Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GATNAŞYKLARDA ERJEŞME: "AJY GATYLAN" SÖÝGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (27 Ses)

Rianna, Marat Başarow, Žasmin, Kristina Orbakaýte, Witni Hýuston, Ledi Gaga, Şarliz Saron – bu ýyldyzlaryň köpüsiniň adyny eşitmedigiňiz ýok bolsa gerek. Bulary näme baglanyşdyrýaka diýýäňizmi? Olaryň hemmesi hem söýgi gatnaşyklarynda erjeşmä, zorluga duçar boldular.

BMG-nyň hasabatyna görä, Merkezi Aziýada her 4 zenan maşgaladan 1-i erjeşmäniň haýsydyr bir görnüşiniň pidasy bolýar. Erjeşme köplenç tanyş adamlaryň arasynda bolup geçýär. Şol sanda bu heniz nikalaşmadyk, diňe halaşýan jübütleriň arasynda hem örän ýaýgyn hereketdir. Oglanlar halaşýan gyzlaryny jynsy gatnaşyklara mejbur etmek, olara dil ýetirmek, el ýetirmek, masturbasiýa iteklemek, psihiki taýdan basmak ýaly ýollar arkaly erjeşmä baş goşýarlar.

Biziň jemgyýetimizde ene-atalar bu ýagdaýa garşy esasy görülme çäre höküminde gyzlaryna duşuşyga gitmegi gadagan etmelidir diýip hasaplaýarlar. Ýöne bu näderejede peýdalyka? Tersine, iýilmesi gadagan edilen miwe has süýji görünýär ahyryn. Şonuň üçin çagaň nirede we kim bilen wagt geçirýäni bilen gyzyklanmak gadagan etmekden has netijeli bolmazmy? Sebäbi çaga ederne tutsa aldar, her zat eder, gitmäň ýoluny tapar.

Haçanda fiziki we ruhy taýdan erjeşmä öwrülen söýgi gatnaşyklarynyň şaýady bolamyzda näme edip bileris?

MERJEN BILEN DÖWRAN

Mejen uniwersitetiň kabul ediş bölüminde tomusky hünärmen bolup tejribe alýardy. Döwran atly abiturient Merjeniň işleýän ýerine 2 gezek gelip, boş gürrüň edip gidýär. Üçünji gezek gelende bolsa Merjeni seýilgähe gezmelemäne çagyrýar. Merjen muňa razy bolýar. Döwran duşuşyga agşam 9-dan soň gelip, öýlerindäkilere kömekleşmeli bolandygy üçin gijä galanyny aýdýar. Bular gezim edenlerinden soňra, Döwran Merjeni öýlerine äkitmäni teklip edýär. Merjen maşyna münýär. Ýolda Döwran ejesine gyssagly bir zat eltip gaýtmalydygyny aýdýar we Merjeni nätanyş bir ýere äkidýär. Bir garaňky ýoluň gyrasynda maşyny saklan Döwran Merjeni güýç bilen tutup, ogşamaga başlaýar. Merjen maşyndan çykyp bilmez ýaly hemme gapylary gurplaýar, gyz gaýtawul berip bilmez ýaly onuň ellerini, aýaklaryny berk saklaýar. Merjen gygyrybam bilmän aglamaga başlaýar. Döwran onuň ellerini gögerdip, bokurdagynda, eginlerinde yz galdyrýar. Türkmenistanda adat bolşy ýaly, Merjen bu ahwalat barada hiç kime arzyny aýdyp bilmeýär.

Seljerme:

► Erjeşmä baş uran kişi hemme zady öňünden meýilleşdirýär. Erjeşmä pida bolanyň herekedi, gürleýşi ýa-da geýnişi sebäp bolmaýar.

► Oglan duşuşyga gijä galyp gelmegiň üstesine, duşuşykdan soňam öz işi üçin gyzy goýbermeýär. Näçe ynanýan adamyňyz hem bolsa, nirä barýanyňyzy we size kimiň ýakynlaşyp biljegini anyk bilmeseňiz, şeýle ýagdaýlardan gaça durmaly.

