Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN MAŇA NÄHILI SUW IÇÝÄNDIGIŇI AÝT, MEN SAŇA SAGDYNDYGYŇY ÝA-DA DÄLDIGIŇI AÝDAÝYN!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

suw hili

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasy bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiýa Merkezi ("MASEM", rusça "РЕЦЦА") "Türkmenistandaky ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiliniň monitoring (seljerme) ulgamynyň zerurlyklarynyň barlagyny" çap etdi.

Bu barlaglar MASEM bilen bilelikde, garaşsyz we sebitleýin bilermenler tarapyndan ýerine ýetirildi. Türkmenistan beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Ýewropa Bileleşigi we BMG-niň ÖM (Ösüş Maksatnamasy) bilen bilelikde MASEM-iň esaslandyryjylarynyň biri bolup durýar. Barlagyň maksady Türkmenistandaky ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek ulgamyna baha bermekden ybaratdyr. Bu barlagda Türkmenistanyň ýeriň üstündäki suwlarynyň esasy çeşmeleri, olar bilen bagly meseleler, ýurduň ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek ulgamynyň seljerilişi hem-de maslahatlar beýan edilýär. Gury ýer bölegindäki ýeriň üstündäki suwlar – bu akýan ýa-da ýeriň üstünde ýygnanýan suwlardyr: derýalar, suw howdanlary, köller, deňizler we beýleki ýaplar hem-de howuzlar.

Meniň pikirimçe, bu barlag tüýs wagtynda geçirildi, sebäbi biziň ýurdumyzda suw serişdelerinden peýdalanmak tölegli görnüşe geçirildi. Bu biziň ählimize, esasan hem biziň döwrümizde, suwuň çäkli serişde bolup durýandygy we/ýa-da ýokanç keselleriň çeşmesi bolup bilýändigi hakynda ýatladýar. Suw üçin töleg töläp başlanymyzdan soňra, ýurdumyzdaky suwlaryň umumy ýagdaýy, ýerli guramalaryň olaryň hiline nähili gözegçilik edýändigi hakynda bilmek bize möhüm dälmi? Resminama tutuşlygyna örän uly, ol jemi 48 sahypadan durýar. Şol sebäpli, siziň wagtyňyz çäkli bolsa, dessine 44-46-njy sahypalara seredip bilersiňiz. Ol ýerde netijeler we maslahatlar gysgaça beýan edilendir. Resminama rus dilinde berlip, onuň türkmen dilindäki nusgasy ýok. Ol çylşyrymly we resmi dilde ýazylandygy üçin, her bir ýaşaýjy üçin ýeterlik derejede düşnükli däl. Bu barlagdan paýlaşmak üçin peýdaly bolan maglumatlary saýlap almak üçin ony birnäçe gezek okamaly boldy. Şeýlelikde, men öz soraglaryma şeýle jogaplary tapdym:

1. Bizde suw ýeterlikmi?

Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň suw serişdelerini ýerlikli ulanmak we olary dolandyrmak boýunça meseleleri, esasan hem suwuň ýetmezçiliginiň ýoklugy bilen şertlendirilýär. Sebitde uly suw ätiýaçlyklary ýerleşýär. Emma düýpli meseleler suwaryşyň ekologiýa taýdan esaslandyrylmadyk usullarynyň, suw hojalygynyň ulgamlaryny dolandyrmagyň kämil däldigi we suw desgalarynyň hapalanmagy sebäpli ýüze çykýar. Ýurduň suw serişdeleri esasan hem oba hojalygynda suwaryş işleri üçin (80-90%) ulanylýar. Sah. 7.

2. Näme sebäpden suwuň hili peselýär?

Kollektor-drenaž ulgamlarynyň suwlaryny nädogry akdyrmagyň netijesinde suwuň hiliniň peselmegi agyz suw üpjünçiligi üçin derýalaryň suwuny ulanýan adamlaryň saglygyna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Sah. 7.

3. Türkmenistanyň suw serişdeleriniň umumy göwrümi nämeden ybarat?

Türkmenistanyň Döwlet Suw gaznasy:

↺ derýalary, suw howdanlary, kölleri, hojalykara kanallary we drenaž kollektorlaryny hem-de beýleki ýeriň üstündäki howuzlary we ýaplary;

↺ ýerasty suwlary;

↺ Türkmenistanyň döwlet serhediniň çäklerine girýän Hazar deňziniň bölegini öz içine alýar.

