Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMEN JEMGYÝETI WE KÖPAÝALLYLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

Şu hepde Gyrgyzystanyň ozalky Müftisi Çubak ajy Jalilow ikinji aýalynyň bardygyny aýan edip, birnäçe mahaldan soň aýdanlaryny ret etdi. Gyrgyzystanda ikaýallylyk we köpaýallylyk jenaýat hasaplanýar we gadagan edilen.

Müftiniň çykyşy Gyrgyzystanyň graždan jemgyýetinde güýçli seslenme döretdi. Graždan aktiwistler, raýatlar, guramalar bu çykyşa närazylyk bildirdiler. Gyrgyzystanyň zenanlar forumy Kurak Prezidente we bütin halka ýüzlenip ýazan hatynda köpaýallylygyň Gyrgyzystanyň jemgyýetine ýetirip biljek oňaýsyz we zyýanly täsirini anyk faktlar bilen delillendirdi.

Demokratiya we Graždan jemgyýeti üçin Gyrgyz koalisiýasy halkyň garaýşyny bilmek maksady bilen sesberlişik geçirdi. Sesberlişigiň netijesinde ilatyň 67.5% kanuna köpaýallylygyň girizilmegine garşy çykýandygy aýan boldy. Gatnaşanlaryň diňe 21.7% teklibi goldap jogap beripdirler. Teklibi goldaýan toparyň üçden bir bölegi gyzlarynyň, uýalarynyň, özleriniň bir adamyň ikinjisi ýa-da üçünjisi bolmaga garşydyklaryny aýdypdyrlar.

Ýurdumyzda şeýle sesberlişikler arkaly ilatyň pikirini bilmek, öwrenmek bize entek nesip edenok. Menem Türkmenistanlylaryň uly bölegi kanunlaşdyrylan we durmuşymyzda ýuwaşlyk bilen alnyp barylýan köpaýallylyga garşy çykar we çykýar diýip umyt edýärin. Il arasynda häli-şindi "biriniň ikinjisi bar" diýip eşitmek ýa-da biriniň ikinjisi bolmak mümkinçiligini gözleýänlere duşmak bolýar. Jemgyýetimiziň konserwatiw garaýyşly böleginde hem "kanuny ýagdaýda köpaýallylyk girizilse gowy boljak" diýen pikirler bar. Sosial ulgamlarda ýaşlaryň arasynda şeýle garaýyşlary okap, eşidip bolýar. Köpaýallylygy goldaýan toparyň munuň jemgyýete edip biljek zyýanyndan habarlydygy ýa bihabardygy bolsa näbelli. Ýöne, käbir sebäpleriň arasynda "Jemgyýetimizde aýal-gyzlaryň ykdysady ýagdaýyny gowunlandyrmak üçin ýa-da ten sowdasyny edýän aýal-gyzlarymyzyň sanyny azatlamak üçin köpaýallylyk girizilse netijeli bolar" diýýänlerimiz bar. Köpaýallylyga rugsat berýän ýurtlaryň tejribeleriniň görkezişi ýaly, köpaýallylyk jemgyýetdäki ykdysady we sosial meseleleriň uzak möhletleýin we ygtybarly çözgüdi bolup bilmeýär.

Hawa, şu döwürde gyzlarymyzyň uly topary 16 ýaşdan geçdigi (ýa-da ondanam irräk) diňe durmuşa çykmagyň aladasy bilen ýaşaýana meňzeýär. Gyzlarymyz durmuşa ortaça 24 ýaşda çykýan hem bolsalar, bu arzuw olarda orta mekdebi gutaran batlaryna möwç alyp başlaýar. Şu ýagdaýy biz jemgyýet bolup öwrenmeli, netije çykarmaly, çözgüt gözlemeli. Näme üçin gyzlarymyzda okamak, gyzykly kär edinmek islegi şeýle gowşak bolýar? Esasy sebäpleriň arasynda terbiýämiziň üns merkezinde gyzlara diňe ene, öý hojalykçy bolmany ündemegimiz bolup durýar. Biz il arasynda göreldeli, kärini söýýän, uly üstünlikler gazanan aýal-gyzlarymyz barada kän bilmeýäris we eşitmeýäris. Ene-atalaryň gyzjagazlara "sen ulalyp, kär edinersiň" diýýänini känbir eşidip bolmaýar.

Jemgyýetimizdäki "oglan maşgala eklemek üçin kär edinmeli, gyz bolsa durmuşa çykar we adamsy eklär" diýen ýaly düşünjeler gyzlarymyzy ruhy sowatsyzlygy, ruhy garyplaşmagy saýlamana iterýär. Netijede olaryň uly bölegi fiziki görküň guly bolup ýaşamany öwrenýär. Durmuşyň ähli gyzygy, maksady – durmuşa çykmakda jemlenýär.

Bilim alyp, gyzykly kär edinen, durmuşda öz orunlaryny tapan gyzlaryň arasynda biriniň 2-nji, 3-nji aýaly bolmagy isleýänler az bolýar diýip pikir edýärin. Durmuş ajaýyp! Oka, öwren, kär edin, gyzykly iş tap! Durmuşa ondan soň çyksaň hem bolar. Meň pikirimçe, mekdeplerimizde we maşgalalarymyzda döwrebap jynsy terbiýesi girizilse, jynslaryň deňligi barada ündeýänlerimiz we hereketlerimiz deň gelip başlasa, tenini satýanymyzam, biriniň ikinjisi boljak bolýanymyzym azalardy.

Awtor: Maral Nazarowa

  • 3357 gezek okalan