Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAÇAKÇYLYGYŇ PIDASYNY ANYKLA WE KÖMEK ET

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (17 Ses)

Her bir adamyň gaçakçylyk hadysasynyň üstüni açmaga potensiýaly bardyr. Gaçakçylygyň pidalarynyň käwagt ýapyk gapylaryň aňyrsynda saklanýan bolmagy mümkin, emma olar köplenç biziň gözümiziň öňünde gizlenilýar. Meselem, gurluşyk meýdançalarynda, restoranlarda, dyrnak salonlarynda, ekerançylyk ýerlerinde, we otellerde. Gaçakçylyk etdirýänleriň haýbatlary (deport etdirmek, pida we onuň maşgalasyna zyýan bermek) şeýlebir güýçli welin, sen pidany anyklaýaňda-da onuň kömegiňi kabul etmekden gorkmagy ahmal. Adam gaçakçylygynyň alamatlaryny aňmak we pida dogry soraglar bilen ýüzlenmek saňa nädogry ýagdaýy kesgitlemäge we ony degişli ýerlere habar bermäge kömek eder.

Adam gaçakçylygynyň alamatlary

Bütinleý bil baglarlyk bolmasa-da, şular saňa mümkin bolan gaçakçylyk ýagdaýyny görkezip we seň kanuny hereket etmegiňe getirip biljek esasy gyzyl baýdaklardyr:

► Hojaýyny bilen bile ýaşaýar;

► Gözgyny ýaşaýyş şertleri;

► Darajyk ýerde bir topar adam ýaşaýar;

► Ýeke adam bilen gürleşip bilmezlik;

► Jogaplary öňünden taýýarlanylan ýa-da ýat tutulan ýaly eşdilýär;

► Işçiniň şahsy dokumentleri hojaýynda durýar;

► Fiziki zorlugyň alamatlary;

► Boýun egiji we gorkak;

► Aýlyk almaýar ýa-da juda az alýar;

► 18 ýaşdan aşakda we beden söwdasynda işleýär.

Berlip bilinjek soraglar

Pida bilen ikiçäk gürleşmäge mümkinçilik dörände, pidanyň howpsuzlygyny bozman (sebäbi hojaýyny mydama ony göz astynda saklaýar), ýokarky gyzyl baýdaklary tassyklamak üçin berlip bilinjek soraglar:

♦  Öz islegiň bilen işden çykyp bilýärmiň?

♦  Işiňe islän wagtyň gelip-gidip bilýärmiň?

♦  Işden çykjak bolanyň üçin ynjydylyp ýa haýbat atylyp gördüňmi?

♦  Maşgalaň gorkuzylyp gördümi?

♦  Hojaýynyň bilen ýaşaýarmyň?

♦  Nirede ýatyp-turýaň we nirede iýip-içýäň?

♦  Hojaýynyňa bergiň barmy?

♦  Pasportyň ýa ID kartyň barmy? Olar kimde durýar?

Nireden kömek soramaly

Egerde sen biriniň adam gaçakçylygyna uçrandygyny anyklasaň haýal etmän kanun goraýjylara duýdur. Gaçakçyny özüň halas etmäge synanyşmak howply bolup biler. Sen gaçakçynyň hojaýynynyň seniň we gaçakçynyň garşysyna nähili hereket edip biljegini hiç bilmersiň.

Türkmenistan "Adam gaçakçylygyna garşy çäreleriň milli planyny" berjaý etmegini dowam etdirip, 2016-njy ýylyň oktýabrynda adam gaçakçylygyna garşy kanuny kabul etdi. Şeýle-de, ýurduň Jenaýat kodeksine adam gaçakçylygyny jenaýat diýip kesgitleýän madda goşuldy. International Organization for Migration, Turkmenistan, (Halkara Migrasiýa Guramasy), adam gaçakçylygyna garşy iş alyp barýan halkara guramasynyň saýtlarynda türkmen dilinde maglumatlar ýok. Rus dilinde şeýle hotlaýnyň bardygy saýtda bellenilýär: +(993 12) 463514, +(993 422) 32229

Maslhatlar

Iňlis dilinden terjime eden: Şöhle Mämmedowa

  • 3233 gezek okalan