Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÖZÜNE YNAMY BOLMADYK ADAMLARYŇ 9 ÝALŇYŞY
Özüňe ynamsyzlygyň esasynda adamyň badyny güýçli derejede gowşadýan we ony bagtly bolmakdan saklaýan dereksiz gorky ýatyr. Sen şu ýalňyşlyklary goýberip-goýbermeýändigiňi barlap gör. Eger goýberýän bolsaň, olardan nädip baş alyp çykmalydygyny öwren!
Psihologlar maslahatlarynda, galyberse-de, köpsanly adamlar gündelik gürrüňlerinde şu sözlemi köp ulanýarlar: “Bu özüňe ynamsyzlyk sebäpli bolýar, özüňe berýän bahaňy ösdür". Kämahal olar gürrüňdeşini diňlemek ýa-da olara meseläni çözmäge kömek etmek islemedik wagtlary bu sözlemi başdansowma ulanaýýarlar.
Her niçik-de bolsa, käbir adamlaryň şahsy meseleleriniň we durmuşda betbagtlygynyň sebäbi özlerine, özleriniň gadyr-gymmatyna, ukyplaryna bolan hemişelik şübheleridir.
Özüňe bolan ynamsyzlygyň esasynda gorky ýatyr. Köplenç ýagdaýda bu gorky düýbünden ähmiýetsiz bolsa-da, ol adamyň badyny juda gowşadýar. Netijede, adam hemişe özüne bagtly bolmaga, özünden we beýlekilerden hoşal bolmaga, arzuw etmäge we arzuwlaryny amala aşyrmaga päsgel berýän ýalňyşlyklary goýberýär.
Sen şu ýalňyşlyklary goýberip-goýbermeýändigiňi barlap gör. Eger goýberýän bolsaň, olardan nädip baş alyp çykmalydygyny öwren!
1. Adamlar özlerine bolan ynamsyzlyk sebäpli hiç bir işiň başyna baryp bilmeýärler
Hut şu sebäpli, olar durmuşda hakykatdan hem näme bilen meşgullanmak isleýändiklerini bilip bilmeýärler. Ony tapmagyň ýeketäk ýoly bolsa diňe synanyşmak, gözlegde bolmakdyr.
Synanyşýarsyň, öwrenýärsiň, netije çykarýarsyň we ähli zada gaýtadan başlaýarsyň- durmuş hem şundan ybaratdyr. Özüne ynamy bolmadyk adamlar täze başlangyçlardan gorkýarlar. Näçe şübhelendigiňçe, gowy durmuş gurmak şonça-da kynlaşýar.
2. Olar beýlekiler tarapyndan ýazgarylmakdan gorkup ýaşaýarlar
Adamyň özüne bolan ynamy näçe pes bolsa, şonça-da bu ynamsyzlyk onuň aňyna täsir edýär. Ol ynamsyzlygyň tussagyna öwrülýär-de, beýleki zatlara az wagt aýyrýar. Ol daş-töweregindäkiler tarapyndan ýetmezçilikleri üçin ýazgarylmakdan gorkup ýaşaýar.
Adamlaryň içki dünýäňi doly tanamaklaryndan gorkýandygyň üçin, olar bilen gatnaşyk saklamakdan hem gorkýarsyň. Başgalary ýazgarmak we tankyt etmek her adama mahsus häsiýet. Emma seniň esasy meseläň bu ýagdaýyň seni şeýle biynjalyk etmesidir. Kemçiliksiz adam ýokdur. Seniň bilen gatnaşmak isleýän adamlar kemçilikleriňe däl-de, gowy taraplaryňa seredýärler.
3. Olar, adatça, täze tanyşlyklardan gaçýarlar
Adamlar bilen aragatnaşyk etmek durmuşymyzyň iň möhüm bölegi. Gatnaşyklarymyz biziň beýleki adamlaryň durmuşyna täsir etmegimiz bilen bir hatarda öz durmuşymyza hem täsir edýär. Özüne ynamsyz adamyň hökman dostlary bardyr, emma onuň özi, adatça, gowy dost däldir. Ynamsyzlyk köp zatlardan gaça durmagyňa we dostlaryňdan çetleşmegiňe sebäp bolýar.
4. Olar üstünlige ýetip biljekdiklerine ynanmaýandyklary sebäpli, oňa ýetmek üçin göreşmeýärler
Zatlaryň zerurlygyny we gadyr-gymmatyny özümiz kesgitleýäris we öz durmuşymyzy özümiz saýlaýarys. Biz durmuşa näçe yhlasly çemeleşsek, ol şonça-da gyzykly we manyly bolýar. Beýleki tarapdan bolsa, biz durmuşymyz üçin näçe az zähmet çeksek, haýsydyr bir işi etmäge näçe az dyrjaşsak, öz hereketlerimiz üçin jogapkärçilikden näçe gaçmaga synanyşsak, durmuşymyzyň şonça hem manysy gaçýar.