► Duşuşýan adamyňyzy dost-joralaryňyz bilen tanyşdyrmaly. Şonda ol özüni has jogapkärli duýar we size bir zat etjek bolaýanda-da, arkaňyzda elmydama dost-joralaryňyz bolar.

SERDAR BILEN NAILÝA

Nailýa gyrpa we berk tutýan oglanlary halaýardy. Ol özüne ýeke daşary çykmaga rugsat bermeýän, nirede we näme iş edýäni bilen gyzyklanýan, her ýarym sagatdan jaň etmegini talap edip, hasabat sorap durýan ýigit hakynda hyýal ederdi. Ine bir gün hem Nailýa Serdar atly oglana bir bakyşda göwün berýär. Serdar maşynly onuň yzyna düşüp, oňa görünjek bolup: "Siz gaty owadan ekeniňiz!" diýip gygyrýar. Şeýle ýagdaý ikilenji gün hem gaýtalanýar. Üçülenji gün Nailýa Serdara telefon belgisini berýär. Soňra Serdar gyzy öýlerinden duşuşyga alyp gaýdýar we kafe äkidýär. Bular kafede gürleşip otyrkalar, Serdar Nailýa bilen duşuşyklaryny dowam etmek isleýändigini aýdýar. Nailýa: "Pikirleneýin" diýýär. Muňa Serdar gaharlanyp: "Özüňi gaty beýik görýäň öýdýän? Men sen ýalyjalary kän görendirin. Şeýdip syparyn öýtýäňmi? Nädäýersiň hemmeleri meň bilen ýatdyň diýip pikir eder ýaly edäýsem?!" diýýarde, kafeden çykyp gidýär. Nailýa bolsa göwni ýykylyp, hiç kimiň ünsüni çekmejek bolup, sessiz aglap galýar.

Seljerme:

► Gorkuzmak, töhmet atmak, dil ýetirmek psihologiýa zyýan berýän erjeşmä girýär.

► Erjeşme dalaşgärligine eltýän faktorlar: sowatsyzlyk, çagalykda erjeşmäň ýa-da maşgala zorlugynyň pidasy/şaýady bolmak, alkogolyň täsiri, jynslaryň deňsizligini goldamak, "gün güýçliňki – gowurga dişliňki" ýörelgesine eýermek.

► Gatnaşykda ilki başdan özüňize hormat goýulmagyny talap etmeli. "Ýok" diýseňiz pert "Ýok" manyny aňladýandygyňyzy aýan etmeli.

MAÝSA BILEN NEPES

Maýsa Nepes bilen 6 aýdan bäri duşuşýardy. Täze ýyl baýramyna Maýsa köýnege derek kelte ýupka we ýeňsiz bluzka geýmegi ýüregine düwýär. Maýsanyň beýle geýnenini gören Nepes: "Küntülere meňzäp kime görünjek bolýaň?" diýip, oňa yrsaramaga başlaýar. Muňa çydap durup bilmedik Maýsa oňa halys erkini elden berendigini we bu sözleriniň ahlaksyzdygyny aýdýar. Muňa gaharlanan Nepes Maýsaň ýaňagyna şarpyk çalyp: "Gaýdyp maňa şeýle zatlar diýseň, gaty görme!" diýip, işigi batly ýapyp çykyp gidýär.

Seljerme:

► Türkmenlerde "öýüň başlygy erkek" düşünjesi giňden ýaýran we erkekler muny köplenç öz bähbitlerine ulanýarlar. Aslynda bolsa zenana el galdyrmak kanun taýdan gadagandyr.

► Köp erkekler bolsa gyzlaň utanjaňlygyndan peýdalanýarlar, emma bu erjeşme üçin bahana bolmaly däldir.

