Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖRIPÇILIK – BAGTYŇ DUŞMANY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (21 Ses)

Aramyzda bagta çydap biljegimiz gaty azdyr.
Has takygy – ýakyn adamymyzyň bagtyna çydap biljegimiz.

Mark Twen

7-njy klasda okaýarkam bir klasdaş gyzymy halapdym. Hawa, ýaşlyk söýgüsi. Köp wagtymy onuň bilen geçirjek bolýardym. Öýden alma getiren bolsam onuň bilen paýlaşýardym ýa-da bitinligine berýärdim. Söýgi oduna kül bolanym üçin okuw kellämden çykypdy. Muňa garamazdan, ol gyzdan öz duýgularymy ýaşyrýardym. Bir gün men ondan kimdir birini halaýandygyny ýa-da halamaýandygyny soradym we muňa şol wagtyň özünde puşman etdim. Asyl görüp otursam, ol klasdaşymyz Nazara göwün beripdir. Ondan bäri esli wagt geçdi, ýöne şol wagt nähili duýgulary başdan geçirenim entegem ýadymda. Şol wagt ganymda gaýnap duran adrenaline "päk söýginiň" alamatydyr öýdüpdirin. Aslynda welin bu diňe gabanjaňlyk bilen Nazara bolan içigaralygym ekeni.

Başgalaryň üstünliklerine, maddy (pul, altyn-kümüş şaý-sepler we ş.m.) ýa-da maddy däl (akyl, görk, şadyýanlyk we ş.m.) baýlyklaryna gözüň gidende döreýän ýakymsyz duýga göripçilik diýilýär.

Biz köplenç "Meniň saňa gözüm gidýär" ýaly sözleri eşidýäris. Muňa göripçiligiň ak görnüşi diýilýär. Ak göripçilik adamlara negatiw täsir etmeýär. Ol köplenç bitarap ýagdaýda bolýar. Emma, haçanda kimdir biriniň başga biriniň gazanan üstünligine ýetip bilmeýän mahaly gara göripçilik (içigaralyk) döreýär. Adatça görip adam göripçilik edýän adamyna ýamanlyk isleýär.

"Ýamanyň zyýany iline ýeter, göribiňki – özüne" (Nakyl)

Gara göripçilik, içigaralyk adamy içinden "ýumurýar". Bu bolsa adam fizioligiýasyna hem täsir ýetirýär. Göripçilik duýgusyny başdan geçirýän adam depressiýada bolýar. Onuň wagtal-wagtal kellesi agyrýar, ýürek we ganbasyşy bilen bagly keseller ýüze çykýar. Öt haltasynda daş, aşgazanynda ýara döräp bilýär.

GÖRIPÇILIGIŇ DÖREMEGINIŇ BIRNÄÇE SEBÄPLERI:

Kanagatlanmazlyk

Adam özünde baryny az görýär. Ol özünde bar zatlaryndan lezzet, kanagat tapyp bilenok.

Gopbamlyk we ulumsylyk

Görip adamyň pikir etmegine görä dünýädäki ähli gowy zatlara başgalar däl-de, diňe onuň özi mynasyp.

Özüňi beýlekiler bilen deňeşdirmek

Adatça, bu deňeşdirme deňeşdirýän adamyň haýryna däldir. Sebäbi munuň netijesinde onuň jany ýanýar we gahary gelýär.

Kemsinmek we iňirdemek

"Sen näme etseň bolaýýar, meňki welin hiç başa baranok", "Näme üçin meni hiç kim söýenok?" ýa-da "Näme üçin durmuş şeýle çylşyrymly?" ýaly sözler hem göripçiligiň alamaty.

Stereotiplere eýermek

Jemgyýetimizde her hili berk ornaşan kadalar bar. Mysal üçin: gyzlar hökman 25 ýaşa çenli durmuşa çykmaly. Eger-de gyz şu kadany dogry hasaplaýan bolsa we 25 ýaşyna çenli durmuşa çykmadyk bolsa, onda bu ony göripçilige iterip biler.

Ýaltalyk

Adatça, özüni kämilleşderýän, işjeň adamlaryň beýlekileriň durmuşy bilen gyzyklanmaga wagty bolmaýar. Işsiz adamlar bolsa wagtyny iliň gürrüňini etmäge sarp edýärler.

Göripçilik deňeşdirmeleriň netijesinde döreýär. Deňeşdirýän mahaly adam öz haýryna netije çykaranok. Ol diňe öz "kemçiliklerine" üns berýär.

Maýa öz jorasynyň adamsyna gözi gidýärdi. Maýanyň pikir etmegine görä jorasynyň adamsy özüniňkiden görmegeýdi. Wah, onuň gürleýşini diýsene! Ol islän gyzyny özüne maýyl edip bilerdi. Wezipesi hem ýokarydy. Emma Maýa jorasyna günde el galdyrylýandygy, oňa ikilik edilýändigi barada bilenokdy. Maýa medalyň ikinji tarapy barada asla oýlananokdy we özünde baryna şükür edenokdy. Hatda, käbir zenanlar Maýa gözi gidýärdi, ýöne ol muňa düşünenokdy.