5. Ynamsyzlyk adamyň durmuşda özi bolup ýaşamagyna päsgel berýär – olar beýleki adamlardan çetde durmany kem görmeýärler
Eger sen özüňe ynanmaýan bolsaň hem, köpçülige gatyşmaly däl diýlen zat ýok. Şu sebäpli jemgyýetde köp adam özlerini tebigy alyp barmaýarlar, içki dünýälerini, şahsy aýratynlyklaryny görkezmän, başga-başga adamlaryň roluny oýnap ýaşaýarlar. Öz kemçiliklerini, netijede, özlerini hem gizleýärler. "Hiniňde" gizlenip ýatma, daşary çyk. Çünki, hakyky durmuş daşarda başlanýar.
6. Olar hiç haçan özlerini tapmaýarlar
Adamlaryň köpüsi özlerini gowy tanamaýarlar, sebäbi olar özlerini öwrenmek, tanamak üçin ýeterlik wagt aýyrmaýarlar. Emma, özüňi tanamaklygyň ýeke-täk usuly ýaşamak we içiňde we daş-töweregiňde bolup geçýän zatlaryň ählisini synlamakdyr. Reaksiýaňa (ýagdaýlara jogap berşiňe) üns ber. Özüňe belli ýagdaýlarda nämäniň ýarap-ýaramaýandygyny bil. Dünýä barada bilimiňi artdyr we dünýäde öz ýeriňi tap.
7. Olar özleriniň ýakymly taraplaryny we taýsyzdyklaryny kabul etmeýärler
Her bir adamyň taýsyzdygy we ajaýypdygy hakykatdyr. Özüňi jahyl hasaplaýarsyňmy? Haýsy adama barmak uzadyp, "şu birkemsiz" diýip biljek? Hatda iň owadan we zehinli adamlaryň hem uly bolmasa-da, öz kemçilikleri bardyr. Emma olaryň käbiri kemçilikleriniň üstünde işläp, olary kämilleşdirmäni we artykmaçlyga öwürmäni başarýarlar.
8. Olar durmuşyň olara berip biljek ähli gowulyklaryny başdan geçirmek mümkinçiligini sypdyrýarlar
Ynamsyzlyk beýle adamlara durmuşdan dolulygyna lezzet almaga böwet bolýar. Olar kellelerinde negatiw pikirleri üýşürip, täze mümkinçilikleri sypdyrýarlar we az hereket edip, köp aladalanýarlar.
Durmuş saňa juda köp mümkinçilik berýär, saňa galýany bolsa şolardan peýdalanmakdyr. Saňa gündelik dünýä barada öwrenmek, kämilleşmek we şahsyýet hökmünde ösmek üçin ähli zat berlen. Durmuşy biderek geçirmeli däl!
9. Gatnaşyklarynda kämahal dogruçyl däldirler, bu bolsa olary şowsuzlyga iterýär
Iki adamyň özara gatnaşygy olaryň ikisiniň hem birek-birege dogruçyl bolmagyny talap edýär. Munuň üçin bolsa öz-özüňe dogruçyl çemeleşmegi öwrenmeli. Gatnaşyklarda ynamsyzlyk ýüze çykanda, gereksiz dartgynlylyk emele gelýär. Bir tarapdan, gatnaşyklar adama oňyn täsir edip, özüne bolan ynamsyzlygyna garşy göreşmäge kömek edip bilýär. Beýleki tarapdan bolsa, özüne ynamsyz tarap göreşmek islemese, onda ol şahsyýet hökmünde ösmekden boýun gaçyrýar. Onsoň, biraz wagt geçensoň, ýoldaşy oňa bolan gyzyklanmasyny ýitirse geň däldir.
Şu ýagdaýlar sende ýa-da dostlaryň birinde bolup geçýärmi? Onda näme etmeli?
Ynamsyzlykdan halas bolmagyň ýeke-täk subut edilen usuly: gorkýan zadyňy başdan geçirmäge özüňi mejbur etmeli.
Munuň üçin bolsa...
↣ Dürli ýagdaýlarda dürli adamlar bilen täze tanyşlyklar aç. Bu saňa diňe adamlar hakynda täze zatlar öwrenmäge kömek bermän, eýsem, öz pikirdeşleriňi, seňki bilen meňzeş gymmatlyklary we arzuwlary bolan adamlary tapmaga hem kömek berer.
↣ Her gezek özüň barada hakykaty aýt – seniň dogruçyllygyň köp adamyň göwnünden turar.
↣ Her aýda, iň bolmanda bir gezek, täze bir zat edip gör – daş bir ülkäniň aşhanasyndan täze bir tagam iýip gör; täze kurslara, meselem, skotçdan kebelejikleri ýasamany öwredýän kursa gatnap gör.
↣ Şowsuzlyklardan we ýalňyşlyklardan soňra netije çykar we hemme zady gaýtadan başla. Biz Edison baradaky wakany halaýarys. Ol elektrik lampasyny kämilleşdirmek üçin 10000 sany şowsuz barlaglary geçirdi. Sen hem ilkinji şowsuzlykdan soňra umydyňy ýitirme. Yhlasyň beren netijesinden hoşal bolýançaň dowam et.
Özüňe bolan ynamyňy artdyrmak ilkibaşda aňsat bolman biler, emma şowzulyklara gujak gerip, göreşmäni dowam etseň, öň göz öňüňe hem getirip bilmeýän üstünlikleriňe gürrüňsiz ýetersiň. Üstünlik hemraň bolsun!
Terjime eden: Patma Atabaýewa
- 3237 gezek okalan