Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
NAHARLANMA MEDENIÝETIMIZ: SEMIZ DOÝA-GANA IÝMITLENMEÝÄN ILAT
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba-hojalyk programmasynyň (FAO) geçen ýylyň 4-nji dekabrynda ýaýradan täze hasabatynda Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ilatyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy aýdylýar. Bu görkeziji Täjigistanda 2,6 million adama ýa-da ilatyň 30,1%-ne, Özbegistanda 1,9 million adama ýa-da ilatyň 6,3%-ne, Gyrgyzystanda 0,4 million adama ýa-da ilatyň 6,4%-ne barabardyr.
Ilki bilen, şu hasabat üçin statistiki görkezijileri halkara guramasyna aýan eden döwlet edaralaryna sagbolsun aýdasym gelýär. Statistika esaslanyp alnyp barylýan özara pikir alyşma jemgyýetimiziň konstruktiw çözgütleri tapmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Indi bolsa sanlar barada. Türkmenistanda doýar-doýmaz naharlanýan 0,3 million ilatyň ýa-da 5,5%-iň içine kimler girýärkä? Şu sanyň haýsy bölekleri çagalar, ýaş gelin-gyzlar, garry adamlar bolup durýarka? Şulary bilmek wajypdyr. Halkara guramalaryň bellemegine görä, çaga dogurýan ýaşdaky aýal-gyzlaryň nädogry, doýar-doýmaz iýmitlenmegi olarda ganazlygyň döremegine getirip bilýär. Ganazlylyk sagdyn nesil öndürmekde uly kynçylyk döredýär. BSGG-niň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda çaga dogurýan ýaşdaky gelin-gyzlaryň 32%-i ganazlykdan ejir çekýär. Tejribeli lukmanlar bilen söhbetdeş bolanyňda olar bu san barada şübhelenip, hakyky sanyň 50% bolmagynyň ahmaldygyny belleýärler.
Ilatyň azyk howpsuzlygy örän wajyp zat. Ýöne adam diňe çörek, kartoşka bilen sagdyn bolmaýar. Günsaýyn azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy, mikroelementli gök-önümleriň elýeter bolmazlygy ilatyň saglygyna ikuçsyz ýaramaz täsir ýetirýär. Bedende mikroelementleriň ýetmezçiligi (demir, ýod, magniý, witamin A, foliý turşulygy, sink) adamyň saglygyna zarba urýar.
Indiki bilinmeli statistiki görkeziji – bu jemgyýetimizdäki garyplyk derejesi bolup durýar. Ilatyň umumy sanynyň näçe %-ni garyp diýip hasap edip bolar? Ilatyň doýar-doýmaz iýmitlenýän böleginiň maddy taýdan garyp bolmagyny çaklap bolar. Ýöne synçylaryň türkmen maşgalalarynyň ähli gazananyny uly toýlary geçirmäge, "elitka" jaýlary alyp, bergilerini bermäge harçlaýandygy we netijede maşgalada dogry naharlanmanyň soňky orunlara geçýändigi baradaky düşündirişlerini hem nazara alman bolmaýar.
IFRPI guramasynyň berýän maglumatynda Türkmenistanyň aýal maşgala ilatynyň 55,7% semiz bolup, olardan 23,1%-niň aşa semizdigi, erkek adamlaryň 54,6%-niň semiz bolup, olardan 17,1%-niň aşa semizdigi görkezilýar. BSGG-niň berýän maglumatyna görä, ilatyň 10% diabet keselinden ejir çekýär. Bu sanyň has uly bolmagy hem ahmal. Meniň pikirimçe, şeýle ýagdaýlar we sanlar türkmenleriň iýmitlenmek we hereket etmek medeniýetiniň aýratynlyklary babatda birnäçe çaklamalaryň döremegine ýol açýar. Meselem, bu sanlar ilatyň sagdyn iýmit baradaky düşünjesiniň pesliginden habar berýär. Biziň iýmitimizde ýagly, hamyrly naharlar agdyklyk edýär. Peýdaly mikroelementlere, witaminlere baý bolan däneli, kösükli önümler bolsa ýetmezçilik edýär. Mundan başga-da, biz köplenç tygşytlamak maksady bilen hile däl-de mukdara kowalaşýarys.
Doýa-gana iýmitlenmeýän adamlaryň bolmagy we şol bir wagda jemgyýetde mikroelementleriň ýetmezçiliginden ejir çekýän hem-de nädogry iýmitlenýän semiz adamlaryň, çagalaryň bolmagy ilatyň saglygyna degişli uly meseleleriň biri bolup durýar. Meselem, hasabatda çagalarymyzyň 28%-nde, uly adamlaryň 31%-nde witamin A ýetmezçiliginiň, uly adamlaryň 24%-nde zink ýetmezçiliginiň bardygy bellenilýär.
Sanlar oýlanyşykly herekete çagyrýar.
Awtor: Şeker Annaýewa
- 4689 gezek okalan