Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMENISTANDA ABORT WE KONTRASEPSIÝA BARADA BIZ NÄME BILÝÄRIS?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

contraceptionAbort (çaga aýyrtmak). Men jemgyýetimizdäki bu agzalmagyndan çekinilýän mowzuk barada nädip gürrüňdeşlige başlajagym hakynda köp kelle döwdüm. Çünki, bu barada bizde hiç hili statistika ýok. Oňa derek diňe umman ýaly soňsuz duýgular we toslamadyr myş-myşlar bar. Köp halatlarda, adamlar aborty oýnalan we terk edilen "moral taýdan bozuk gyz" bilen baglanyşdyrýarlar. Abortuň köplenç maşgalany meýilleşdirmek sebäpli durmuşa çykan gelinler tarapyndan ulanylýandygyna bolsa az adamyň akly ýetýär. Geliň, ilki bilen sanlardan başlalyň.

Sanlar

Köp Görkezijiler Boýunça Klasterleýin Barlagy (MICS) Türkmenistanda 2015-2016 ýyllarda Türkmenistanyň Statistika Baradaky Döwlet Komiteti (Turkmenstat) tarapyndan geçirildi. Bu barlag bütindünýä MICS programmasynyň bir bölümi hökmünde alnyp barlyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Fondundan (UNICEF) tehniki goldaw aldy. Bu barlag Türkmenistan raýatlarynyň bilim, çaga terbiýelemek, maşgalany meýilleşdirmek we birnäçe beýleki mowzuklardan pikirlerini we tejribelerini öwrenmäge kömek etdi.

2015-2016-njy ýyllaryň MICS barlaglaryna görä, Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 50.2%-i kontrasepsiýadan peýdalanýar. Umuman alanyňda, zenanlar häzirkizaman kontrasepsiýa usullaryny ulanýarlar (44%-i ýatgynyň içine goýulýan spiral, 1.5%-i prezerwatiw). Jynsy gatnaşykdan belli wagtlarda daş durmak ýa-da jynsy gatnaşygy arasynda üzmek ýaly kontrasepsiýanyň däp bolup gelýän usullaryny barlaga gatnaşyjylaryň diňe 3.1%-iniň ulanýandyklary mälim boldy. Şol bir wagtda, zenanlaryň 12.1%-imi ulanylýan kontrasepsiýa usullaryndan kanagatlanmaýandyklaryny we maşgala meýilleşdirmede kontrasepsiýanyň zerurdygyny bellediler.

Gynansakda, Türkmenistanda abort barada hiç hili statistika ýok. Muňa garamazdan, siziň her biriňiz abort hakynda bilýän bolsaňyz gerek we onuň il arasynda gürrüňiniň az edilmeýändiginden hem habarlysyňyz.

Geliň, deňeşdirme hökmünde goňşy döwletleriň abort statistikasyna göz aýlap göreliň. Gazagystanyň Saglyk Ministrliginiň websaýty 15-19 ýaş aralygynda çaga dogurýan gyzlaryň sanynyň islenilmeýän derejede ýokarydygyny habar berýär. Her ýylda ortaça, 15-18 ýaşly gyzlaryň 1000 sanysyndan 4-5 sanysy abort etdirýär.

Halkara Statistika Komitetiniň görkezijilerine görä, 2017-nji ýylda Gyrgysyztanda takmynan 19.5 müň zenan abort etdiripdir. Ýurtlaryň ikisi hem, abort sanlarynyň aşa köplüginiň jemgyýetdäki maşgala meýilleşdirme kemçilikleri bilen baglanyşykly çuň meselelerden habar berýändigini tassyklaýarlar.

Bu statistikalardan birnäçe netije çykaryp bolar:

↺ Türkmenistanda, şol sanda beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde, islenilmedik göwrelilikden goranmak jogapkärçiligi zenanyň boýnuna goýulýar. "Kontrasepsiýadan diňe zenan bilimli bolmaly we aborta hem diňe zenan jogapkär" diýlen düşünje bar.

↺ MICS barlaglaryna görä zenanlaryň 49.8%-i hiç hili kontrasepsiýa ulanmaýan bolsa, munuň köp sanly aborta eltýändigini ýa-da, tersine, Türkmenistanyň ilat sanynyň ýokarlanmagyna getirýändigini aýtmak mümkin däldir.

↺ Halkyň köp böleginiň döwrebap kontrasepsiýa usullaryndan bihabar bolmagynyň birnäçe sebäbi bolup biler: 1) zenanlar köplenç kontrasepsiýa barada maslahat gözlemeýärler; 2) ýurtda köp dürli kontrasepsiýa usullary ýok ýa-da olara halkyň diňe az böleginiň ýagdaýy ýetýär.

↺ Maşgala gatnaşyklarynda maşgala meýilleşdirmesine kän ähmiýet berilmeýär. Ýyllaryň dowamynda, türkmen maşgalalarynda islenilýän çaga sany azalan hem bolsa, göwrelilikden goranmaýanlaryň sany ululygyna galýar. Zenanlaryň diňe 50%-i, ýetginjekleriň (10-15 ýaş) bolsa diňe 2%-i goranýar. Şu görkezijilerden ugur alsak, çaga dogurmaga ukyply zenanlaryň resmi nikada durýanlarynyň we durmaýanlarynyň arasynda abort etdirýänleriniň sany ýokarydyr diýip bileris.

