň bolşuny göz öňüne getirmek hem mümkin däldir. Eýsem durmuşda käbir adamlaryň  her bir ýagdaýda deňagramlylygy saklap ýaşaýandygyny, käbirleriniň bolsa özlerine laýyk ýeri tapyp bilmän, özlerini alyp baryşlary bilen töweregindäkileri irizýändigini nädip düşündirip bilersiňiz?

Uly bolmadyk synag geçirip görüň:

► Çagalykda kän käýeldiňizmi?       HAWA / ÝOK

► Çagalykda kän öwüldiňizmi?        HAWA / ÝOK

► Özüňizi özüňiz terbiýelediňizmi?    HAWA / ÝOK

Dogry jogap: Çagalykda çagalara edilýän ähli zatlar, olaryň ulalanda kim bolup ýetişjekdiklerini we özlerine berjek bahalaryny kesgitleýär.

Özüňe baha bermek näme?

Özüňe baha bermek – bu adamyň özüni nähili orunda we derejede görýändigi we näme bilen meşgullanýandygydyr. Bu egoizm däldir. Bu adamyň özüni başgalar bilen deňeşdirende, nähili duýýandygydyr. Biziň jemgyýetimizde başgalar bilen deňeşdirilme örän möhüm orunda durýar. Kimiň has köp altyn şaý-sepleri bar? Kim kirpiklerini uzaltdyrypdyr? Kimiň maşyny has gymmat? “Diňe özüňi bil” diýen täze ýörelge bolsa halk içinde mazaly ýaýran. Şular ýaly köpçülikleýin ýörelgeler ene-atalaryň nädip çaga terbiýelemelidigini dolandyrýar diýseňem boljak. Netijede, şularyň ählisi çagalaryň özüne berýän bahasyny şekillendirýär.

Gyzlaryň esasy zenan bolmak, erkekleriň bolsa nesil dowam etdirmek üçin terbiýelenýändigi mälim zat. Emma öňler çagalary terbiýesi güýçli we çydamly edip ýetişdiren bolsalar, indi köp maşgalalaryň maddy ýagdaýynyň gowulaşandygyna garamazdan, çaga terbiýeleýişleri  gowşaýar. Bir söz bilen aýtsak, indi çagalar has lälik tutulýar. Olaryň nähili bolup ýetişjekdikleri bolsa unudylýar. Eger çagalar islän zatlary bilen şertsiz üpjün edilip durulsa, onda olarda nädip durmuşda bir zada ýetmäge ýa-da eýe bolmaga  ymtylyş döresin? Oňa derek, şeýle terbiýelenýän çagalar ulalanlarynda özlerine çakdan aşa uly baha berýärler we durmuşa egoizm bilem çemeleşýärler.

Tersine, eger çagalara hiç wagt isleýän zatlaryny bermän, olara köp käýýäp, özgeler bilen deňeşdirip, deň-duşlaryndan pes görseň, onda olar özlerine kembaha garaýan, gyzma, özlerine ynamsyz bolup ýetişerler.

Nädip özüňe dogry baha bermäni öwretmeli?

Ene-ata bolmak diňe fiziki özgerişlikden düzülen däldir. Munda çagalara dogry terbiýe bermegi başarmak hem örän zerurdyr. 90-njy ýyllarda ulalanlar bilýändir: ol wagtlar hemme kişide hem hemme zat ýokdy. Her kim krassowka alyp bilenokdy. Her kimiň ene-atasy okuw başlan badyna 50 giň çyzyk, 50 kletka depder alyp berip bilenokdy. Ýa daşy multfilm suratly gündelikler ýadyňyzdamy? Hemmeleriň ondan alasy gelerdi, emma ýagdaýy ýetýän az-azdy. Döwür ýeter-ýetmezçilik hem bolsa, ol çagalaryň terbiýesine çydamlylyk ornaşdyrdy.

Indi pikir edip göreliň! Eger siziň ulalyp gelýän ogluňyz bar bolsa, oňa näçe gezek hakyky erkek adamyň özüni alyp barşy barada aýdyp berdiňiz? Oňa ejesine gapyny açyp bermegi öwredýärsiňizmi? Gyzlaryň göwnüne degmeli däldigini aýdýarsyňyzmy? Ýa-da oňa iki günden döwjegi mälim $ 50,000  maşyn äberýärsiňizmi? Ähli islegi ýerine ýetirilip duran, kakasynyň maşynyny zaýalany üçin jezalandyrylmaýan ogul, hatda öz maşgalasynyň hem gadryny bilmez.

