Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ATA-BABALARYMYZYŇ ÖWRETMEDIK ZATLARY BARADAKY BILIMI NÄHILI BOLMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (21 Ses)

Dünýaniň köp ýurtlarynda şeýle bir düzgün bar:

► Orta mekdep okuwçylaryna adam seksuallygy we önelgelik saglygy barada bilim bermeli;

► AIW (rus. WIÇ) we jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen ýaýraýan infeksiýalaryň öňüni almagy öwretmeli.

Eýsem adam seksuallygy, önelgelik saglygy, jynslaryň arasyndaky gatnaşyklar baradaky sapaklar we berilýän bilim nähili bolmaly? Sapaklaryň netijeli bolmagy üçin olary nädip alyp barmaly?

"Men mekdepde anatomiýa okadym-a. Boldy-da!"

Hemmetaraplaýyn adam seksuallygy baradaky bilim diňe anatomiýa we kontrasepsiýa (göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri) degişli maglumatlar bilen çäklenmeli däl. Hemmetaraplaýyn bilime adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ukyplary hem degişlidir. Bu sapaklarda okuwça adamyň seksual we önelgelik saglygy barada doly we dogry maglumatlar berilýär. Maglumatlar okuwçynyň ýaşyna görä düzülip hödürlenilýär. Meselem, Niderlandiýada şeýle gürrüňdeşlikler çaga 3-4 ýaşanda başlanylýar. Bu 4 ýaşly çaga "jynsy gatnaşygyň" akymy düşündirilýär diýmek däldir. Gürrüňdeşliklerde duýgularyňy beýan etmäge, söýgä, dostluga, garşy jynsa bolan garaýyşlara üns çekilýär. Gynansakda, ýerlikli bilim ýetmezçiligi sebäpli jemgyýetimizde köpler jynslaryň arasyndaky bilim diňe jynsy gatnaşyk barada diýip hasaplaýarlar.

Mekdepde berilýän maglumatlar, sapaklar ylmy, lukmançylyk jähtinden dogry bolup, aşakdakylary öz içine almalydyr:

♦  Jynsy taýdan erjeşme, jynsy zorluk, jynsy gaçakçylyk.

♦  Partnýorlaryň, söýýuşýän gyzyň, oglanyň arasynda ýüze çykyp biljek fiziki zorluk, ruhy we emosional zulum. Onuň alamatlary we çözgütleri.

♦  Adam seksuallygy we onuň çylşyrymlylygy.

♦  Jynslaryň deňligi.

♦  Gyz, oglan, zenanlyk, erkeklik barada giňden ýaýran emma nädogry düşünjeler.

♦  Sagdyn gatnaşyklar we psihologiýa: söýgi, dostluk.

♦  Gürrüňdeş bolmak medeniýeti.

♦  Jynsy gatnaşyklara "razyçylyk" bermek medeniýeti we kyn ýagdaýlarda (zorluk hüjüminde, gabanjaňlykda) çykalga tapyp bilmek.

♦  WIÇ-iň, jynsy gatnaşyklar arkaly ýaýraýan ýokanç keselleriň öňüni almak, barlagdan geçmek.

♦  Göwreliligiň öňüni almak, ene-ata bolmak.

♦  Abort barada ylmy maglumatlar.

Mekdebiňde şu mowzuklardan gürrüň açyldymy? Öwredildimi?

Bu mowzuga degişli başdan geçirenleriňi paýlaş!

Eger nädogry maglumatlar berlen hem bolsa okyjylar bilen paýlaş.

Ýaşlara jynsy gatnaşyklar barada maglumat bersek olar azarlar, köçä çykarlar, tertipsiz jynsy gatnaşyklara baş urarlar!

Halkara, ýurt derejesinde geçirilen barlaglaryň görkezmegine görä hemmetaraplaýyn bilim netijeli bolýar. Ýaşlaryň dogry maglumatlary almaklary tertipsiz jynsy gatnaşykara eltmeýär. Gaýtam, şeýle sapaklaryň geçirilmegi ir, tertipsiz jynsy gatnaşyklaryň öňüni alýar. Dürli ýurtlarda ýaş adamlara hödürlenýän şeýle programmalara syn birnäçe zady anyklaşdyrdy: maglumatlar (1) jynsy gatnaşyklara başlamaga itergi, esas bolanok, (2) ýaşlaryň jynsy gatnaşyklara başlaýan ýaşyny, çägini peseldenok, (3) jynsy gatnaşyklara baş goşýan ýaşlaryň sanyny artdyranok.

Terbiýede, sapaklarda "Şol zatlara (seksa) başlaýmagyn! Bu ahlaksyzlykdyr!" diýip çäklenmek netijesiz, nädogry we ýaş gyzyň, oglanyň saglygyna howp salýar.

