Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAM – ÖMÜR DOWAMATYM

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

UNFPA mod turkmen family

ÝUNISEF-iň "Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr" atly bäsleşigine gatnaşyjynyň makalasyny hödürleýäris. Bäsleşik BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalýar.

Bäşleşigiň maksady – adamyň akyl taýdan ösmegine we sagdyn ýaşamagyna täsirini ýetirýän döwri bolan çaganyň doglan gününden başlap irki döwri baradaky düşünjäni halka ýetirmek işine žurnalistleri we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň goşandyny goşmagyny gazanmakdyr.

IlKINJI ARAGATNAŞYK: ENE-ATA, MAŞGALA WE ÇAGA

Garagözelek naşyja çaga gözümiziň guwanjy, ömür dowamatymyz. Kalby arassa ynsany kemala getirmek, kalbyna gowulyklary guýmak ene-atalaryň esasy borjudyr. Çaga ömrüniň ilkinji günlerinden başlap, özüniň mähir-muhabbete gurşalmagyna, aýratyn ünse mätäçdir. Ene-atanyň, çaganyň ýakynlarynyň onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy zerurdyr. Onuň ilkinji aragatnaşykda bolýany mähriban ejesidir. Çagalara hüwdi aýdyp, olary uklatmak türkmen zenanynyň zandynda bardyr.

Bir ýaşyna ýetmedik çagany özünden uly doganlarynyň ulaltmagy onuň hereketleriniň, aň-düşünjesiniň ösmegine gowy täsir edýär. Çagalaryň edýän hereketleri sallançakda ýatan kiçijik balanyň ünsüni özüne çekýär. Gözleri bilen ulularyň oýnawaç oýnaýyşlaryny, biri-biri bilen gepleşişini synlap, şolara öýkünesi gelýär. Çaga sekiz aýdan bir ýaşa çenli dik durmagy, "ýörjen-ýörjen" bolmagy, ilkinji ädimlerini ätmegi başarýar. Oýnawaçlary şyňňyrdysyndan tanaýar, eline alyp, özbaşdak oýnap bilýär, ýakynlaryny seslerinden tanaýar.

"Dur", "ber", "al", "äkit" diýip, ýüzlenilýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmeklige ymtylýar. “Beýtmeli däl” diýilmegine düşünýär. Sözleri özüçe gaýtalasy gelýär, käbir sözleri bogna bölüp aýtmagy özleşdirýär. Özüne ýüzlenilýän seslere jogap beresi gelýär. Onuň ähli taraplaýyn işeňňir hereketleri çaganyň diňe bir aňynyň ösmegine däl, eýsem beden saglygyna-da täsirliligi ylmy taýdan subut edilendir.

Çagalaryň wagtly-wagtynda iýmitlenmegi, köpräk arassa howada bolmagy olaryň janynyň sag, ruhunyň belent, bedeniniň berk bolmagyna getirýär. Çaganyň dünýä inen ilkinji gününden ony daşky gurşaw bilen tanyşdyryp durmaly. Köpräk gezelenje çykarmaly, säher lowurdap dogýan Günüň şöhlesi, owadan güller, saýraýan guşlar – bu gözellikleri çaganyň kiçijik göwni susup almaga ukyply. Gözellikler çaganyň töweregini söýmegine gönezlik bolýar. Ene topraga, ata Watana, ynsanlara söýgüni, batyrlygy, mertligi çaganyň aňyna ilkinji günlerden guýmaly. Sebäbi çaga gaty synçy. Edep-ekram, zähmet terbiýesi başdan berlip başlansa, ata-ene üçin durmuşyň soňraky döwürlerinde kynçylyklar ýüze çykmaz.

UNFPA turkmen family

ÇAGA WE ENE SÜÝDI: Çaganyň dogry ösüşi ilkinji nobatda onuň ene süýdi bilen iýmitlenmegindedir. Ene süýdi mähir damjasydyr. Ene süýdi düzüminde ýokumly maddalary we fermentleri deňagramlylykda saklaýandygy, bedeni goramakda gerekli immunologiki maddalaryň bardygy bilen ajaýypdyr. Ene süýdüni emýän çagalar emeli süýtler bilen iýmitlenýän çagalara garanda 2,5 esse az keselleýärler. Ene süýdi ene bilen çaganyň birikmegine, mähirli gatnaşyklara, kämillige alyp barýar. Beýleki süýtler içgeçme, garyn agyry, örgün örme we başga keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Ene süýdi çagany ýokançlyklardan goraýan janly suwuklykdyr.

KITAP, ERTEKI, GOŞGY OKAP BERIŇ: Çagalara niýetlenen kitaplary okap bermek, olardaky suratlar bilen tanyşdyrmak hökmandyr. Erteki aýdyp bereniňde, olardaky gahrymanlary janlandyryp aýdyp berseň, çaganyň aňynda galgyç bolýar. Çagalar hakyndaky goşgulary hetjikläp okap berseň, çaga täsir edişi üýtgeşikdir.

GÜRRÜŇDEŞ BOLUŇ: Çagany emdirip otyrkaň, onuň bilen gürleşseň, lak atsaň, şähdi açylýar. Çaga bilen hemişe gürrüňdeş bolmaly, şeýle bolanda onuň basym dil çykarmagyna ýardam edýär. Çaganyň bogna bölüp, hetjikläp aýdýan sözlerini dogry gaýtalap, ony dogry sözlemäge gönükdirmeli. Çaganyň daşyna oýnawaçlary üýşürip, olaryň atlaryny aýdyp bermegini, sanawaçlarda sanlary öwretmegi unutmaly däl. Gaça bilen köpräk gürleşseň, ol ömrüniň dowamynda ähli syrlaryny ene-ata ynanar, alçak bolar.

ENE-ATALARA MASLAHAT: "Çaga eziz, edebi ondanam eziz". Gujagymyza Taňrynyň eçilip beren perzendini ene süýdi bilen gandyryp, akyl we beden taýdan saglykly, belent ruhy garaýyşly, döwrebap edip ýetişdirmek özümize bagly. Çaganyň häsiýetinde irki döwürde çykýan täsinliklere üns beriň, olary kämilleşdiriň. Çaga saglygy, terbiýesi, ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr.

Awtor: Ajaýyp Rejepowa

Suratlaryň çeşmesi: UNFPA Türkmenistan

  • 3481 gezek okalan