► Erjeşijä gaýtargy berip gutulyp bolmaýar. Gaýtam özüne berlen gaýtargy ony has hem gyzdyryp, güýç ulanmagyna sebäp bolýar.

MAGTYM BILEN BAGTY

Magtym bilen Bagty uniwersitetde tanşyp, 4-nji kursda duşuşmaga başlaýarlar. Okuwlaryny dynyp, ikisi hem Aşgabatda işe durýarlar. Şundan soňra Bagty Magtymdan yzygiderli üns talap etmäge başlaýar. Onuň hiç ýere ýeke gitmegini islemeýär. Magtym işdeşleri ýa-da dostlary bilen wagt geçirjek bolsa-da oňa zeýrenýär. Ony hem daşarda, hem sosial saýtlarda gizlin yzarlap, derňemäge başlaýar. Ýygy-ýygydan Magtyma yrs araýar. Şeýlelikde bularyň arasynda dawa-jenjel köpelip, ahyry aýrylyşýarlar. Emma Bagty aýrylyşanlaryndan soň hem Magtymy gününe goýmaýar – sosial saýtlarynda ol barada ýaramaz zatlar ýazyp, şahsy suratlaryny paýlaşmaga başlaýar.

Seljerme:

► Söýgi gatnaşygynda bir tarapyň yzygiderli irizip durmagy hem erjeşmäniň bir görnüşi bolup, ol gatnaşygy zäherleýär. Gatnaşykda birek-biregiň şahsy ýerini eýelemeli däl.

► Talapkärçilik, gizlin yzarlamak, delilsiz irizmek ýaly heketleň üsti bilen ýoldaşyň şahsy ýerini basyp almak ýa-da ony islendik görnüşdäki azatlykdan mahrum etmek – bu adam hukugyny bozmaklyk hasaplanylýar we kanuna garşydyr.

► "Ýok" diýip bilmäni, "Ýok" diýlende kabul edip bilmäni we duýgularyna erk edip bilmäni her kim öwrenmeli.

JENNET BILEN MAKSAT

Jennet bilen Maksat mekdepde tanşypdylar. Maksat Jennetden 3 ýaş uludy we mekdebi öňürti tamamlap, Jennede garaşdy. Jennet okuwynyň soňky ýylynda daşary ýurda okuwa synaglaryny tabşyrdy we uniwersitete kabul edildi. Maksat ilkibaşda onuň gitmegine garşy çykdy, emma soňra ötünç sorap, Jennede nähili buýsanýandygyny we ony goldaýandygyny aýtdy. Jennet oňa öz ýanyna gaýwana okuwa girmegi teklip etdi. Şeýle etseler olar ýylda 4 gezek (Maksat 2 gezek okuwa baranda, Jennet 2 gezek jogaba gelende) görşüp biljekdiler. Maksat özüniň heniz 21, Jennediň bolsa 18 ýaşyndadygyny ýatladyp, "Biz entek ýaş, janymyz sagat, görjegimiz öňümizde. Ikimiz agzybir bolsak başarmajak zadymyz bolmaz" diýdi.

Seljerme:

► Islendik dawanyň açary – bu düşünişip gürleşmek we birek-biregiň islegine sarpa goýmakdyr.

► Gatnaşyk 5 ýyllap dowam etmedik ýagdaýynda hem ony parahatçylykly, birek-birege zyýansyz tamamlamak möhümdir.

► Eger gatnaşykda ýoldaşyňyz azar bermäni dowam etse we düzelmejegine gözüňiz ýetse, polisiýa habar etmek iň netijeli hereketdir.

ÇYKALGA:

Erjeşmäge, jynsyna garamazdan islendik adam ukyplydyr. Hiç bir ýagdaýda-da sizi hiç kimiň zorlamaga, kemsitmäge we ynjytmaga haky ýokdur. Mundan habarly bolup, sagdyn gatnaşyklary gurmak we saglygyny goramak her kimiň öz elindedir.

Awtor: Aýperi Suleýmanowa

  • 6965 gezek okalan