Dünýä ýüzünde şeýle düşünjä (seks barada bilmek = ahlaksyzlyk) göra okuwlary alyp barýan mekdeplerde:

→ Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada nädogry, ýalan maglumat berilýar;

→ Abortyň gaýraüzülmeleri barada nädogry maglumat berilýar;

→ Dini ynançlar ylmy fakt hökmünde hödürlenýär;

→ Gyzlar, oglanlar barada esassyz, zyýanly stereotipler fakt hökmünde okadylýar.

Türkmen ene-atalary näme isleýärler?

Dünýä tejribesinde ene-atalara şeýle bilimiň ähmiýeti düşündirilenden soň: "Sen öz çagaň şeýle bilimi nireden alamgyny isleýärsiň? Köçeden, Interndetden, pornografiýadan, dost-ýarlaryndan, habarsyz uly adamlardanmy?" diýip soralanda ene-atalaryň aglaba bölegi mekdepde bu ugurdan ýörite taýýarlyk geçen, tejribeli mugallymlaryň, psihologlaryň bolmagyny isleýärler. Iň gyzykly ýeri hem, ene-atalar bu bilimiň ýeke "jynsy gatnaşyklardan saklanmaly" diýmek bilen çäklenmän, çagalary üçin hemmetaraplaýyn peýdaly bolmagyny isleýärler.

Gynansakda, biziň ýurdumyzda ene-atalara şeýle soragyň berilýändigi ýa berilmeýändigi barada hiç hili maglumat ýok.

"Sapagymyza lukman gelip leksiýa okap berdi"

Bilermenlere görä netijeli, täsirli bilim şeýle çemeleşmelerden düzülen bolmaly:

1. Çagalaryň, ýetginjekleriň ýaşyna, akyl düşünjesine göra işlenilip taýarlanylan maglumatlar.

2. Okuwçylar sapaklara özlerini arkaýyn duýup gatnaşmaly. Okuwçylary masgaralamaga, aýyplamaga, utandyrmaga çemeleşmek netijesiz we zyýanlydyr. Şeýle çemeleşmeler ýaş adamyň şahsyýet bolup ýetişmegine, jynslaryň deňligi baradaky düşünjelerine uly zarba urýar.

3. Ýaş adamlaryň, ýetginjekleriň, çagalaryň gönüden-göni gatnaşmagynda, olar bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlanan maglumatlar we sapaklar gecirilmeli.

4. Ýaşlara özleriniň maşgaladaky, ýaşaýan jemgyýetindäki gymmatlyklaryna düşünmäne, analiz etmäne pursat döredilmeli.

5. Ýaşlar söhbetdeş bolmagy, "ýok" diýip bilmegi, diskussiýa gurmagy öwrenmeli.

6. Sapaklarda durmuşda bolýan, durmuşdan alnan wakalara, ýagdaýlara esaslanan oýunlar ulanylmaly. 18-nji asyryň ahlak meseleleri galdyrylman, şu döwürde, ýaş adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary mysal alynmaly. Sapaklar interaktiw görnüşde geçirilmeli. Okuwçylaryň soraglaryna, gyzyklanmalaryna jogaplar gözlenilmeli.

Awtor: Maral Nazarowa

  • 1357 gezek okalan

Teswirler (5)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Belli

Biziň halkymyzyň jyns gatnaşygy hakyndaky düşünjeleri, umumy aýdanyňda ylmy babatda ilki durmuş jemgyýetinde gowakda ýaşan adamlaryň düşünjesinden idili dälä! Ýaşlaryň bolsa öz düşünişleri ýaly öz ugryna ýaşap ýörmekleri olary serim-sazak edýär.

 
  1. Silap

Okuwlary köçe gürrüňler äheňinde geçirmän, ylmy esaslary göz öňünde tutup geçirilse talaba laýyk bolardy. Durmuşyň her tarapyny arabaglanşyk bilen ýaşlaryň aňyna ýetirilse okuwlaryň uly üstünligi bolardy.

 
  1. Atsyz

Howa-da düşünmeýän adama ýürek gysgynç bolýarda. Näme bu çeper esermi? Meniň pikirimçe häzirki jemgyýetinizde durmuşyň talabyna laýyk, her düşünjeli ynsanyň bilmeli zatlary. Ýerlikli mowzugy gozgapsyňyz.

 
  1. Gyz adam

Shu kitaby achyp gorung. Sheyle bir yurek gysgynch. Kim shuny kabul etdika? Surat yok seks bilen gechyan keseller bolunminde prezerwatiw barada birje sozem yok, ahlakly bolmaly diyp yazylypdyr. Pes pes derejede, zyyany kan shevle pes derejedqki...

Shu kitaby achyp gorung. Sheyle bir yurek gysgynch. Kim shuny kabul etdika? Surat yok seks bilen gechyan keseller bolunminde prezerwatiw barada birje sozem yok, ahlakly bolmaly diyp yazylypdyr. Pes pes derejede, zyyany kan shevle pes derejedqki kitaplaryng.

Dowamy
 
  1. GARSAK

Turkmencilikde ayp gorulyan kabir yaslaryn bilmeli zatlary barada mekdep programmasynda owretseler yerlikli bolar mena goldayan

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location