Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGALARA JYNS AGZALARYNYŇ ATLARYNY ÖWRETME WAJYPLYGYNYŇ 5 SEBÄBI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.93 (14 Ses)

jyns agzalaryny owretmeÇagalara jyns agzalarynyň atlaryny öwretmegiň wajyplygy barada gürrüň açylanda köp ene-atalar dürli sebäpleri mysal edip garşy çykýarlar. Erkek jyns agzalary bolsun, aýal jyns agzalary bolsun – olar barada, hatda olaryň atlary barada hem bilmegiň geregi ýokmuş, ol sözler gelşiksiz. Onsoň çagalar bu sözleri her ýerde aýdyp gezseler neneň bolar? Hamana, il içinde, esasan hem paýyş sözler (olar bilen siz tanyşsyňyz) höküminde ulanylýan sözler gelşikli ýaly?!

Biziň çagalykdan bäri eşidýän "jüllüjek", "motdy", "orta" ýaly sözlerimiz, ulalanymyzdan soň has paýyşly, kemsidiji äheňe eýe bolup, bizde utanjaňlyk ýa-da tersine, gülki döredýär. Näme üçin biz başga beden agzalarymyzy açyk atlandyrmakdan utanmaýarys? Kelle, eller, aýaklar, ýanbaş, türre, gasyk, göbek... Adamynyň neslini dowam etdirmäge kömek berýän (diňe ol hem däl) agzalary dogry atlandyryp, olary "sylamak" bolsa bizde kynçylyk döredýär? "Ujyt", "jynshana", "wulwa", "ýatgy", "ýamz", "kinnik", "jynsy dodaklar" ýaly sözleri hatda uly adamlaryň köpüsi hem bilmeýär. Ulularyň pikiriçe, bu sözler bilen jynsy gatnaşyga degişli düşünjeleriň arabaglanşygy bolup, olary bilmezlik çagalaryň "päkligini" saklamaga kömek edýärmiş. Ýöne ulular "beden päkligi" bilen "sowatsyzlyk" düşünjesini çalyşýandygyny bilmelidirler.

Geliň çagalara jyns agzalarynyň dogry atlaryny öwretmegiň zerurlygy we bu maglumatlaryň olaryň saglygy üçin wajypdygy barada oýlanşalyň.

1. Jynsy sütemiň öňüni almak. Howpsuzlyk.

Jynsy agzalary dogry atlandyrmak çagany jynsy sütemden goraýar. "Baglanşyk nirede?" diýip soramagyňyz mümkin? Bu çagalara diňe bir bolan ahwalat barada doly gürrüň berilmegine kömek bermän, eýsem howply ýagdaýyň öňüni almaga hem ýardam berýär.

Çagalar bagynda işleýän şepagat uýasy bolan bir wakany aýdyp beripdi. Olarda terbiýelenýän gyzjagaz terbiýeçisine biriniň onuň kökesini dileýändigini aýdypdyr. Onuň aýdanlaryna ähmiýet bermedik terbiýeçi: "Köke ýa-da özüňde bar zat bolsa paýlaşmaly" diýip jogap beripdir. Soň görüp otursalar, jyns agzalaryny "kökejik" diýip atlandyrmaga öwredilen gyzjagaz goňşysy tarapdan jynsy süteme sezewar edilýän ekeni. Gyzjagaz öz içki howsalasyny we düşen ýagdaýyny düşündirmäge dogry sözi tapyp bilmändigi üçin şeýle süteme uzak wagt sezewar bolupdyr.

Şol sebäpden hem, ene-atalar çagalaryna kiçilikden howpsuzlyk düzgünleri barada gürrüň berip, jynsy agzalary görkezseler, olary dogry atlandyryp, başgalaryň olary görmäge we ellemäge hukuklarynyň ýoklugyny düşündirseler, gyzjagazlardyr oglanjyklar diňe bir duş bolup biljek sütemleriniň öňüni alman, eýsem ene-atasy bilen bu barada gürrüňdeşlik açyp, gerek bolanda kömek soramaga hukuk gazanarlar.

Geçirilen barlaglar seksual jenaýatçylaryň jynsy agzalary barada bilimli bolan çagalardan gaça durýandygyny görkezýär. Sebäbi bu çagalary aldap, diýeniňi etdirme çylşyrymly bolýandyr.

2. Öz bedeniňi kabul etmek, oňa düşünmek.

Jynsy, seksual terbiýe çagany şahsy arassaçylygyň (gigiýenanyň) esaslaryny öwretmekden başlanýar. Jynsy agzalaryň atlaryny aýtman, nädip gigiýeniki çäreleriniň yzygiderliligini gürrüň berip bolýarka? Belki-de şonuň üçin, ulularyň köpüsi jyns agzalarynyň gigiýenasynyň düzgünleri bilen içgin tanyş däldir? Ene-atalaryň hemmesi oglanjyga mylaýym suwda ilki ujydyň, soňra bolsa ýumurtgajygyň we ýamzyň ýuwulýandygyny aýdýalarmyka? Daşky jyns agzalary ýuwlanda mylaýym suw akymy bilen gasyk güberçeginden ýamza garşy akydylýandygyny, uly we kiçi jyns dodaklaryň arasyndaky nemiň gowy ýuwlup aýrylmalydygyny hemme gyzjagazlar bilýärmikä? Täret edilende artbujagy ýuwmagyň düzgünleri barada bolsa biziň çagalarymyzyň bilýäni az bolsa gerek.