Eger siziň ösüp barýan gyzyňyz bar bolsa, oňa bilimiň möhümdigini düşündirýärsiňizmi? Oňa kiçigöwünliligi wagyz edip, selfi we narsizm ýaly zatlaryň 5 ýyl mundan öň hem gelşiksiz hereketler bolandygyny aýdýarsyňyzmy? Aňyna diňe “nahar etmeli, kir ýuwmaly, içeri arassalamaly we owadan görünmeli” diýen düşünjeler ornaşdyrylan gyz, eje bolanda çagalarynyň mekdepde göwünlerine degilse, olara nädip baş alyp çykmany öwretmegi nireden biler?

Ene-atalary çagalaryna has ysnyşdyryp, çagalaryň özlerine dogry baha bermeklerine täsir etjek käbir maglumatlar:

1. Çagaňyz bilen gürrüňdeş boluň. Bütin maşgalaňyz bilen wakadyr, başdan geçirmeleri paýlaşyň. Eger siz öz ornuňyzda durmasaňyz, onda çagaňyzy köçe we deň-duşlary terbiýelär. Ene-ata baradaky ýakymly ýatlamalar nesil daragtyny berkidýär we çagada maşgala baglanyşygyny emele getirýär. Eger heniz ýok bolsa, bir maşgala albomyny ediniň. Bütin maşgalaňyz bilen birlikde öz çagalyk suratlaryňyzy hem oňa ýerleşdiriň. Bu siziň çagaňyzyň özüne bolan ynamyny we maşgalada duýýan goldawyny artdyrar. Çagaňyz siz bilen arkaýyn gürrüňleşip biler. Mekdep durmuşyny, başyndan geçirýän kynçylyklarydyr, şatlyklaryny siz bilen paýlaşmakdan çekinmez. Bu bolsa siziň oňa kömek etmegiňizi aňsatlaşdyrar.

2. Çagaňyza elindäki zatlaryň gadryny bilmegi öwrediň. Ony illeriň çagasy bilen deňeşdirjek bolmaň. Çaga muňa düşünmez we aňynda bir topar zyýanly pikirler dörär. Çagalar ene-atalarynyň başdan geçirmeleri barada diňlemegi halaýarlar. Olar diňläp, ene-atalaryna meňzemek isleýärler. Çaga islänini berip bilersiňiz. Artykmaç zadynyň bolmagy çaga zyýan etmez diýýän bolmagyňyz ahmal. Soňky çykan iPhone, täze köýnek ýa-da  maşyn äbermek göwnüňizden gelýändir. Emma çagaňyza berilýän zatlaryň gadyr-gymmatyny bilmegini öwretmegi unutmaň.

3. Çagaňyzyň bilimini borç ediniň. Bilimiň üsti bilen çaga adamlar bilen nähili gatnaşyk etmäni, nädip iş gözlemäni, nädip gürrüňdeşlikde özüni alyp barmany öwrenýär. Bilim çaganyň ene-atadan jaý, maşyn ýa-da altyn görnüşinde alýan mirasy däl-de, oňa durmuşda üstünligiň açary bolmaly. Öý, maşgala, dostluk ýaly gymmatlyklaryň gorap saklanylyşy ýaly, çaganyň terbiýesi we oňa bolan gatnaşyk hem goralmalydyr.

Wagty gelende ähli çagalar hem ulalar, emma olaryň nähili adam bolup ýetişjekdikleri olaryň çagalyk döwrüne baglydyr. Özbaşdaklyk öz-özünden kemala gelmeýär. Ol özüňe dogry baha bermäniň miwesidir. Çagalaryň öz şahsy durmuşlaryna we maşgalalaryna çemeleşmeleri olaryň ene-atadan alýan terbiýesine baglydyr. Çagalaryňyza egoizmi däl-de, özlerine dogry baha berip bilmegi öwrediň.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Aýperi Suleýmanowa

  • 5046 gezek okalan