↺ Netijede, kontrasepsiýa elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleleriň iň ulusy garaşylmadyk çagalardyr. Kontrasepsiýadan bilimiň pes bolmagy hem, onuň nädogry ulanylyşy bilen baglanyşykly birnäçe meseleleriň ýüze çykmagyna eltip bilýär. Meselem, biziň zenanlarymyzyň köpüsi spiraly wagtly-wagtynda barladyp durmany unudýarlar. Spiralyň möhleti 2-5 ýyl aralygynda bolýar, emma ony unudyp, möhleti geçen spirally gezip ýörýän zenanlar kän.

Biziň düşünjelerimiz

Meniň özüm 30 ýaşly gelin we eje. Men köplenç il içinde ýa joralarymyň arasynda spirally bolsa-da göwreli bolan gelinler, ýa-da tersine, spiralynyň bardygyny unudyp, oňa et örüp gidensoň ony operasiýa etdirip aýyrdan gelinler barada dürli wakalary eşidýärin. Gynansakda, Türkmenistanda adamlar göwrelilikden goranmagy halamaýarlar, esasanam durmuş guran gelinler we erkekler. Prezerwatiw geýmek, gormon gerdejiklerini wagtynda içmek, spiraly çalyşdyrmak we saglyk ýagdaýyňy barlatmak üçin ginekologa gitmek, jynsy gatnaşygy möhüm ýerinde üzmek ýa-da belli günlerde ondan saklanmak - kontrasepsiýanyň haýsy usulyny saýlap alsaňyz hem, bu zenanyň fiziki we psihiki saglygyna gönüden-göni täsir edýän maşgala durmuşynyň möhüm bölegidir.

Gynansakda, biziň zenanlarymyz aborty betbagtçylyk hasaplamaýarlar, esasanam durmuş guran bolsalar. "Biz-ä şu wagt çaga gerek däl. Gerek bolsa soň ýene ýasaýarys." Abort kontrasepsiýa usuly däldir. Abort iň soňky çykalgadyr.

Emma welin, biziň gelinlerimiz köplenç pes düşünjesi ýa pes maddy ýagdaýy ýa-da lukmandan gorkusy sebäpli kontrasepsiýa ulanmaga ýa-da lukman bilen maslahatlaşmaga derek abort etdirmegi saýlap alýarlar. Bizde maşgala gatnaşyklarynda şahsy maglumatlar il-günden ýaşryp saklanylansoň, gelinlerimiziň näçesiniň abort etdirip görendigini bilip bolmaýar. Belki her 2 gelinden biri ýa-da her 3 gelinden biri abort etdirip görendir. Zenanlaryň we olaryň ýoldaşlarynyň 50%-iniň göwrelilikden gorag serişdelerini ulanmaýandyklaryny göz öňüne tutsak, abortuň sany örän ýokarydyr diýip çaklap bileris.

Sen näme üçin bu zatlar barada oýlanmaly?

Öz gören-eşidenlerime salgylanyp aýtsam, ýurdumyzda maşgalany meýilleşdirmek adamlar üçin zerur zatlaryň hataryna girmeýär. Zenanyň saglygy onuň öz elinde bolup galýar, bu bolsa halkyň geljekdäki saglyk ýagdaýyny kesgitleýär. Kontrasepsiýa bilimi we onuň dogry ulanylyşy diňe islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin däl-de, jübütleriň biri-birine hormat goýmagy we biri-biriniň saglygy hakynda alada etmegi üçin hem örän möhümdir.

Türkmenistanda 95 sany Reproduktiw Saglyk Merkezleriniň bardygyny örän az adam bilýär. Ol ýerde ginekolog bilen maslahatlaşyp, bejergi hatyny alyp, kontrasepsiýa barada maslahatlaşyp, hatda mugt kontrasepsiýa usullaryny hem alyp bolýar. 2017-nji ýyldan bäri, mugt kontrasepsiýa usullary hökümet tarapyndan satyn alynýar we saglygy "gowşak" hökmünde hasapda duran zenanlara mugt berilýär. Reproduktiw saglyk bilen baglanyşykly kesellerden ejir çekýän ýa-da şol keseller bilen kesellemek ähtimallygy uly bolan zenanlara serişdeler mugt berilýär. Bu mümkinçiligiň netijesinde, girdejisi pes maşgalalar ýa garyp bolup hasaba durmagy ýa-da kontrasepsiýa üçin pul sowmagy saýlamaly bolýarlar.

Abortdan başga çykalga galmaýança garaşmaň. Geliň, bu barada birek-birek bilen açyk söhbet edip hem-de bilýän dillerimizde maglumat paýlaşyp başlalyň. Çünki, ýekeje dogruçyl gürrüňdeşligiň hem abortyň we onuň enäniň başyna getirýän trawmasynyň öňüni almakda güýji uludyr.

Makalada beýan edilýän pikirler redaksiýanyň garaýyşlary bilen deň gelmän biler.

Awtor: Aýperi Süleýmanowa

Rusçadan terjime edilen

  • 751 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location