Eger çaga 3-5 ýaşlarynda gigiýeniki çäreleri öwrenmek arkaly jynsy agzalarynyň atlary bilen tanyş bolsa, ol bu sözleri adaty we kadaly kabul etmäge ýykgyn bolar. Dogry atlaryň ýerine ýerliksiz at çalyşmalary ulanyp, biz çagada öz bedenine bolan nädogry garaýşy ýola goýýandygymyzy ýatdan çykarmaly däldiris.

3. Saglyk kynçylygyna dogry baha bermek.

Eger biziň bedenimizde ol barada sözlemä aňyrda dursun, dogry adyny aýtmakdan çekinilýän "utançly ýerler" bar hasaplanýan bolsa, elbetde, bu agzalaryň keselleri hem ünsden düşürilýändir. Eger ýene aýal maşgala göwrelilik, çaga dogrumy sebäpli ginekologa ýygy barmaga mejbur bolýan bolsa, erkek adamlary androlog lukmanynyň ýanyna ibermek uly bir mesele bolup durýandyr. 30 ýaşdan soň her üçünji, 45 ýaşdan soň her ikinji adamda babasyl (gemorroý) keseliniň duş gelýändigine garamazdan proktolog lukmanyna özwagtynda barmak barada gürrüň hem edilmeýär.

Çagalaryňyza jynsy agzalary barada dogry sözlemäge öwretseňiz, bu ulgamda kynçylyk dörände olar ony dogry häsiýetlendirip, agyrynyň bar ýerini dogry görkezip bilerler. Bu bolsa diňe bir keseli anyklama we bejermä kömek etmän, eýsem keselleriň öňüni almak medeniýetiniň döremegine hem kömek berip biler.

4. Jynsy gatnaşyklara, lezzet alma dogry garamak.

Çagalykda we ýetginjeklikde öž jynsy agzalaryna nädogry garama, seksuallygy basyp ýatyrmak synanşyklary aýdyň ýüze çykdygyça, şonça hem soňky durmuşynda jynsy ýanaşmadan, öpüşmelerden lezzet almak kynçylyklary çynlakaý ýüze çykýandyr.

... Meniň bilen sözleşip oturan Maýsanyň durmuşa çykanyna ýarym ýyl bolupdyr. Ol öz jynsy agzalaryny “hapa” hasaplaýar (enesiniň ynandyrmagyna görä), şonuň üçin jynsy gatnaşykda olara seretmeýär, olary ellemeýär, öz adamsyna hem rugsat bermeýär. Adamsy bilen jynsy ýanaşma diňe garaňkyda, belli bir ýagdaýda bolup geçýär. Maýsa adamsynyň onuň ýygralygyndan nägileligini aýdýar we çykalga gözleýär.

Biziň aglaba bölegimiz ýetginjek çagamyza oglanlarda ujydyň gönelip bilýändigi we dölüň dökülýändigi, masturbasiýa, kinnik barada hiç hili maglumat bermäge gaýrat tapyp bilmeýäris.

Çagalykdan we ýetginjeklikden dogry sözlemäne öwrenip we jynsy gatnaşyklar, seksuallyk barada gürrüňdeşlik açma tejribesini alan ýaşlar, jynsy gatnaşyklary başlanyndan soň öz ýoldaşy bilen bu barada açyk sözleşmäne (nämeler ýaraýar we nämeler ýaramaýar) hem-de bolup biljek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almaga mümkinçilik tapýarlar.

5. Özüňe ynamly bolmak, öz mertebäňi duýmak.

Eger çaga, ýetginjek jynsy agzalary, çaganyň emele gelşi, göwrelilik, dogrum, ulularyň aragatnaşygy baradaky soraglaryna özwagtynda sizden jogap almasa, onda maglumaty öz deň-duşlaryndan, uly ýaşly dost-joralaryndan, tanyşlaryndan ýa-da Internetden almaga çalşar. Öz jynsyna degişliligi başga ýollar bilen tassyklamaga, subut etmäge ymtylar. Netijede, biz ulular – ir başlanan jynsy gatnaşyklar, ir dörän islenilmedik göwrelilik, ýalaňaç bedeni görkezýän Internetde goýlan suratlar ýaly negatiw hadysalaryň şaýady bolmaly bolarys. Öz çagalarymyzyň seksuallygyny nazara alman we olary gyzyklandyrýan soraglary jogapsyz goýup, biz olary gerek bolmajak, zyýanly tejribelere iterýäris, soraglaryna jogaplary maşgaladan daşary, howply bolan ýerlerden gözlemäge mejbur edýäris.

Awtor: Selbi Myradowa

  • 3758 gezek okalan