"Ýitirýänçäk gadryny bilemizok" diýýäňizmi? Hawa, bu sözleriň jany bar.

Hemme zat biziň pikir edişimiz ýaly gowam däl, erbedem däl. Biz öz isleg-arzuwlarymyzyň kemçiliklerini tä olar bilen ýüzbe-ýüz bolýançak göremizok, görmek hem islämizok.

Göripçilik duýgusy bilen göreşmegiň birnäçe ýollary:

► Göripçilik duýgusy dörän bolsa ony boýun almak gerek. Özüňi aldamak bilen ýagdaýy diňe erbetleşdirip bolar;

► Özüňizi beýlekiler bilen deňeşdirmegi bes ediň. Öz durmuşyňyz bilen ýaşaň, öz durmuşyňyzdaky bagtly pursatlara ünsüňizi çekiň;

► Başgalaryň üstünliklerine köre-körlik bilen ynanmaň. Beýlekileriň üstünlikleriniň aňyrsynda uly problemalaryň bolmagy mümkin;

► Göripçilige güýjiňizi sarp etmäň. Ondan gowusy isleýän zadyňyzy özbaşdak gazanyp aljak boluň. Eger-de Leonardo Da Winçi hiç zat etmän öz döwürdeş suratkeşlerini tankytlap oturan bolsady biz hiç haçanam Mona Lizany görmezdik;

► Öz halaýan işiňiz bilen meşgullanyň. Eger-de bu käbir sebäpler boýunça mümkin däl bolsa onda özüňiziň näme etmegi gowy görýändigiňize düşünjek boluň;

► Hiç haçan boýun egmäň. Köplenç hiç zat etmeýän mahaly adamlar göripçilik edip bilýärler. Eger-de edeniňiz başa barmaýan bolsa, siz öz ýakynlaryňyzdan maslahat sorap bilersiňiz.

Eger Size göripçilik etseler

"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz..."

Gurbannazar Ezizow

Göripçilik duýgusy köp adamlara (mümkin, hemmämize) mahsusdyr. Siz hiç kime göripçilik etmeseňiz hem, size göripçilik edilmegi mümkindir. Bu halatda şular maslahat berilýär:

Özüňi alyp baryşyňa üns bermeli. Siziň öz üstünlikleriňiz barada köp öwünýän bolmagyňyz mümkin. Öwünmegiňizi bes etmek gerek. Ýogsam ahyry bir gün sizden "doýarlar".

Özüňi erkli adam edip terbiýeläp ýetişdirmeli. Adatça durmuşda, işde üstünlik gazanan adamlara göripçilik edilýär. Eger-de siz her bir göripçilik edýäne ünsüňizi sowsaňyz köp wagtyňyz biderek ýere gider. Wagt – bu öwezini dolup bolmaýan baýlykdyr!

Göripçilik edýän adamdan kömek soraň. Bu ony ýaragsyzlandyrar.

Eşek bilen deň bolsaň eşekçe-de bolmarsyň. Size açyk ýagdaýda göripçilik edenlerinde göripçilik edýän adam bilen deň bolup, gödek äheňde jogap berseňiz ýagdaýyň has hem agyrlaşmagy mümkin. Bu halatda ol adamdan gaça durmak maslahat berilýär.

Göripçilik edýäniň ynamyna girjek bolmaly. Onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp, ýürekden gürleşiň. Mümkin ol siziň hem adaty adamdygyňyzy, siziň hem durmuşyňyzda kynçylyklaryň bolýandygyny bilse size bolan garaýşy üýtgär. Biz köplenç adamlary ýakyndan tanamazdan olar barada ýalňyş pikir edýäris.

Köp adamlaryň pikir etmegine görä, göripçilik – bu erbet (negatiw) duýgy. Ýöne, eger görip adam öz durmuşyny göripçilik edýän adamynyňky ýaly ýa-da onuňkydan hem gowy etmäge çalyşýan bolsa, onda göripçilik peýdaly bolup bilýär. Çünki bu ýagdaýda göripçilik özgerişlere, ösüşe itergi berýär.

Näme üçin gara göripçilik bilen göreşmeli? Iň bolmanda öz jan-saglygymyzy goramak üçin! Sebäbi:

Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok. (Nakyl)

Leňňejiň düşünjesi diýen bir düşünje bar. Haçanda bedräň içine ýekeje leňňeji göýberseň ol bedreden kynçylyksyz çykyp bilýär. Haçanda bedräň içine birnäçe leňňeji göýberseň eger biri ýokaryk çykjak bolsa beýlekileri üýşüp ony aşak çekýärler we netijede olaryň hemmesi bedrede galýarlar. Eger-de biz birek birege göripçilik edip ösmäge, öňe gitmäge päsgel bersek, ösüş haýallar ýa-da öňki duran ýerinde durar.

Awtor: Maksat Myradow

  • 4184 gezek okalan