Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAŇA KITAP OKAŇDA ONUŇ AŇYNDA NÄME BOLUP GEÇÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

cagana kitap okanda"Eje, maňa Böwenjigi aýdyp beräý!"

Çaganyň şeýle haýyşyny bitirmäge gezek gelende, indi ene-atalar, terbiýeçiler ýa mugallymlar birnäçe ýollary ulanyp bilýärler. Sen ertekini suratly kitapdan okap berseňem bolýa, multfilmini açsaňam bolýa, ýa-da audiokitapdan (içindäkiler sesli ýazga geçirilen kitap) diňletseň hem bolup dur. Bu köp ene-atalara, terbiýeçilere ýeňillik döredýär, emma kitap okamagyň ähli görnüşleri çagaň aňyna deň täsir edýärmikä?

Men şu soraga jogap gözleýänler bilen ýakynda gabat gelen barlaglarymy paýlaşmak isleýärin.

 2018-nji ýylyň başynda Torontoly alymlar ýaş çagalaryň ertekini dürli görnüşlerde diňlänlerinde beýnilerinde bolup geçýän hereketleri öwrendiler. Gözleg işi toparynyň liderleriniň biri Dr. John Hutton çaga ertekini ýetirmegiň käbir görnüşlerini "has gyzgyn", käbirini "has sowuk", käbirini bolsa "kanagatlanarly" diýip atlandyrdy.

Alymlar 27 sany 4-5 ýaşly çagalary MRI (beýni hereketlerini surata düşüriji enjam) aşagynda oturtdylar we olara ertekileri dürli görnüşde diňledip, beýnileriniň 4 bölüminiň hereketlerini synladylar:

↪ Dil – dil bilen aýdylan zady kabul etmek we düşünmek;

↪ Görüş – gören zadyňa düşünmek

↪ Eşidiş – eşden zadyňy göz öňüne getirmek

↪ Gatnaşyk – bir zadyň saňa nähili derejede möhümdigine karar bermek.

Çaga Audiokitap Diňlände (örän sowuk)

Bu ýagdaýda çagalaryň beýnileriniň diňe dil bölümi atktiwleşýär, emma beýni umuman gowşak hereketde bolup galýar.

Çaga Multfilm Görende (örän yssy)

Multfilm görýän çaganyň beýnisiniň eşidiş we görüş bölümleri dartgynly hereketde bolýarlar. Emma beýleki bölümler gowşaklygyna galýar we beýniniň dürli bölümleri biri-biri bilen kän gatnaşyk etmeýär. Muny alymlar "Multfilmde ähli zat (şekiller, sesler, hereketler) çaga taýýar görnüşde ýetirilýär. Şonuň üçin çaga beýnisine multfilmiň diline düşünmekden başga edere işem galmaýar" diýip, düşündirýärler.

Çaga Suratly Audiokitap Diňlände (kanagatlanarly)

Haçanda çagalara suratly kitap görkezilip, onuň sesli ýazgysy diňledilende, olaryň beýnileriniň ähli bölümleri herekete girýär. Dil bölümi aýdylýan zada düşünmek bilen başagaý bolsa, eşidiş bölümi eşden zadyny göz öňüne getirmäge, görüş bölümi görýän suratlaryny bir-birine baglamaga ymtylýar. Şeýlelik bilen çaganyň bütin beýnisi aktiwleşýär.

Bulardan daşary, alymlar çaga audiokitap diňletmän, ene-atanyň özleriniň kitapdyr-erteki okap bermeginiň has gymmatlydygyny nygtadylar. Olaryň bellemegine görä, haçanda çaga ene-atalar kitap okap berende bu olaryň arasyndaky hem emosional hem fiziki baglanyşygy berkidýär. Ol "maňa suratlaň arasyndan pişijegi görkez" ýaly ýönekeý dialoga we çagaň ulular bilen dürli peýdaly gatnaşyklaryna ýol açýar.

Awtor: Jemal Meredowa

Ulanylan WEB Salgy

  • 2377 gezek okalan