Türkmenistanyň suw serişdeleriniň umumy göwrümi bir ýylda 25 m3 = 25 mln litr diýlip hasaplanylýar. Ol Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek derýalaryndaky, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňitlerindäki ownuk suw çeşmelerinden hem-de ujypsyz möçberdäki ýerasty we kollektor-drenaž suwlaryndan emele gelýär. Ähli suw serişdeleriniň 88%-i Amyderýanyň paýyna düşýär. Sah. 12.

4. Biziň ýurdumyzda süýji suwlaryň hiline kim jogap berýär?

Suw serişdelerini hapalanmakdan we gurap gutarmakdan goramak işlerini Türkmenistanyň Oba we Suw Hojalygy ministrligi, Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky gidrometeorologiýa boýunça Milli komiteti, Türkmenistanyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem-de «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýerine ýetirýär. Sah. 13, 33.

Bu işi alyp barmak boýunça guramalaryň sany köp. Haýsy guramanyň nämä jogap berýänligini shema arkaly görkezmek has amatly bolardy.

5. Men ýaşaýjy hökmünde baryp, öz içýän suwumyň düzümini bilip bilerinmi?

Welaýatlaryň we degişli etraplaryň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary suw üpjünçiligi çeşmeleriniň mikrobiologiýa ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrýarlar. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaglarynyň maglumatlary gizlin bolup durýar. Olar diňe saglygy goraýyş we dolandyryş guramalarynyň gulluk maksatlary üçin ulanylýar. Sah. 34.

Barlagda agyz suwunyň hili boýunça hasabat görkezilmeýär, emma 24-39-njy sahypalardaky soraglar we jogaplar boýunça suwuň hiliniň nähili barlanýandygyna düşünmek bolar. Ýeriň üstündäki suwlaryň hiliniň görkezijileri (barlag geçirilýän görkezijileri) 25-27-nji sahypalarda görkezilendir.

6. Biziň ýurdumyzda ýeriň üstündäki suwlary hapalaýan çeşmeleri anyklamaga gönükdirilen barlaglar geçirildimi?

Ýok. Sah. 25.

7. Suwuň hiliniň haýsy görkezijileriniň barlagy enjamlaryň ýokdugy sebäpli ýerine ýetirilmeýär?

Agyr metallar kesgitlenilmeýär. Sah. 34.

Esasy transserhet akabalaryň monitoringi (seljermesi) geçirilmeýär: demir, fosfat, duzly ammiak, fosfor, kadmiý, nikel, hrom, sink, marganes, myşýak, alýuminiý, mis we ş.m. Sah. 26-27.

8. Soňky 5 ýylyň dowamynda ýeriň üstündäki suwlaryň hili hakynda maglumata näçe gezek talap bildirildi? Maglumat kim tarapyndan soraldy?

Halkara taslamalary tarapyndan soraldy. Sah. 37.

9. Ýurdymyzda suwy peýdalanmak üçin töleg girizilmezden öň, suwy ulanmagyň tölegli ýörelgesiniň netijeliliginiň barlagy we derňewi geçirildimi?

Bu soraga jogap tapylmady.

Netijede, meniň pikirimçe, wajyplyga eýe bolan iki sany maslahaty aýratyn belläp geçmek gerek:

Tölegli suw ulanyş ulgamyny girizmekde örän wajyp pursatlaryň biri habar bermek däl-de, höweslendirmek ýörelgesi bolmalydyr. Suw ulanyjy özüniň tygşytlan suw möçberi üçin hakyky puly alyp biler ýaly ulgamy girizmek zerurdyr. Şeýle ulgam suw ulanyjyny suwy tygşytlamaga iterer. Sah. 45.

Suw üpjünçiligi meselelerinde ilatyň ähli gatlaklarynda ekologiýa sowatlylygyny we düşünjesini ýokarlandyrmak. Sah. 44.

Tölegli suw ulanyşy girizmek – bu suwy tygşytlamak ugrunda ädilen ilkinji ädimdir. Emma eger-de ilata: gulluklaryň işgärlerine we suw ulanyjylara daşky gurşawy goramak jogapkärçiligi hakynda habar berilse we onuň bilimi artdyrylsa, bu biziň çäkli tebigy serişdelerimize has netijeli we oýlanyşykly çemeleşmegimize mümkinçilik berer.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Makala Rus dilinde

Makalanyň awtory we surat: Aýgül Narowa

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

  • 381 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location