Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN BIR MAŇLAÝY GARA-LA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (19 Ses)

Jigim 2-3 ýyl mundan ozal iňlis dili kursuna gatnap başlady. Özem şeýle höwesekdi. 1-nji kursdan geçip bilmän täzeden okady. Ikinji gezek zordan geçdi. 2-nji kursy ýarysynda goýbolsun etdi. Nämemiş, näçe okasa-da kellesine girenokmyş. Höwesi bar, emma dil öwrenmäge ukyby ýokmuş. Biz oňa näçe islese goldaw bermäge taýýar, emma onuň iňlis dilini gowy öwrenip biljegine ynamy ýok.

Öwrenilen ejizlik näme?

Öwrenilen ejizlik (learned helplessness) – bu adamda birnäçe şowsuzlykdan ýa-da oňa başgalaryň ynamsyzlygyndan soň döreýän umytsyzlykdyr. Munuň üstüni açan alym M. Seligmanyň aýtmagyna görä, adam islendik zatda yzly-yzyna şowsuzlyga uçrandan soňra şowlulyga we işleriniň netijesiniň özüne bagly bolup biljegine ynamyny doly ýitirse ol ejizlemegi öwrenýär. Bu bolsa uzagyndan depressiýa ýaly uly näsaglyklara ýol açýar.

Türkmen jemgyýetinde bu ýagdaýa düşen dürli ýaşdaky adamlara her gün duşmak bolýar. Hakykata öwrüp boljak arzuw-islegleri bolup, olary durmuşa geçimäge özüni ejiz saýýan her bir kişi muňa mysal bolup biler. Şeýle kişiler öz ýagdaýlaryna düşünmän, ony "günüňe şükür etmek", "takdyra kaýyl bolmak" ýaly düşünjeler bilenem çalyşagan bolýarlar.

Daýhan: Köpräk ýer almaga synanyşdym köpräk ekin ekip bilerim ýaly. Hiç başa barmady. Bolanjamyz bilen oňubereris-dä.

Garawul: Jaýymy oňardasym gelýär, ýöne aýlygym ýetenok. Işimem ulaltjaga meňzänoklar. Başga iş tapmagam kyn. Men ýala kim gowuja iş bersin.

Öý hojalykçy zenan: Menem goňşym ýaly tikinçilik öwrenip, öz sowalgamy özüm gazanasym geldi. 1 ýyl gatnadym, hiç elim öwrenişmedi. Gynansamam, men tikinçilik üçin ýaradylmandyryn.

Okuwçy: Okasym gelýärem welin, ýokary okuw jaýyna synanyşanyma degmez. Han-ha, pylanyň oglam zehinli bolubam 3 ýyl synanyşyp geçip bilmedi. Meň dagy ýüzümede seretmezler.

Çaga: Passiw. Köp kişiden çekinýär. Beýleki çagalara köp özüni oýnadýar. Özi edeninden beýlekileri yzarlanyny gowy görýär. Ownujak zatlardanam baş alyp çykarmany başarmaýar.

Öwrenilen ejizlikden ejir çekýän adamlar, köplenç, daşlaryndan göräýmäge adaty görünselerem bu ýagdaý olaryň diňe bir öz durmuşyna däl, töwregindäkileriňkäde uly täsir edýär. Meselem öwrenilen ejizlikli ene-ata bu näsazlygy çagalaryna geçirip bilýär.

Öwrenilen ejizligi has uly hassalyklara ýazýança ünsden sowman, ony anyklan badyňa bejermegiň ugruna çykmaly. Kähalatlarda psihiatr lukmanyň kömegini talap etse-de, köplenç aşakdaky ýollar arkaly öz-özüňi ýa-da ýakynyňy öwrenilen ejizlikden çykaryp bolýar.

Seň üstünligiň seň eliňde: Öwrenilen ejizligiň esasy sebäpkäri beýnidir. Edýän işleriň netijesiniň seniň eliňde däldigine beýniň seni ynandyryp, höwesiňi peseldýär. Mundan saplanmak üçin bolsa ilkinji ätmeli ädim beýniňi türgenleşdirmekdir. Optimist pikir etmeli. Özüňe bagly her bir işiň netijesiniň hem özüňe baglydygyna ynanmaly. Öz başarjaňlygyňa bolan erkiň öz eliňdedigine ynanmaly.

Ýalňyşlyklara gol aç: Edison ýagtylyk lampasyny oýlap tapmak üçin 1000 gezek şowsuzlyga uçraýar, emma ol muny "1000 şowsuzlyk" däl-de "lampany tapmaga alyp baran 1000 basgançak" diýip atlandyrýar. Harry Potteriň ýazyjysy Rowlingiň kitaplary meşhur bolmazyndan öňürti 10 sany çaphana tarapyndan ýüz dönderilýär. Şowsuzlyklar üstünligiň esasy basgançaklarydyr. Olardan gorkman, olara döş germeli. Olardan sapak alyp, indiki synanyşyklaryňa has dogumly ýapyşmaly.

Ähedem-dessem: Maksatlaryň nähili uly görünse-de olary kiçi böleklere bölüp etmäni öwren. Meselem, puluňy köpeldesiň gelýän bolsa wezipäň beýgeldilmegine garaşman daşyndanam az mukdarda-da bolsa pul gazandyrjak işleri et. Eger isleýän işleriňi başarmaýan bolsaň ilki öwren. Şol bir wagtda hem işiňde özüňi aldyrmaga çalyş. Ýa horlanmak isleýän bolsaň ilki başdan her gün 1 sagat maşk edip, bedeniňi zorlajak bolman, 10 ýa 20 minutlyk maşklardan başlap günsaýyn köpelt.

Gatnaşýanlaryňy dogry saýla: Sen 80% iň köp gatnaşýan 5 adamyňdan düzülensiň. Negatiw düşünjeli, köp zeýrenýän we ýalta adamlardan uzak durup, gaýratly we positiw adamlar bilen köp wagt geçiriberseň munuň durmuşyňa nähili gowy täsir edýändigine düşünersiň.

Öwrenilen ejizlik her bir işde her bir kişiň başyna gelip bilýär. Emma ýokardaky maslahatlary diňe ondan saplanmak üçin däl, eýsem ondan goranmak üçin hem her bir adam durmuşynyň esasy bölegine öwürmeli.

Makalanyň awtory: Ýusup Begliýew

Ulanylan WEB çeşme

  • 3147 gezek okalan