Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BAGT ÝANÝOLDAŞYŇ MILLETINE BAGLYMYKA?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

milletara nikaEnem pahyr maňa diýýärdi: "Aýgüljan, men ýaşaýakam-a rugsat bermerin, ýöne ölenimden soňam görümde öwrülerin! Daşary ýurtla baraýmagyn!"

Men daşary ýurtlarda bilim alamsoň, pikir edişim, geýnişim, gep-gürrüňim üýtgeşik bolansoň enemjan çekinýärdi. Meniň bolsa daşary ýurtla barmak niýetim ýokdy. Öz ýurdumy, milletimi, däp-dessurlarymyzy gaty söýýärin. Nirä gitsem gideýin, Watanymy küýsäp yzyma gelýärdim. Ýöne maňlaý diýlen zat bar eken. Asyl daşary ýurtla barjagymy enem bilen ekeni.

Durmuş şeýle ajaýyp. Ol wagt gözüme kynçylyk diýip görnen zatlar soňunda durmuş ýoldaşymy tapmagyma ýol açdy. Men orta okuwy gutaryp ýokary okuw jaýynda okamak üçin stipendiýa gazandym, ýöne käbir sebäplerden okuwa gidip bilmedim. Gaty gynandym. Aglap-iňräp ýördüm. Etjek zadym ýokdy. Okuwa gidip bilmämsoň, iş gözläp başladym. Şäherimdäki birnäçe daşary ýurt firmalaryna rezumemi tabşyrdym. Iňlis, rus, türkmen dillerini we ofis programmalaryny bilýändigim üçin bir türk firmasyna işe alyndym. Ýoldaşymam şol ýerde işleýärdi. Menden hem ýaşy, hem wezipesi uludy. Gaty agras we berk ýolbaşçydy. Men türkçe bilemokdym, şonuň üçin aramyzda salam-salamdan başga gep-gürrüň ýokdy. Ol firmada 3 aý işläp, okuwyma 2-nji semesterden başlamak üçin hem işden hem ýurtdan çykyp gitdim.

Her tomus kanikulynda ýene şol firmada işleýärdim. Türkçe öwrendim. Ýolbaşçym rusça we türkmençe öwrendi. Bir-birimize öwrenişdik. Meni kän güldürýärdi. Ikinji ýylyň tomsy maňa söýgüsini beýan etdi. Meniň bilen durmuş gurmak isleýändigini aýtdy. Men ondan beýle zada garaşamokdym. Beýle zatlar kellämede gelmezdi. Teklibine şert goşdy: "ýa teklibimi kabul edersiň ýa-da mundan beýläk görüşmäli", diýdi. Oňa durmuşa çykmaga razy boldum. Muňa henize çenli birjigem puşman etmedim.

Ol meň okuwy gutarmagyma garaşdy. Gutaranymdan 1 aý soň hem toý etdik. Toý edenimize ýakynda 10 ýyl bolýar. Durmuşymyzy hormat we söýgi esasynda gurduk. Ýoldaşym meni gözüm ýaşlyka güldürip bilýär. Elbetde, arasynda sögüşýärisem. Hernäçe "dinimiz bir, kökümiz bir" diýilse-de, türk we türkmen medeniýetleri tapawutly. Ýöne men pikrimi arkaýyn beýan edýärin. Erkin durmuş ýöredýärin. Iki sany gyzymyz bar. Ýoldaşym elmydama maňa goldaw berýär.

Geçen hepde ýadawdygymy görüp, ýoldaşym: "Çagalara men seredeýin, sen günüňi isleýşiň ýaly geçir", diýdi. Menem agşam teatra balet görmäge gitdim. Ol häli-şindi şuňa meňzeş ululy-kiçili hereketler bilen meni çakdanaşa bagtly edýär. Enemjanam bir gün meni bagyşlap, bagtyma şat bolar diýip umyt edýärin.

Awtor: Aýgül Meredowa

  • 3397 gezek okalan