Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZLARY OKATGYN – ÝURDUŇ BEÝGELSIN!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (14 Ses)

Ýurtlaryň her bir pudakdaky ösüşiniň düýbüni raýatlaryň ylym-bilim derejesi kesgitleýär. Oglan-gyzlara sowatly, okuwly bolmaga goldaw berilmegi bolsa jemgyýetdäki deňsizligiň derejesini kesgitleyär. Köplenç, ösmedik ýurtlarda oglanlaryň gyzlara garanyňda okuwa gitmekleri, ýokary bilim almaklary jemgyýet tarapyndan has köp goldanylýar. Gyzlaryň ýokary bilim almagy üçin döredilýän şertleriň ýagdaýy we jemgyýet tarapyndan gyzlara bellenilen ugurlar we hünärler gyzlaryň islän ugurlaryny erkinlik bilen saýlamaklaryna päsgelçilik berýar. Bu ýagdaý elbetde, ýurduň ykdysady ýagdaýyna öz tasirini ýetirýär. Makalamda gyz-oglanlaryň arasynda okuwda, bilim alma mümkinçilikleriň deňsizligini we munuň türkmen jemgyýetine we umumy ykdysadyýete tasiri hakynda belläp geçerin.

Dünýädäki gyzlaryň bilimi sanlarda

Ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösmegini çäklendirýän esasy zatlaryň biri – gyzlary başlangyç we orta okuw bilimini almak mümkinçiginden mahrum etmek ýa-da çäklendirmekdir. Birleşen Milletler Guramasyna degişli UNESCO bölüminiň taýýarlan maglumatyna göra, dünýäde başlangyç synp ýaşynda bolan 31 million gyz mekdebe gatnamaýar. Beýleki fakt bolsa, dünýädäki 774 million sowatsyz adamynyň 66%-niň zenan maşgaladygyndan habar berýär.

Gyz maşgalanyň okuwynyň daşyndaky türkmen jemgyýetiniň "kapasasy"

Türkmen jemgyýetiniň gyz-oglana garaýyşlaryndaky tapawut häli-häzire çenli saklanyp gelýär. Bu meselede esasan hem däp-dessurlaryň täsiri diýseň ýokarydyr. Zenan maşgalalaryň mejbury başlangyç we orta okuwdan soňra ýokary okuw jaýlaryna gitmegi aňsat bolmadyk ýagdaýdyr. Elbetde, şuňa täsir edýän birnäçe sebäpler bar: maşgalanyň maddy ýagdaýynyň pesligi, oglan çagalaryň okuwlaryna gyzlarynyňka garanyňda has köp maýa goýulmagy, gyz çagalara ir ýaşlarda toý etdirilmegi we ş. m.

Ykdysadyýetiň tizlendiriji güýji

Ýurt ykdysadyýetiniň düýbüni tutujy faktorlarynyň biri hem – zähmet güýjüniň hil taýdan ýokary bolmagydyr. Zähmet güýjüni düzýän erkek adamlar we zenanlar üçin deň okuw şertleriniň we iş mümkinçilikleriniň döredilmegi zähmetiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ädilmeli zerur ädimlerdir:

1. Gyzlar ýokary bilim alsalar, olaryň ir ýaşlarda toý etmek ähtimallygy peseler. Toý edip, maşgala guran okuwly, bilimli aýal çagalaryna gowy bilim berip, gowy görelde bolup bilýär. Bu bolsa jemgyýete peýdaly we sowatly raýatlaryň yetişmegine getirýär.

2. UNESCO guramasynyň taýýarlan habarnamasyna göra, eger ähli gyz maşgalalar orta mekdebi tamamlasalar, onda dünýade 12 mln. gowrak çaga ýalňyş iýmitlenmek sebäpli döreýän kesellerden halas bolar. Şeýlelik bilen, okuwly gyzyň çagalarynyň sagdyn we onuň çagalaryna dogry terbiýe berme mümkinçiligi ýokary bolar.

3. Zenan we erkek arasyndaky iş haky – töleg deňsizligi peseler.

4. Okan zenanlaryň iş tapmak mümkinçiligi has hem ýokarlanar we erkege degişli maşgalany ýeke eklemek ýüki ýeňlär.

5. Jemgyýetiň bir bölegi bolan gyzlaryň, oglanlar bilen deň hatarda, ýurduň öndürijiligini ýokarlandyrmak arzuwyna eýe bolmaklyklaryna elter.

Maşgalada okuwly gyzlaryň orny

Gyzlaryň okadylmagy üçin diňe aýal-gyzlaryň bu meseläni nygtamagy ýeterlik dälde, eýsem erkekleriň hem şuňa goldaw bermegi zerurdyr. Toý çagyna ýeten oglanlaryň ýokary bilimli gyzlar bilen durmuşlaryny birleşdirmek isleýändikleri mese-mälim. Esasan hem, maşgalanyň ýeterlik maddy ýagdaýa eýe bolmagy üçin edilýän bu saýlawlar oglanlaryň ýüzüni okuwly gyzlara tarapa öwürýär. Emma, aň-pikir taýdan kämil bolmadyk oglanlaryň okan gyzlar baradaky pikirleri, okuwly gyza öýlenmegi islemezlige hem eltip bilýär. Köçe dili bilen aýdylanda: "Okuwly gyzlaryň gözleri açylandyr, köp zat bilýändir, okan döwründe başga oglanlar bilen gülüşendir, gepleşendir" ýaly, jahyl we ýalňyş pikirlere eýe bolan oglanlary muňa mysal getirse bolar. Okuwly gyzlaryň maşgalanyň hem maddy durnuklylygyna peýdasy hem-de çagalaryň dogry ýetişmeklerine netijeli täsiri göz öňüne alnanda bolsa, oglanlaryň okuwly gyzlara öýlenmek islegleri we maksatlary makuldyr.

Halkyň we hökümetiň borjy

Okan adamlaryň ýurduň ösmegine ýetirýän peýdasy şübhesiz uludyr. Jemgyýeti düzýan erkek adamlaryň we zenanlaryň okuwly bolmak deňhukuklylygyny saklamak we tassyklamak döwletleriň we hökümetleriň jogapkärçiligindedir. Jemgyýetdäki gyzlaryň okuw okamaklaryna garşy köne we esassyz düşünjeleri azaltmak üçin wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, gyzlaryň okuw erkinliklerine basyş edýän pikirlere we hereketlere gerekli çäreleri görmek ýurduň ösüşine uly goşant goşar. Şulardan daşary, halkyň içindäki abraýly we sözi geçýän adamlar gyzlaryň okadylmagy we onuň getirip biljek peýdaly netijeleri hakynda märekelerde we köpçülikde ündew etmeli, maslahatlar geçirmeli.
Gyzlaryň okamagy üçin halkara guramalar uly işler alyp barýarlar. Emma bu ýeterlik däl. Aýal -gyzlaryň jemgyýetimizde has hem işjeň bolmagy üçin iň esasy ädimleriň biri, olaryň erkek oglanlar ýaly okuwly bolmagydyr. Bu ugurda ediljek her goldaw, hereket ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň öňündäki böwetleri giç bolmanka aýyrmak biziň uly goşandymyz bolar.

Awtor: Gurbangeldi Öwezow

  • 4055 gezek okalan