Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ERKEK ADAMLAR ZORLUKDA AÝYPLANMAKDAN NÄDIP HÜŞGÄR BOLMALY?
Ol saňa seredip gülümsireýär, gözüni-gaşyny oýnadýar. Sen bolsa onuň ýüregini eýeländigiňe göz ýetirýärsiň we bir ädim ýakynlaşyp, onuň elinden tutmakçy bolýarsyň. Emma tutup-tutmankaň, gyz uly ili bilen gygyryp, ýüzüňe şarpyk çalyp goýberýär.
Nirede ýalňyşlyk goýberdiň?
Gyzlara düşünmek kyn: olar bir görseň-ä futbol janköýerindenem beter agressiw, bir görseňem ýüzleri mähirden doly, dünýäde gamy ýok bir şa gyzy ýaly mylaýym. Onsoň olaň senden nämä garaşýandygyny nädip biljek?
Ynha, siz uzak wagtdan bäri biri-biriňizi tanaýarsyňyz, biri-biriňiz bilen köp wagt geçirýärsiňiz we ikiňizem biri-biriňize bolan ýyly duýgularyňyzdan habarly. Emma, sen henizem onuň has ýakynlaşmak isleýändigini bilip bileňok. Ýa-da tersine, sen öz ýakymly hereketleriň (gujaklama, ogşama, sypalama) gyza ýaraýandygyna şübhelenmeýärsiň we olary ulaltmak isleýärsiň. Bu tijenme bolsa onuň gözýaş dökmegine getiýär.
Aşakdaky bellikleri saňa elmydama dogry hereket etmäge we hakyky "jenap" adyny gazanmaga kömek eder:
↪ Gyzy jynsy gatnaşyga itekleme. Hatda ol muny isleýändir öýtseňem, ony muňa güýç bilen çagyrjak bolma.
↪ Eger gyz "ýok" diýse, haýal etmän jynsy erjeşmeleriňi ýa-da oňa ýakynlaşjak bolmaňy goýbolsun et. Onuň näme diýjek bolanyny hiç haçan çaklap biljek bolma. Eger düşünmeseň gyzdan düşündirmegini haýyş et.
↪ Ýürege düşgünç bolma. Seniň oňa çakdan aşa mylakatly bolmagyňy ol howp hasaplap biler.
↪ Fiziki ýakynlaşmada söweş bolmaýar. Eger seniň söýgi gatnaşygynda esasy maksadyň diňe öz sözüňi gögertmek bolsa, onda sen jynsy erjeşmä pikir edişiňden hem has ýakyn barýarsyň. Jynsy gatnaşyk ýaryş däldir. Munda ýeňýän we ýeňilýän ýokdur we bolubam bilmez.
↪ Jynsy gatnaşyk seniň mylakatlylygyňa we duşuşyklarda sowan puluňa kompensansiýa bolmaly däl.
↪ Serhoş ýa bihuş gyz bilen jynsy gatnaşyk etme. Özüne gelensoň ol seni jynsy zorlukda günäkärläp biler. Munuň kanuny jogapkärçiligi bolsa seniň üstüňe atylar.
↪ Eger-de dostuň saňa öz söýgülisi bilen ýatmagy teklip etse, ony kabul etme. Gyzyň erki öz elindedir we ýatmaga razylyk bermäge ýa bermezlige diňe gyzyň haky bardyr.
Jynsy gatnaşykda bolmak seni hakyky erkek etmez. Emma gyzyň ýanynda özüňi düşünjeli we duýgur alyp barmak, onuň seniň ýanyňda özüni howpsuz duýmagyny gazanmak welin seni hakyky erkek edip biler. Şonuň üçinem, eger sen güýç ulanyp söýgiňi subut etmek ýa özüňi bet görkezmek dogry hereket diýip pikir edýän bolsaň, ýokarky bellikleri ýatda sakla. Şonda sen zorlukda aýyplanmakdan uzak bolarsyň. Çünki zorlukda aýyplanana diňe zyndan garaşýar, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik hem bolsa.
Terjime eden: Mamajan Öwezowa
- 6250 gezek okalan