Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KÖP GARAŞYLAN BILDIRIŞ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zenanlar birlesigi2018-nji ýylyň 8-nji martynda, Bütindünýä Zenanlar Gününe bagyşlap Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy bileleşip "Hany, Öňe Zenanlar" (HÖZ) programmasyny ýola goýarlar.

Programmanyň Baş Maksady: Türkmen gyz-gelinlerine, aýratyn hem maşgalasynda mümkinçilikleri we hukuklary çäklendirilenlere aýaga galmaga hem-de bilim, iş arzuwlaryny durmuşa geçirmäge goldaw bermek. Türkmenistanyň ösüp barýan döwletleriň hatarynda bolmagyna garamazdan, henizem ýurdumyzda müňlerçe gyzlardyr gelinler dürli sebäplere görä ýokary bilim alyp bilmeýärler, islän kärlerinde işläp bilmeýärler. Netijede olar eklenç we durmuş ukyplary babatynda erkeklere garaşly bolup galýarlar. HÖZ şol meseläni şänik döwen ýaly döwmäne we türkmen zenanlarynyň garaşsyzlygyny gazanmaga berk ymtylar.

Programmanyň hyzmatlary:

1. Dürli okuwlar. Bu hyzmat ähli welaýatlarda bolup, gyz-gelinleri ýöriteleşdirilen we dürli ugurly okuwlar bilen üpjün eder. Dalaşgärler tikimçilik, sürüjilik, biznes, telekeçilik, finans, bugalteriýa we başgada birnäçe ugurlar boýunça okuwlara gatnaşyp sertifikat almaga we onuň güýji bilen hem ýurduň islendik künjeginde şol ugurdan işlemäge mümkinçilik gazanarlar.

2. Konsultasiýa we goldaw. Ruhy we psihiki kesellere uçran zenanlara hödürlenjek bu hyzmat hem telefon üsti bilen hem ýüzbe-ýüz duşuşyklar görnüşde bolup, depressiýa, maşgaladaky we gatnaşyklaryndaky zorluk ýaly ýagdaýlardan ejir çekýän gyz-gelinlere "tiz kömek" bolup hyzmat eder.

3. Konferensiýalar. Bu interaktiw konferensiýalar ähli zenanlar üçin açyk bolup, welaýat merkezlerinde, oba ýerlerinde yzygiderli geçiriler. Onda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki zenanlar öz tejribelerinden hem-de bilimlerinden söz açyp, gatnaşyjylar bilen özüňi nädip ösdürmek, kynçylyklary nädip ýeňip geçmek ýaly meseleler barada pikir alyşarlar.

4. Çagalar bagy. Diňe paýtagda elýeterli bolman, welaýatlarda, oba ýerlerinde çaga ilatynyň sanyna görä çagalar baglary açylar. Çagalar baglaryň açylmagy, elýeter bolmagy eneleriň okamakda, zähmet çekmekde erkinligini artdyrar.

5. Maddy ýardam. Bu hyzmatdan maddy ýagdaýy sebäpli okuw we iş mümkinçilikleri çäklendirilen gyz-gelinler peýdalanyp bilerler. Bu ýardam programmanyň düýbüni tutujy guramalar, şahsy sponsorlar we donorlar tarapyndan üpjün ediler.

Biz bu programma gaýratly we garaşsyz, işine ussat we ady dünýä doljak türkmen zenanlarynyň sanyny sanalmaz derejelere ýetirer diýip ynanýarys. Siziň hem her biriňizi mundan peýdalanmaga we zenanlarymyzy has köp goldamaga, söýmäge, olaň isleg-arzuwlaryny sylamaga çagyrýarys.

Ine, meniň bu "8-nji mart arzuw hatym-a" şundan ybarat...

Biziň beýleki milletlerden nämämiz kem? Gazaklarda "Shymkent Women's Resource Center" barka; gyrgyzlarda "Forum of Women's NGO of Kyrgyzstan" barka; hindilerde "WEWIN" barka, bizde näme zenanlaň kuwwatlandyrylmagyna bagyşlanan ýekeje programma bolmaly dälmi? Öz elinde bolmadyk sebäplere görä ýokary bilim alyp bilmedik, islän kärini ele alyp bilmedik, arzuwlary hasyl bolmadyk zenanlardan her birimiz iň azyndan birnäçesini tanaýandyrys. Belkem olar käbirimiziň ejemiz uýamyz ýa jigimizdir. Belkem käbirimiziň özümiz şolaň hataryna girýändiris. Eger-de şol zenanlaň ählisiniň mümkinçiligi we erkinligi bolup, durmuşda islän derejelerine ýeten bolsadylar, olaryň maşgalalary has bagtly, has sagdyn bolmazmydy? Olaryň jemgyýetleri has ösen bolmazmydy?

Dünýäň iň öňdebaryjy döwletlerine göz aýlasaňyz olar hökman zenanlaryna erkekler bilen deň hukuk, deň ýardam, we deň üns berýändirler. Nobel baýragynyň iň ýaş eýesi, gyzlaň bilim almagynyň berk goldawçysy Malala hem: "Biz zenanlar öýde oturmaly diýen düşünjämizi üýtgetmeli. Olar daşaryk çykmaly we islän zatlaryny gazanmaly" diýýär.

Bütindünýä Zenanlar Güni gutly-mübärek bolsun! Ýurdumyzda zenanlaryň saglygy, üstünligi, garaşsyzlygy ugrunda edilýän aladalaryň sany we hili has hem ýokary bolsun. Olary hem hemmämiz agzybirlikde goldalyň.

Geljekde hiç bir türkmen çagasy ejesiniň ýa uýasynyň "Wah, arman..."-yny eşitmesin.

Läle Meredowa

  • 421 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location